Türkmeniň bagşyçylyk ýollarynyň ussat halypalary tarapyndan sünnälenip eýlenen aýdym-sazlarymyz asyrlardan-asyrlara geçip şu günlere gelip ýetipdir. Milli aýdym-sazlarymyzy her halypa özüne mahsus bolan çeperçiligi bilen öwrenip, geljekki nesillere ýetirmäge uly ýardam edipdir.
Özboluşly milli aýdym-saz sungatymyzyň şu günlere gelip ýetmegine özüniň mynasyp goşandyny goşan salyr-saryk bagşyçylyk ýolunyň halypalarynyň biri-de Emin Aganýazowdyr.
Emin Aganýazow 1882-nji ýylda Tagtabazar etrabynyň häzirki Zähmetkeş obasynda doguldy. Ol milli aýdym-sazlarymyzy ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir we birnäçe şägirtleri hem ýetişdirmegi başarypdyr. Beýik watançylyk urşy ýyllarynyň kynçylyklaryna garamazdan, Emin halypa obalara eşekli aýlanyp, her obadan aýdym-saza höwesek ýetginjek çagalary daşyna üýşürip, olara saz çalmagyň inçe syrlaryny öwredipdir.
Emin Aganýazowa şägirt bolmaga, ondan aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenmäge höwesi bolan Tagtabazar etrabynyň şol wagtky Gyzyl goşun obasyndan Taýyr Muhammettäjow, Paýzy Gulbaýew, Aky Esenow, Goç Ýamadow, Meret Tekeliýew ýaly ýetginjekler üýşüp, ondan sapak alypdyrlar. Bularyň hemmesi saz ugrundan ussat halypalyga ýetmese-de, olar aýdym-sazyň inçe syrlaryny ele alyp, ýanama aýdymlary bilen obanyň toýlaryny bezäpdirler.
Emin halypa 1959-njy ýylda aradan çykdy. Ondan tälim alan şägirtleriň sany barmak basyp sanardan köp. Olaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan bagşylarynyňam birnäçesi bar. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň arasynda milli saz guralymyz bolan dutarda saz çalmaga has ezber bolan Taýyr Muhammettäjow hem öz döwründe birnäçe şägirtleri ýetişdiripdir. Şol akabadan gaýdýan halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesiniň dowamaty häzir hem dowam edýär. Bular baradaky maglumatlar we suratlar, ýazgylar häzirki wagtda Tagtabazar etrabynyň Marçak geňeşligindäki Garly Durdyýew adyndaky oba medeniýet öýünde döredilen muzeýde saklanylýar we ýaş höwesjeň bagşylara şol ussat halypalar baradaky maglumatlar yzygiderli ýetirilip durulýar.
Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş berip, halypa bagşy-sazandalarymyzy öwrenmäge we hatyralamaga döredip beren giň mümkinçilikleri üçin milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak hossarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Rozymyrat ORAZOW.








