SEN AMAN BOL!
weather mary 13° C Mary
weather mary 13° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

SEN AMAN BOL!

2 08.11.2026

Asla egilmesin buýsançly başyň,

Il içinde sen aman bol, aman bol!

Abraýa beslensin töwerek-daşyň,

Il içinde sen aman bol, aman bol!

 

Şat kalbyň gaplansyn ýakymly duýga, 

Batly gadamlaryň götersin beýge,

Bu ýolda Biribar goýmasyn gaýga,

Il içinde sen aman bol, aman bol!

 

Rysgal-döwlet mydam dursun gaşyňda, 

Saglyk täji şugla saçsyn başyňda, 

Bagt şemaly perwaz ursun daşyňda,

Il içinde sen aman bol, aman bol!

 

Mert ärleriň gaýratyndan ugur alan, 

Zähmet bilen jahan içre ýol salan,

Bir däl, müňläp ýüreklerde ýer alan,

Il içinde sen aman bol, aman bol!

 

Yhlasyň, ygraryň ummandan aşyp, 

Gur, döret hem özger ylhamly joşup, 

Watan ösüşlerine goşandyň goşup,

Il içinde sen aman bol, aman bol!

 

Oguljeren ATAÝEWA.

2
2 09.11.2026
ELTILER

Her bir başlan işiňi,  Jemlenişip bitirler. Gaýyndan nusga alan,  Maslahatçy eltiler.   Toý tutulsa barysy, Guşarlar billerini. Gazanda çelpek ýapar, Çermeşip ýeňlerini.   Bir-birine üýşerler, Eli köke-süýjüli. Şadyýan çaý içiler, Bolmaz olar ünjüli.   Men bularyň adynyň., Haýsy birin tutaýyn. Uly-kiçi hemmesi, Işine mydam gaýym.   Ogulnabat WELMYRADOWA.

2
2 08.11.2026
ENE ARZUWY

Iýeniň ýag, ýüpek bolsun geýeniň, Abraý bilen mertebäňi aýagyn! Gyzym, baran öýňe düşsün aýagyň, Iň bagtly gyzlaň biri bolup git!   Mähriň bilen gurşagynyň baryny, Söý, syla ynjytma ömür taýyňy, Hak rysgal, döwletden bersin paýyňy, Saýhally ýigidiň ýary bolup git!   Kem bolmasyn eden işiň öýüňde, Tämiz bolsun içiň-daşyň, boýuň-da, Ýagşy niýet hemra bolsun küýüňde, Barça gözellikleň uzy bolup git!   Gyzlar gider jüýjesi deý sülgüniň, Dogdugymdan düşdügimdir, bilginiň, Gyzym, gülüp gidip, gülüp gelginiň, Dört pasylyň diňe ýazy bolup git!   Maşgalany bir agyza garadan, El hünäri bilen sungat döreden, Gyz görelde alarmyşyn eneden, Iň mährem enäniň gyzy bolup git!   Ogulgurban SÄHETLIÝEWA

2
2 08.11.2026
ÇAGALYK ÝATLAMALARY

Köçämizi şowhun gurşap alardy,  Göründigi goş-golamly araba.  “Ana, Tahyr aga, letdeçi gelýär”, Begenip ylgardyk sese-habara.   Etli-ganly daýaw pyýadaň sesi, Toýhana öwrerdi töweregmizi: “Sakgyç bar, gopuz bar hemem jürlewük”, Pul sorap, idärdik enelermizi.   Munda köp alanam, az zat alanam, Agzybirje bolup paýlaşylardy. Biri sakgyç bölüp berer beýlekä, Biri tüýdük bilen şar çalyşardy.   Çagalar nähili mähribandylar, Wah, ol çagalygym gelsedi birdem. Çarhypelek munda öwrüp çarhyny, Eger Tahyr aga geläýse birden...   Onda hökman, hökman, ol gelýär diýip,  Kölgeledip göze eljagazyny. Çykardy bir ýerden enem janym meň,  Elinde gysymlap puljagazyny. Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA

1
1 08.11.2026
SEN AMAN BOL!

