,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň at çapyşygynyň güýzki möwsüminiň nobatdaky tapgyry Mary welaýatynda egsilmejek şatlyk – şowhuna beslendi. Mary atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşygyň nobatdaky tapgyrynda çapyşyklaryň bäşisi geçirilip, oňa Mary döwlet athanasynyň şeýle-de hojalyklarda, hususy kärhanalarda ösdürilip ýetişdirilen uçar ganatly bedewler gatnaşdylar. At çapyşygynyň her bir tapgyry bedew janköýerleriniň şatlyk şowhuny bilen garşylanyldy. Ikiýaşar atlaryň arasynda bir müň metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli, Garýagdyýewiň seýislän Tarlaň atly dor aty Sähedowyň çapyksuwarlyk etmeginde bu aralygy 1 minut 08,22 sekuntda geçmegi başardy. Täsirli geçen ikinji çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli, Garýagdyýewiň seýislän, Amannazarowyň çapyksuwarlyk eden Uçgyn atly ak ýal mele aty bellenen aralygy 1 minut 13,30 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Bir müň dört ýüz metr aralyga geçirilen üçünji çapyşyk hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Üçýaşar ýaşar atlaryň arasynda geçirlen bu çapyşykda Amandurdyýewiň seýislän, Habibowyň hojalygyna degişli, Maýa atly dor gysrak aty Amannazarowyň çapyksuwarlyk etmeginde 1 minut 41,18 sekunt wagt görkezip, pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy. At çapyşygyň dördünji tapgyrynda Şamyradowyň hojalygyna degişli, Amandurdyýewiň seýislän we Ýazberdiýewiň çapyksuwarlyk eden Garajaoglan atly gara aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Bu bedewiň görkezen wagty 1 minut 50,48 sekunda deň boldy. At çapyşygyň bäşinji tapgyry has hem gyzykly boldy. Bu çapyşykda Ýazberdiýewiň seýislän we Ýazberdiýewiň çapyksuwarlyk eden, Kemalowyň hojalygyna degişli Daragyt atly dor aty 1800 metr aralygy 2 minut 09,82 sekunt wagtda geçip, ýeňiji bolmagy başardy. At çapyşygynyň güýzki möwsüminiň nobatdaky çapyşygynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna sowgatlar gowşuryldy. Bu gezekki at çapyşygyna tomaşa eden welaýatyň bagtyýar raýatlary uçar ganatly bedewlerimiziň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta aýratyn üns berilýär. Döwletimiziň sport abraýy belent derejä göterilýär. Hut şu esasda ýurdumyzda sporta höwesek ýaşlaryň sany hem artýar. Golaýda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebinde 2011 — 2012-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda taekwon-do (ITF) boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Gyzykly geçen ýaryşa welaýatymyzdaky sport mekdepleriniň tälimçileri we türgenleri gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgeni Amanmyrat Aşyrow 1-nji, Mary etrabyndaky sport mekdebiniň türgenleri Daýanç Toýlyýew 2-nji, Daýanç Muhadow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Aýparça AKYMOWA.
Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän sport syýasaty ýeňişlere beslenip, onuň ähmiýeti halkymyzyň saglygyny berkitmekde hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagynda jemlenýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler bar. Guwançly ýeri bolsa, şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaş türgenleriň sanynyň ýylsaýyn artmagydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen sporty ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri ýokarda ýatlanymyza doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiziň sport babatda öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram bütin dünýäde goldaw tapyp, uly gyzyklanma döredýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara sport abraýy arşa çykýar. Şeýle bähbitli işlere goşantly bolmagyň ýörelgesine eýerýän sport mekdebimiziň tälimçileri türgenlere tälim bermekde ähli tagallalary edýärler. Mekdebimizde türgenleriň onlarçasynyň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaklaryna ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan ezber türgenlerimiz dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Aýratynam, erkin göreş boýunça türgenleşip, diňe bir etrap derejesindäki ýaryşlarda däl, eýsem, welaýatda birinjiligi almak ugrundaky bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýän türgenlerimiz biziň guwanjymyz. Olardan Kaýyl Baýramgeldiýew, Döwletgeldi Ahmedow, Kemal Kerimow, Ýunus Orazow welaýat derejesinde erkin göreş boýunça geçirilýän ýaryşlarda öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Şu günler türgenlerimiz öňde durýan has jogapkärli ýaryşlara ykjam taýýarlyk görýärler. Abdyresul NEPESOW.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny goramakda we berkitmekde tutumly işlere badalga berýär. Ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmek halkymyzyň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sporty ösdürmekdäki başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň sport syýasatynyň çärelerinde türkmen sportuny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi halkyň saglygyny goramakda we berkitmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Şol bir wagtda bu ulgamda ýetilýän belent sepgitler jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmakda-da gowy netijesini berýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi onuň ösüşiniň rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berýär. Türgenlerimiz dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda şowly çykyş edip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara sport abraýynyň täze belentliklere çykmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Sporty ösdürmekde Türkmenistan döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar we gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy bilen 3-nji iýun “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edildi. Şonuň ýaly-da, 2024-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi we resminama Milletler Bileleşigine agza döwletler tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Muhammettöre ATAKOW.
