“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde uly tagallalar edilýär. Ylym-bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylyp, bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleri ýokarlandyrylýar. Şu aladalar bolsa, bilim işgärlerini has döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Etrabymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri ruhubelent ösüp gelýän nesle durnukly bilim, döwrebap terbiýe bermekde tutanýerli zähmet çekýärler. Abadan ertirimiziň şu günki yhlas-tagallalaryndan gözbaş alýandygyna kemsiz düşünýän mugallymlarymyzdyr terbiýeçilerimiz ýaş nesil hakda yzygiderli aladalanýarlar. Geňeşimiz tarapyndan işgärleriň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen aladalarymyz olary döredijilikli zähmete höweslendirýär. Iş tejribämizden äşgär bolşy ýaly, zähmet adamlary hakynda edilýän yzygiderli tagallalarymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da uly üstünliklere beslenip, ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Biz işleriň sazlaşykly guralmagyny üpjün etmäge çalşyp, üstümizdäki ýyly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmagy maksat edinýäris. Güneşli Diýarymyzda bolsa maksatlarymyz myrat bolýar.
Çarymyrat ESENOW.