Asla egilmesin buýsançly başyň, Il içinde sen aman bol, aman bol! Abraýa beslensin töwerek-daşyň, Il içinde sen aman bol, aman bol!   Şat kalbyň gaplansyn ýakymly duýga,  Batly gadamlaryň götersin beýge, Bu ýolda Biribar goýmasyn gaýga, Il içinde sen aman bol, aman bol!   Rysgal-döwlet mydam dursun gaşyňda,  Saglyk täji şugla saçsyn başyňda,  Bagt şemaly perwaz ursun daşyňda, Il içinde sen aman bol, aman bol!   Mert ärleriň gaýratyndan ugur alan,  Zähmet bilen jahan içre ýol salan, Bir däl, müňläp ýüreklerde ýer alan, Il içinde sen aman bol, aman bol!   Yhlasyň, ygraryň ummandan aşyp,  Gur, döret hem özger ylhamly joşup,  Watan ösüşlerine goşandyň goşup, Il içinde sen aman bol, aman bol!   Oguljeren ATAÝEWA.

2
2 08.11.2026
GÖWNÜME

Pellehananyň ýoly deý, Gursaga sygmaz höwesim. Erkin durnaň ykbaly deý, Ýoly dowam eder basym.   Elwan güller eger başyn, Sünbül seçegi ülpüldäp. Reýhan bolan ýazy küýsär, Çapgyn ýellere galpyldap. Özüň bilen derdinişip, Serden geçesiň geler seň. Hyýallaň yzyna düşüp, Gökde uçasyň geler seň.   Ahyr bir gün umytlaňda, Çözersiň çigişen düwnüň. ...Erkin durnaň kalbymyň sen?! Ah, meniň arzuwçyl göwnüm!   Aýnäzik ESENOWA.

1
1 08.11.2026
GÖZLERIME SERET

Gözleňden okadym gamlanýanyňy, Sen nä maňa bu gün ýalan ýylgyrýaň? Dert-azara galýaň aldajak bolup, Duýgulaň pytrap dur zyňylyp her ýan.   Wah, sen aldamanam başaraňog-a, Gözlerimden gizleýärsiň garagyň. Diliň näme sözleýänin bilenok, Ýogsam şoldy öňler sowuk ýaragyň.   Hazan ýeli öwüsdimi kalbyňa? Ýa kelebiň çolaşdymy ýellere? Azaşdymy jylawsyz päk hyýalyň? Ýa düşdümi ol nätanyş ellere?   Saňa juda belet duýgur ýüregim, Boluşyňdan hal-ahwalyň syzyp dur. Gowusy, sen meniň gözlerme seret, Gözler biziň ykbalymyz aýdyp dur.   Aýjemal BABAGULYÝEWA

2
2 08.11.2026
OGLUMA PENT

Girdiň azabyň çetinden, Syryňy özgä ýaýmawer! Ýansam men ýanaýyn, oglum, Sen bir töhmete ýanmawer!   Durmuş diýlen giň düşünje, Giň garaýşy edýär talap. Kitap oka, Haka sygyn, Ýogsa adam işi telek.   Ýalňyşlyklar bolar sapak, Munda ýokdur ýalňyşmaýan. Oglum, gizleseň gizläber, Bar derdiň ejeňe aýan.   Ortaça hal bolsun rysgyň, Ortarak bol her işde-de. Nebsine «haý» diýýänleri, Goraýandyr perişdeler.   Durmuş ýüki ýeňil däldir, Ykbal ýoly öwrüm-öwrüm. Eneň-ataň algyn pendin, Asylzada halal, oglum!   Gunça AMANSÄHEDOWA

2
2 06.11.2026
ZYÝADA

Asmanda Aýym sen, bagt ýyldyzym, Ýoluma çyrag sen, meň gara gözüm, Mukaddes söýgiňe edýärin tagzym, Sen meniň ezizim, taýsyz Zyýadam!   Ezizim, söýýärin gün-günden zyýat, Meniň çyn söýgime täk özüň şaýat,  Seniň päk söýgiňi gezerin aýap, Ömrümiň manysy sensiň, Zyýadam!   Ezizim, sen diýip daňym atyrýan, “Söýýän” diýip, göwnüm göge göterýäň,  Jennet mekan, kenaryna atarýaň. Söýgi ummanymda özüň Zyýadam.   Gül zenan sen, gözellerden zyýada, Saňa duşup, meniň ömrüm zyýada, Zeminiň üstünde, Asman astynda,  Mähir bolmaz, seň mähriňden zyýada.   Muhammetberdi HALMUHAMMEDOW

