“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem, ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti we nobatdaky Halk maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipelere bagyşlanyp Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Halk maslahaty- demokratiýanyň milli nusgasy” ady bilen maslahat geçirilip, ol çuň many-mazmuna eýe boldy. Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu täsirli maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de bilim ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” diýlip, atlandyrylan ýylymyzda
geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar mundan beýläkde ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň pajarlap ösmegini, asuda we erkana Watanymyzyň her bir gününiň uly ösüşlere eýe bolmagyny, halkymyzy ak ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitlerine gönükdirilen dünýä nusgalyk işleriniň barha rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar.
Dursun Ilbegiýewa.








