Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen sporty barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle-de, kiçi ýaşly çagalary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Türkmen sportunyň halkara abraýynyň ýylsaýyn belende galýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Ýaş, ezber türgenlerimize döwlet derejesindäki ýaryşlar bilen bir hatarda halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara hem gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Olar hem şeýle amatly şertlerden peýdalanyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanyp, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Munuň özi ýurdumyzda sportuň has-da ösmegi ugrunda döredilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmen sportunyň gülläp ösmeginde, onuň at-owazasynyň bütin dünýä ýaýramagynda ençeme beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Begenç AMANOW.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýeläp ýetişdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýän sport çäreleri Mary welaýatynda-da giň gerime eýe bolýar. Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň gurnamagynda sportuň Agyr atletika görnüşi boýunça geçirilen ýaryşam diýseň çekeleşikli boldy. Welaýatyň Sakarçäge etrabynyň 2-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşyň dowamynda ýaş türgenler dürli agram derejelerinde güýç synanyşdylar. Ýokary ruhubelentlik bilen geçirilen ýaryşda ussat türgenler öňe saýlandylar. Toýmyrat Gurbanow
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de döwletimiziň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giňden ýaýbaňlanan köpçülikleýin sport-marafony Mary welaýatynda-da ýokary ruhubelentlige beslenip geçirildi. Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, welaýatyň Bedenterbiýe we Sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu sport çäresi Mary şäheriniň gözel künjeginden başlandy. Bu sport marafonyna Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekili, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we welaýatda bar bolan beýleki orta-hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary, sport ulgamynyň türgenleri, saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, bagtyýar zenanlar gatnaşdylar. Uly dabara beslenen bu sport çäresinde çykyş eden adamlar Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk ýubileýi, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bilen gutlap, sport marafon ýaryşyna gatnaşýanlara uly üstünlikleri arzuw etdiler. Türkmen sportyny ösdürmekde hem-de bu uly halkara guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda we umumadamzat bähbitli işleri amala aşyrmakda alyp barýan işleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhyna laýyk derejede guralan bu köpçülikleýin sport marafonynyň geçirilýän ýeri aýdym-sazyň hoş owazyna beslendi. Welaýatyň estrada aýdymçylarynyň joşgunly çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen sportynyň şan-şöhradyny dünýä ýaýmakda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, halkara dost-doganlyk gatnaşyklary joşgunly wasp edildi. Soňra şu şanly ýylymyzda belleniljek döwletimiziň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirlen köpçülikleýin sport marafonyna badalga berildi. Halkymyzyň saglygyny berkitmäge, ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemäge gönükdirilen bu sport ýaryşyna uly höwes bilen gatnaşan türgenler Mary şäheriniň görkana köçelerinden bellenilen aralyga tarap ugur aldylar. Bu sport marafony döwletimiziň halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde dünýäde sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine, bedenterbiýe-sagaldyş sport hereketini wagyz etmäge aýratyn üns berýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Özleriniň sport älemindäki ussatlygyny we başarjaňlygyny görkezip, öňe barýan türgenleriň hereketleri altyn güýzüň ajaýyp gününde Mary şäheriniň gözellikleri bilen utgaşyp, owadan görnüşi emele getirdi. Täze taryhy eýýamda welaýat merkezinde gurlan medeni maksatly döwrebap binalaryň deňinden geçip barýan türgenleriň ýol ugryndaky ter bägüllere beslenen meýdançalar, gök öwsüp oturan arçalar göwünlerini hasam belende göterdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen sport marafony özüniň taryhy ähmiýeti we täsirliligi bilen tapawutlandy. Bu sport marafonyna gatnaşan türgenleriň birnäçesi uzak aralygy ylgamakda öz ussatlyklaryny görkezmek bilen pellehana ilkinjiler bolup geldiler. Sport marafonynyň tamamlanan ýeri bolan welaýat merkezi medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada ajaýyp döwrümiziň hoş owazly mukamlary uzaklara ýaň saldy. Sport çäresinde ýeňiji bolan ussat türgenleriň birnäçesine welaýatyň Bedenterbiýe we Sport baradaky Baş müdirliginiň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bezelen sahnada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, birleşen tans toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň aýdym-saz çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandy. Bu ýerde sport ulgamynyň işgärleriniň sportyň çeper gimnastika, karate, woleýbol, futbol we