4
4 06.11.2026
Işler sazlaşykly guralýar

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde uly tagallalar edilýär. Ylym-bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylyp, bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleri ýokarlandyrylýar. Şu aladalar bolsa, bilim işgärlerini has döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Etrabymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri ruhubelent ösüp gelýän nesle durnukly bilim, döwrebap terbiýe bermekde tutanýerli zähmet çekýärler. Abadan ertirimiziň şu günki yhlas-tagallalaryndan gözbaş alýandygyna kemsiz düşünýän mugallymlarymyzdyr terbiýeçilerimiz ýaş nesil hakda yzygiderli aladalanýarlar. Geňeşimiz tarapyndan işgärleriň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen aladalarymyz olary döredijilikli zähmete höweslendirýär. Iş tejribämizden äşgär bolşy ýaly, zähmet adamlary hakynda edilýän yzygiderli tagallalarymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da uly üstünliklere beslenip, ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Biz işleriň sazlaşykly guralmagyny üpjün etmäge çalşyp, üstümizdäki ýyly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmagy maksat edinýäris. Güneşli Diýarymyzda bolsa maksatlarymyz myrat bolýar. Çarymyrat ESENOW.

205
205 04.11.2026
Şanly ýylyň belent sepgitleri

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryny ýol-ýörelge edinýän türkmen halky eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. Zähmet ýeňişleri, taryhy wakalary bilen şöhratlanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda-da tutanýerli zähmet joş urup, Garaşsyz döwletimiziň ösüşli menzilleri has-da abadan geljege uzaýar. Şanly ýylymyzda ýetilýän belent sepgitler, dabarasy dag aşan taryhy wakalaryň buýsançly ýaňy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Ak şäherimiz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabarasy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Hazar ekologiýa sammiti “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň taryhy wakalary bolup, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Üstünliklere beslenýän ýylymyzyň ýeňişli menzillerine goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Gurbangül MÄDENOWA.

230
230 02.11.2026
Halk bähbitli çözgütler

Ýakynda Ýolöten etrap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Jumanazar Jumamyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Akmuhammet Agajumaýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Orazgeldi Gylyjow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigi, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taryhy ähmiýetli çykyşy, milli demokratiýamyzyň döwrebap derejede kämilleşdirilişi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Toýly ANYŞOW.

222
222 01.11.2026
Milli buýsanjymyz döwlet goragynda

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli atçylyk medeniýetiniň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrýan möhüm waka boldy. Kabul edilen Kanunyň esasy maksady arassa ganly ahalteke bedewlerini we olaryň genofonduny gorap saklamakdan, baş sanyny artdyrmakdan, şejere ugurlarynyň dowamlylygyny üpjün etmekden hem-de milli atçylyk sungatyny ösdürmekden ybaratdyr. Her bir ahalteke bedewiniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy, Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilmegi, çiplenilmegi we gelip çykyşynyň genetiki barlaglar arkaly tassyklanylmagy bu ugurdaky işleriň döwrebap esasda alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Ahalteke bedewiniň gymmaty onuň tohumçylyk aýratynlyklary bilen bir hatarda, onuň bilen baglanyşykly milli sungatda hem öz beýanyny tapýar. Seýisçilik, atlary bezemek, milli at şaý-seplerini taýýarlamak ýaly gadymy däpler halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Kanun bu däpleri gorap saklamaga, olaryň dowam etdirilmegine we seýisleriň hem-de atşynaslaryň işiniň goldanylmagyna hukuk esasyny döredýär. Milli mirasy goramakda ylym we döwrebap tehnologiýalar möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, Kanunda ahalteke bedewleri baradaky golýazmalaryň, taryhy ýazuw çeşmeleriniň we beýleki maglumatlaryň ýygnanylmagy, saklanylmagy we ylmy taýdan öwrenilmegi bilen bir hatarda, sanly maglumat gorlarynyň we beýleki innowasion ulgamlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu mümkinçilikler ahalteke bedewleriniň taryhyny we tohumçylyk maglumatlaryny bitewi ulgamda jemlemäge şert döreder. Kanun ýaş nesli milli atçylyk medeniýetine çekmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berýär. Çagalaryň we ýaşlaryň atlara bolan söýgüsini we sarpasyny ösdürmek, bilim edaralarynda okuw-amaly sapaklary we gezelençleri guramak, şeýle hem atçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylmagy milli atçylygyň geljegine gönükdirilen möhüm ädimlerdir. Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem Kanunyň möhüm ugurlarynyň biridir. Halkara duşuşyklarynyň, ylmy maslahatlaryň, bäsleşikleriň we sergileriň geçirilmegi, daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk giňişligindäki ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň halkara derejeli tohumçylyk kitabyny döretmek boýunça başlangyçlaryň goldanylmagy hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýär. Täze Kanun şol beýik mirasyň ygtybarly döwlet goragyny üpjün edýän möhüm hukuk binýadydyr. Asyrlaryň jümmüşinden şu günlere gelip ýeten türkmen bedewiniň şanly ýoluny dowam etdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn! Maksat JANMYRADOW.

