Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän sport syýasaty ýeňişlere beslenip, onuň ähmiýeti halkymyzyň saglygyny berkitmekde hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagynda jemlenýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler bar. Guwançly ýeri bolsa, şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaş türgenleriň sanynyň ýylsaýyn artmagydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen sporty ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri ýokarda ýatlanymyza doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiziň sport babatda öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram bütin dünýäde goldaw tapyp, uly gyzyklanma döredýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara sport abraýy arşa çykýar. Şeýle bähbitli işlere goşantly bolmagyň ýörelgesine eýerýän sport mekdebimiziň tälimçileri türgenlere tälim bermekde ähli tagallalary edýärler.
Mekdebimizde türgenleriň onlarçasynyň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaklaryna ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan ezber türgenlerimiz dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Aýratynam, erkin göreş boýunça türgenleşip, diňe bir etrap derejesindäki ýaryşlarda däl, eýsem, welaýatda birinjiligi almak ugrundaky bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýän türgenlerimiz biziň guwanjymyz. Olardan Kaýyl Baýramgeldiýew, Döwletgeldi Ahmedow, Kemal Kerimow, Ýunus Orazow welaýat derejesinde erkin göreş boýunça geçirilýän ýaryşlarda öňdäki orunlary eýelemegi başardylar.
Şu günler türgenlerimiz öňde durýan has jogapkärli ýaryşlara ykjam taýýarlyk görýärler.
Abdyresul NEPESOW.








