Geçmişde jahankeşdelerdir syýahatçylar ülkämize çuňňur gyzyklanmalar sebäpli gelipdirler. Halkymyzyň medeniýeti, milli özboluşlylygy, hünärmentçiligi, sungaty bolsa ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň üns merkezinde bolupdyr. Taryhy maglumatlara görä, geçmişde ençeme asyrlaryň dowamynda Ýewropa bilen Aziýanyň, Günbatar bilen Gündogaryň söwda gatnaşyklary Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry bolan Merw şäheriniň üsti bilen amala aşyrylypdyr.
Seljuk soltany Sanjaryň döwründe Merw iki milliondan gowrak ilatly şäher bolup, onda köp sanly kerwensaraýlar, çaýhanalar, metjitdir medreseler ýerleşipdir. Şonuň ýaly hem bu ýerde ajaýyp ylym ojaklary hasaplanylýan kitaphanalar hereket edipdir. Şol kitaphanalarda ylmyň ähli ugurlary boýunça peýdalanmaga mümkinçilik bolupdyr. Bu toprak ylmyň dürli ugurlarynda ençeme işleri miras galdyran beýik şahsyýetleriň, görnükli alymlaryň, meşhur şahyrlaryň mesgenidir. Meşhur syýahatçy Ýakut al-Hamawy öz ýazgylarynda: “Merwden başga hiç bir şäher özünde şeýle köp sanly tanymal adamlaryň we beýik alymlaryň çykandygy bilen öwnip bilmez” diýip ýazypdyr.
Gadymy Merw öz döwründe ekerançylyk, gurluşyk-binagärlik, şäher medeniýeti bilen dünýä ýurtlarynyň şäherlerinden tapawutlanypdyr. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ady äleme ýaň salan Aleksandr Makedonskiý Ahemenitleriň guran döwletini derbi-dagyn edip, Merwe gelende, bu ýeriniň tebigatyny, gözelligini görüp haýran galypdyr. Şäheriň golaýynda alty sany gala gurduryp, ony «Margiana Aleksandriýasy» diýip atlandyrypdyr. Emma b.e.ö. IV asyryň ahyrynda Merwi Selewki Nikator eýeländen soň ol öz ata-babalarynyň hormatyna bu ýerini «Selewkiýa» diýip atlandyrypdyr. Selewkiýa patyşasy Makedonskiden tapawutlylykda, diňe şäher gurmak bilen çäklenmän, bu ýerde uzynlygy iki ýüz kilometrden hem geçýän Beýik Orta Aziýa diwaryny gurdurypdyr. Dünýä alymlary bu uly diwaryň dünýäde meşhur bolan Hytaý diwaryndan hem öň gurlandygyny belläpdirler.
Merw asyrlaryň dowamynda sebitiň we Ýakyn Gündogaryň medeniýetine, ykdysadyýetine ýiti täsir edipdir. Köp sanly köşklerden, belent ymaratlardan, gadymy sungat eserlerinden galan arheologik tapyndylar bu ýerde ozal mälim bolmadyk dünýä medeniýetiniň gadymy merkeziniň bolandygyny subut edýär. Merw belli-belli döwürlerde ykdysady, gurluşyk, ylym we medeni taýdan has uly ösüşlere eýe bolupdyr. Arap we pars dilli edebi eserlerde Merwiň şöhratly geçmişiniň öçmejek yzlary dogrusynda, şeýle-de, gözüňi gamaşdyrýan owadan keşbi, bol nygmatly bazarlary, hoşroý ýüzli, zyba gözelleri, köňli nurly, sahawat-keremli, myhmansöýer ili barada buýsanç bilen ýazylypdyr. Myhmansöýerlik — bu ilatyň asyl ganynda gaýnaýan ajaýyplyk. Bu babatynda döwrüniň ajaýyp şahyrlarynyň biri şeýle diýipdir:
Eger gapy kaksa, gelip bir myhman,
Begenip garşy alar, güler ýüz hökman.
Bu asylly gylyk gelýändir öňden,
Myhman bolsaň sylar köp çakdan-çenden.
Hak nazaryn aýlapdyr bu şähere,
Şeýledigin bilersiň, gelseň bu ýere.
Ýeri gelende aýtsak, arap dilinde döredilen bu şygyr bütin dünýäniň jahankeşdelerinde uly gyzyklanma döredýän türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeniýetini, ynsanperwerlik däplerini, myhmansöýerlik ýörelgelerini açyp görkezmekde gymmatly hazyna bolup durýar.
Merwde on sany kitaphana bolupdyr. Bu kitaphanalardan kitap almak tertibi ýeňil ekeni. Arap şahyrlarynyň biri şeýle ýazypdyr:
Birnäçe ýyl ýaşadym, bu ajap şäherde,
Bolmasady döwür keç, gitmezdim ondan bir-de.
Gitdim ondan mejbury, Merwi ýatlaýan mydam,
Gözümden ýaşlar akyp, men oňa muşdak adam...
Pederlerimiziň şeýle ajaýyp ýörelgelerini nusga edinip, halkymyz ähli döwürlerde hem dünýä halklarynyň arasynda ruhy medeniýeti, myhmansöýerlik däp-dessurlary kämil derejede ösen halk hökmünde tanalýar.
Täjigül MYRADOWA.