217
217 01.11.2026
Beýik tutumlar rowaçlyklara beslenýär

Parahatçylygyň we asudalygyň mekany hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylyny uly üstünliklere, taryhy wakalara besleýär. Biz ýap-ýaňy şanly senäni — beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny uly dabara bilen belläp geçdik. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ösüşiň şöhratly menzillerini geçdi. 35 ýyllyk döwre ser salanyňda, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, halkara derejesinde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende galdyrmak boýunça tutumly işleriň durmuşa geçirilendiginiň şaýady bolýarsyň. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni, jemgyýetçilik syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni taýdan dünýäniň iň çalt ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Myratgeldi ÇARYÝEW.

352
352 21.10.2026
Halal zähmet — hözirli geljek

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Mähri TOÝLYÝEWA.

424
424 18.10.2026
Halk Maslahatynyň çözgütleri — ösüşiň ygtybarly kepili

       Baýramaly şypahanasynda Baýramaly şäher häkimliginiň hem-de Demokratik partiýanyň Baýramaly şäher we Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşlere we şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlandy. Ýaşuly nesliniň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatda  edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylýanlygy we şol möhüm işleriň halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilendigi dogrusynda buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  diýarymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, milli mirasymyzyň ösdürilişi, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

417
417 17.10.2026
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler rowaç alýar. Golaýda etrabymyzdaky 10-njy orta mekdepde etrap boýunça ýokardaky at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, etrap bilim bölümi we Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi bilelikde guradylar. Çärä atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary, kitaphanaçylar hem-de okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Allanur Sapargeldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew, 10-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Kakabaý Çopanow çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde badalga berýän giň möçberli işleri, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty, dünýä ýüzünde gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, gyzykly gürrüň berdiler. Duşuşykdaky çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Muhammetberdi KUŞIÝEW.

446
446 17.10.2026
Halkyň galkynan ykbaly

Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri, kesgitlenen wezipeleri halkyň arasynda wagyz-nesihat etmek bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň TDEI-niň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Halk Maslahaty halkyň galkynan ykbaly, döwletiň sarsmaz sütünidir” atly çärä ýokarda atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary gatnaşdylar. Çärede TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni, welaýat halk maslahatynyň agzasy Ogulşirin Seýidowa, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň başlygy Gurbanmyrat Şanazarow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman laboranty Maýagözel Akmämmedowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmeni Gülşat Çetliýewa çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda eýeleýän möhüm orny dogrusynda durup geçdiler. Maksat BÄŞIMOW.

435
435 16.10.2026
Demokratiýanyň dabaralanmagy

Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini, onda kabul edilen kararlaryň uly ähmiýete eýedigini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Mary etrap medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk maslahaty: demokratiýanyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdylar. Etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler, umummilli forumdan gelip çykýan wezipeler we kabul edilen kararlar hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ogulnur BERDIÝEWA.

2516
2516 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2370
2370 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2587
2587 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2531
2531 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2435
2435 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2957
2957 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2324
2324 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2720
2720 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.