Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň özenini parahatçylyk, ynanyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz ählumumy meseleleri çözmekde, sebitara durnuklylygy berkitmekde hem-de medeni-ynsanperwer köprüleri gurmakda dünýä giňişliginde nusgalyk görelde görkezýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen çäklenmän, ählumumy ösüşe hyzmat edýän giň gerimli taslamalary öz içine alýar. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär.
Umuman, Türkmenistanyň daşary syýasat sahypalary ýyl-ýyldan täze taryhy üstünlikler bilen baýlaşýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ynamly ädimleri halklaryň we döwletleriň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de durnukly ösüşiň kepili bolup dabaralanýar.
Uzukjemal HOMMADOWA.








