Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwlet ähmiýetli il-gün bähbitli işleriň bady artýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem möhüm wezipeleriň biri bolup, döwlet Baştutanymyzyň sport syýasaty netijesinde uly üstünliklere eýe bolunýar. Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we desgalary sporta höwesek ýaşlaryň islegli mekanyna öwrülýär. Olarda döredilen amatly şertler türgenleriň ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny ýokarlandyrmaklaryna mümkinçilik berýär.
Türgenlerimiziň şowly çykyşlary il-günümizi guwandyrýar. Tejribeli tälimçileriň ýadawsyz yhlas-tagallalary netijesinde türgenlerimiz dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny dünýä ýaýmakda uly işleri bitirýärler. Dogrusy, her gezek halkara derejesindäki ýaryşlarda ýaşyl Baýdagymyzyň dabaraly galdyrylyşynyň buýsançly pursadyny synlanyňda göwnüň galkynýar. Şol bir wagtda şeýle pursatlaryň esasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen sportuny ösdürmekdäki, eziz Watanymyzyň sport abraýyny täze belentliklere çykarmakdaky taýsyz tagallalarynyň türgenlerimiziň ýeňişleri bilen ýerine düşýändigi guwanjyňy goşalandyrýar.
Atajan HOJAÝEW.








