Kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň çalt depginlerde ösýän döwründe ýaş nesliň olardan netijeli peýdalanmagy, ýaşlaryň aň-düşünjesine edýän ýaramaz täsirinden goramak möhüm mesele bolup durýar. Golaýda etrap bedenterbiýe we sport bölüminde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy ýokarda ýatlanan meselä bagyşlanyldy. Ony etrap häkimligi, etrap kazyýeti, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleri, TMÝG-niň etrap geňeşi bilelikde guradylar. Duşuşyga atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň, etrapdaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşykda etrabyň häkiminiň orunbasary Annagül Orazsähedowa, etrap kazyýetiniň kanselýariýa müdiri Döwlet Goçmyradow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Şatlyk Mämmetnyýazow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Kakadurdy Kemalow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Şemşat Atamuhammedowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öýjükli telefonlardan, internetden we beýleki aragatnaşyk-maglumat serişdelerinden peýdalanmagyň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olardan peýdalanylanda seresap bolmagyň kadalary dogrusynda durup geçip, şu meselede edep-terbiýelilik ündeldi.
Sonagül RESULOWA.