Ýakynda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebinde hapkido boýunça welaýatyň açyk birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa welaýatymyzyň, Aşgabat şäheriniň we Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň türgenleri gatnaşdylar. Ýaryş, diýseň, çekeleşikli geçdi. Ýaryşda türgenler dürli agram derejesinde öz aralarynda ýaryşyp, ýaş aýratynlygyna görä ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň adalatly eminlik etmeginde ýeňiji bolan türgenler öňe saýlandylar. Ýaryşa gatnaşyjy türgenleriň 47-si 1-nji, ýene-de şonçasy 2-nji, 77-si bolsa 3-nji orunlara eýe bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan türgenlere welaýat hapkido söweş sungaty milli merkezi tarapyndan Hormat hatlary we medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gulmyrat GULOW.
Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmekde degerli işler alnyp barylýar. Indi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýan türgenleriň sany ýylsaýyn artýar. Sport mekdebimizde ýaşlaryň onlarçasy tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Aýratynam, ýeňil atletikaçylarymyzyň şowly çykyşlaryny ýatlamalydyrys. Golaýda Murgap etrabyndaky sport desgasynda ýeňil atletika boýunça welaýatda birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçirildi. Welaýat derejesinde guralan ýaryşa etraplardan we şäherlerden toparlaryň 7-si gatnaşdy. Örän çekeleşikli geçen toparlaýyn ýaryşda türgenlerimiz 3-nji orna mynasyp boldular. Şahsy ýaryşda türgenlerimiz üstünlikli çykyş etdiler. Ýeňil atletikaçylarymyz Serdar Perhadow, Pälwan Çarygeldiýew, Seýran Perhadow, Muhammet Röwşenow, Umyt Arslanow has tapawutlanmagy başardylar. Rahat AŞYROW.
Her bir güni beýik ösüşlere beslenýän gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri giň gerime eýe bolýar, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany gün geçdigiçe artýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda geçirilýän sport çäreleridir ýaryşlary halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça çäreler milli taglyma öwrüldi. Sport — bu ynsan durmuşynyň bezegidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli türgenleşmek adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onda erkinlik, zähmetsöýerlik, maksadaokgunlylyk duýgusyny ýokarlandyrýar. Her bir raýatyň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sport ulgamyny ösdürmekde uly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap sport desgalary köpçülikleýin gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen sport desgalary häzirki döwürde ulynyň-kiçiniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Şäherdir obalaryň keşbini bezäp oturan sport binalary hemmeleriň kalbyna ruhy baýlyk paýlaýar. Sporty, bedenterbiýäni söýmegiň belent nusgasyny görkezýän, ýurdumyzda sporty ösdürmäge giň ýol açýan Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys. Sülgün AKMYRADOWA.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasaty ýurdumyzda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýörelgesiniň rowaçlanmagyna ýol açýar. Halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň bähbitli netijesine uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen Garaşsyz döwletimizde ilaty sporta köpçülikleýin çekmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle tagallalar özüniň oňyn netijesinem berýär. Döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň gadamynyň batlanýandygyna türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda döredilen giň mümkinçilikler türgenlerimiziň ýeňişli menzillerine oňyn täsirini ýetirýär. Garaşsyz döwletimiziň sporty ösdürmäge gönükdirilen halkara ähmiýetli başlangyçlaram bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Aýratynam, dünýä çempionatlarynda we halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanýan türgenlerimiziň üstünliklerine ýokary baha berilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň başa-baş söweş sungaty sport toplumynda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere we tälimçilere gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy türkmen türgenlerini täze üstünliklere ruhlandyrdy. Begenç MOŞALAKOW.
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri










