Golaýda etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi we etrap bilim bölümi bilen maslahat geçirdi. Bu maslahatda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly durmuşa geçirilmeli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, ýokarda atlary agzalan guramalaryň we edaralaryň işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşykda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Muhammetnazar Täşliýew, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklyka, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolup durýandygy, döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygy, Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere ykrarlydygyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň etdiler. Häzirki wagtda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçdiler.
Babajan MUHAMMEDOW.