başga-da birnäçe görnüşleri boýunça görkezen sport-görkezme çykyşlaryna hem-de ussat türgenleriň köpçülikleýin ýerine ýetiren sport maşklaryna-da uly orun berildi. Belent heňlerde ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alyp barýan rowaç işleri, türgenleriň gazanýan ýeňişleri we ajaýyp döwrümiz joşgunly wasp edildi. Bu sport marafonyna gatnaşyp göwünleri galkynan adamlar türkmen sportyny dünýä derejelerine ýetirmekde, halkymyzyň saglygyny berkitmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyz giň möçberli işlere badalga berýär. Indi Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda ussatlyklaryny ýokarlandyrýan ýaşlaryň sany artýar. Sport mekdeplerine gatnap, saýlan ugurlary boýunça kämilligiň ýoluna düşýän mekdebimiziň okuwçylary biziň guwanjymyzdyr. Golaýda okuwçylarymyzyň biri uly ýeňiş gazanyp, guwanjymyzy goşalandyrdy. Has takygy, 12-nji “B” synp okuwçymyz Oraz Söýegowyň sportuň pauerlifting görnüşi boýunça yzygiderli türgenleşigi oňa uly üstünlik getirdi. Golaýda Aşgabat şäherinde pauerlifting boýunça sport mekdepleriniň türgenleriniň arasynda Türkmenistan boýunça geçirilen çempionatda 1-nji orna mynasyp boldy. Okuwçymyzyň bu uly ýeňşi mekdebimiziň mugallymlarydyr okuwçylaryny begendirdi. Biz ýaş türgenimiz Oraz Söýegowa geljekde-de şowly çykyşlary arzuw edýäris. Şähribossan ROZYGELDIÝEWA.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy guwandyrýar. Olar döwrebap sport mekdeplerinde tälim alyp, tejribeli türgenleriň ýolbaşçylygynda ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar. Golaýda sport mekdebimizde agyr atletika boýunça etrapda birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa agyr atletikaçy türgenleriň onlarçasy gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şahsy birinjiligi almak ugrunda geçirilen bu bäsleşikde 2-nji sport mekdebimiziň agyr atletikaçylary ýokary netijeleri gazandylar. Olardan 41,49 kilograma çenli agramda degişlilikde Aýsoltan Gadamowa, Begenç Döwletgeldiýew 1-nji orunlara, 34 kilograma çenli agramda Amangeldi Amangeldiýew 2-nji orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijileri Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen höweslendirildi. Kuwwatmyrat MAKSADOW.
Ýurdumyzda ýaşlary bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmekde, sporty ösdürmekde gazanylýan üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Aýratynam, sporta höwesek ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy guwandyrýar. Biziň sport mekdebimizde-de ýaş türgenleriň ençemesi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, uly üstünliklere eýe bolýarlar. Muňa golaýda etrapda birinjiligi almak ugrunda etrabymyzdaky 1-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşyň netijelerem güwä geçýär. Bu ýaryş ýeňil atletika boýunça geçirilip, oňa etrabyň türgenleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň örän çekeleşikli geçendigi türgenleriň oňa kemsiz taýýarlykly gelendiklerini äşgär etdi. Ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri 1-nji orna mynasyp boldular. Bu üstünlige ýetmekde ezber türgenlerimiz Seýran Parahadow, Jeýhun Orazdurdyýew, Muhammet Röwşenow özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Jumamyrat HALLYÝEW.
Türkmen halkynyň saglygyny ähli zatdan öňde goýýan döwlet Baştutanymyz bu möhüm meseläniň bähbitli çözgüdinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen bagly wezipelere uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sport syýasatynyň çäklerinde uly işler bitirilýär. Döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we desgalary sporta höwesekleriň söýgüli mekanyna öwrüldi. Ýaşlaryň arasynda sportuň ol ýa-da beýleki görnüşi boýunça ýokary netijeleri gazanyp, çempion bolmaga ukyp-başarnyklylary köp. Olara şol ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge we Garaşsyz döwletimiziň sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ähli mümkinçilikler bar. Şäherimiziň çäginde hereket edýän sport mekdebinde ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň şertler döredilendir. Sport bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanýandyklary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sport syýasatynyň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär. Geljekki çekeleşikli bäsleşiklere ykjam taýýarlyk görýän türgenlerimiziň ýeňişli menzillerine ynam ruhubelentligi döredýär. Şatlyk ÖWEZDURDYÝEW.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýeläp ýetișdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary yzygiderli gurnalýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyșmak” ýylynda Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň gurnamagynda Mary şäheriniň 8-nji sport mekdebinde sportuň taekwon-do WT görnüşi boýunça Mary welaýatynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryş özüniň netijeliligi bilen tapawutlandy. Bu sport ýaryşynda türgenler sportuň taekwon-do WT görnüşi boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çekeleșikli geçen ýaryşda öz erjelligi bilen tapawutlanan türgenler sylaglandylar. Dursun Ilbegiýewa.
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri







