Gymmatbaha daşlar
weather mary 22° C Mary
weather mary 22° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Gymmatbaha daşlar

12 11.08.2026

Adamzat ýaşaýşynda we zergärçilikde giňden ulanylýan, aýratyn gadyrlanýan birnäçe gymmatbahaly we ýarym gymmatbahaly daşlar minerallara degişlidir.

Ýakut. Arap dilinde “ýakut” sözi “Gyzyl daş”, “gymmatbahaly daş” diýmegi aňladýar. Almazdan soň iň gaty minerallaryň biridir. Gyrmyzy, goýy gyzyl reňkleri bilen tanalýar we şalygyň, söýginiň simwoly hasaplanylýar.

Zümerret. Grekçe bu daşa “smaragdos — gök, ýaşyl daş” diýlipdir. Grekleriň bu sözi arap we pars diline “zumurrud” görnüşe geçip, durnuklaşypdyr. Ol ýaşyl reňkli, örän düşümli we nepis daşdyr. Gadymy döwürlerden bäri asyllylygyň we baýlygyň alamaty hökmünde zergärçilikde ulanylýar.

Sapfir (Gök ýakut). Gadymy hindi dilinde “sanipriýa”, ýagny, “Saturn planetasynyň gowy görýän daşy” diýen manyny berýär. Adatça goýy gök reňkde bolýar, ýöne onuň sary we gülgüne reňklileri hem duş gelýär. Asman reňkli bu daş hem dünýäniň iň meşhur dörtlügine (Almaz, Ýakut, Zümerret, Sapfir) girýär. Biziň milli şaý-seplerimizde iň köp ulanylýan daşdyr.

Hakyk. Türkmen zergärçiliginiň, aýratyn-da, gyz-gelinleriň şaý-sepleriniň (gupba, egme, bilezik we ş.m) aýrylmaz bölegidir. Onuň goňur, gyzylymtyl we sarymtyl reňkleri bolýar. Halk arasynda hakyk daşynyň adamy gözden-dilden we başga belalardan goraýandygyna ynanylýar.

Pöwrize. Pars sözi bolup, “ýeňiji, “üstünlik getirýän”, “şatlykly” diýen manylary aňladýar. Gök we ýaşyl reňkleriň garyşygyndan ybarat bolan, örän owadan daşdyr. Gündogar halklarynyň arasynda bagt, üstünlik we parahatçylyk getirýän daş hökmünde meşhurdyr. Şonuň üçin adamlar ony ýüzüklerde köp ulanýar.

Lazurit. Parsça “Gök reňkli daş” diýen manyny berýär. Bu söz arap diline “Lazaward” diýip geçipdir. Ýewropalylar latynça “lazur”, fransuzça “l’azur” sözlerden dünýä ylmyna “Lazurit” diýen adalgany girizipdirler. Ol ýiti we goýy gök reňkli, içinde altyn öwüşginli nokatlary bolan daşdyr. Gadymy döwürlerden bäri asylzada şaý-seplerini we gymmatbaha gap-gaçlary bezemekde ulanylýar.

Topaz. Alymlaryň çaklamalaryna görä, gadymy grek diliniň “topazios” sözünden hem-de gadymy hindi diliniň “tapas” diýen sözlerinden alnyp, “ot”, “ýylylyk”, “ýalpyldy” diýen manyny berýär. Onuň, köplenç, dury gök, sary we reňksiz görnüşleri bolýar. Öwüşginliligi boýunça brillianta ýakynlaşyp bilýär.

Ametist. Gadymy grek dilindäki “amethystos” sözünden gelip çykyp, “serhoş etmeýän”, “serhoşlyga garşy” diýmekdir. Göwher ýaly dury, ýöne ajaýyp melewşe (bägül) reňkli kwars mineralydyr. Örän owadanlygy sebäpli dizaýnerler tarapyndan köp ulanylýar.

Hrizolit (Oliwin). Gadymy grekleriň “сhrysos” — “altyn”, “altyn öwüşginli” diýen sözi bilen, “lithos”, “daş” diýen sözlerinden emele gelip, “altyn daş», “altyn öwüşginli daş” diýen manydadyr. Zeýtun reňkli, sarymtyl — ýaşyl öwüşgin atýan özüne çekiji daşdyr.

Ýakut, zümerret ýaly daşlaryň hakyky arassalary käwagt bahasy boýunça şol bir agramdaky brilliantdan hem gymmat bolup bilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

Amanmyrat ÝAMADOW.

12
12 12.08.2026
Bugdaý ekişine taýýarlyk

Halkymyzda “Ekin ekseň bugdaý ek” diýlip aýdylan ajaýyp jümle bar. Munuň özi bugdaýa aýratyn hormat goýulýandygynyň alamaty bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýyl bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Munuň özi bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändiginiň netijesidir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň orak möwsümini üstünlikli tamamlan welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileri ýerleri täze hasyla taýýarlamak işlerine guramaçylykly girişdiler. Her bir geçirilýän agrotehniki çäräniň ekiniň hasyllylygyny artdyrmakda ähmiýetli bolşy ýaly, ekişden öňki alnyp barylýan işler hem bol hasyl üçin örän derwaýysdyr. Üstümizdäki ýylda 170 müň gektar ýere bugdaý ekmek meýilleşdirilip, şu günlerde sürüm, tekizleşik işleri agrotehnikanyň talaplaryna görä alnyp barylýar. Ýerleriň tekiz bolmagy hem hökmanydyr. Ýagny, ýer tekiz bolsa suwuň endigan tutulmagyna, ýerleriň deň taba gelip, ekişi wagtynda geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, topragyň gurplanmagy üçin iýmitlendiriş işleri geçirilýär. Meýdanda edilýän işler tehnikanyň güýji bilen ýerine ýetirilýär. “Tehnika — — daýhanyň daýanjy” diýip hem şonuň üçin aýdylan bolsa gerek. Sürüm traktorlarynyň, azallaryň, tekizleýji gurallaryň wagtynda abatlanmagy degişli çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik berýär. Daýhan birleşikleriniň, “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynyň kuwwatly tehnikalary ulanylyp, gysga wagtda birnäçe gektar ýerlerde sürüm, tekizleşik işleri geçirilýär. “Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz” diýlişi ýaly, islendik ekine öňünden taýýarlyk görmeli. Muňa oňat düşünýän gallaçylar, tehnikalara erk edýän tejribeli mehanizatorlar ýerleri bugdaý ekişine taýýarlamagy guramaçylykly alyp barýarlar. Olar bu günki hereketiň ertirki bereketdigine örän oňat düşünýärler. Durdynabat BAÝRAMOWA.

12
12 12.08.2026
Ygtybarly üpjünçilik gazanylýar

Ajap eýýamymyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan ugur alnyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle ösüş-özgerişli menzillerimizem beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň belleniljek ýylynyň şanyna şan goşýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylda-da il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda alnyp barylýan işleriň bady artýar. Gürrüňi edilýän meselede ilatyň arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjünçiligi ýurdumyzda möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegini hemişe üns merkezinde saklap, bu wajyp mesele bilen bagly tutumly işlere badalga berýär. Bu mesele babatda welaýatymyzyň çäginde-de netijeli işler amala aşyrylýar. Welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde “Marywelaýatagyzsuw” birleşigimiziň zähmetsöýer adamlarynyň yhlas-tagallalary bilen uly üstünliklere eýe bolunýar. Birleşigimiziň suw arassalaýjy desgalarynyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylyp, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gazanmakda ähli aladalar edilýär. Talabalaýyk arassalanan agyz suwuny sarp edijilere bökdençsiz ýetirmegem möhüm wezipe. Ýene bir bellemeli zat bolsa, sarp edijilere berilýän suw himiki-bakteriologiki barlagyndan geçirilip, suwuň hiliniň ýokary talabalaýykdygyny gazanmakdyr. Bu meselede-de işler kemsiz ýola goýlup, aladalarymyz ýerine düşýär. Biz işimiziň ýokary jogapkärçiliginden ugur alyp, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýäris. Rejepmyrat HOJAMYRADOW.

12
12 12.08.2026
Beýik ýoly miras goýan ägirtler, Sizi baky ýaşadyp ýör şägirtler

Türkmeniň bagşyçylyk ýollarynyň ussat halypalary tarapyndan sünnälenip eýlenen aýdym-sazlarymyz asyrlardan-asyrlara geçip şu günlere gelip ýetipdir. Milli aýdym-sazlarymyzy her halypa özüne mahsus bolan çeperçiligi bilen öwrenip, geljekki nesillere ýetirmäge uly ýardam edipdir. Özboluşly milli aýdym-saz sungatymyzyň şu günlere gelip ýetmegine özüniň mynasyp goşandyny goşan salyr-saryk bagşyçylyk ýolunyň halypalarynyň biri-de Emin Aganýazowdyr. Emin Aganýazow 1882-nji ýylda Tagtabazar etrabynyň häzirki Zähmetkeş obasynda doguldy. Ol milli aýdym-sazlarymyzy ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir we birnäçe şägirtleri hem ýetişdirmegi başarypdyr. Beýik watançylyk urşy ýyllarynyň kynçylyklaryna garamazdan, Emin halypa obalara eşekli aýlanyp, her obadan aýdym-saza höwesek ýetginjek çagalary daşyna üýşürip, olara saz çalmagyň inçe syrlaryny öwredipdir. Emin Aganýazowa şägirt bolmaga, ondan aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenmäge höwesi bolan Tagtabazar etrabynyň şol wagtky Gyzyl goşun obasyndan Taýyr Muhammettäjow, Paýzy Gulbaýew, Aky Esenow, Goç Ýamadow, Meret Tekeliýew ýaly ýetginjekler üýşüp, ondan sapak alypdyrlar. Bularyň hemmesi saz ugrundan ussat halypalyga ýetmese-de, olar aýdym-sazyň inçe syrlaryny ele alyp, ýanama aýdymlary bilen obanyň toýlaryny bezäpdirler. Emin halypa 1959-njy ýylda aradan çykdy. Ondan tälim alan şägirtleriň sany barmak basyp sanardan köp. Olaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan bagşylarynyňam birnäçesi bar. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň arasynda milli saz guralymyz bolan dutarda saz çalmaga has ezber bolan Taýyr Muhammettäjow hem öz döwründe birnäçe şägirtleri ýetişdiripdir. Şol akabadan gaýdýan halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesiniň dowamaty häzir hem dowam edýär. Bular baradaky maglumatlar we suratlar, ýazgylar häzirki wagtda Tagtabazar etrabynyň Marçak geňeşligindäki Garly Durdyýew adyndaky oba medeniýet öýünde döredilen muzeýde saklanylýar we ýaş höwesjeň bagşylara şol ussat halypalar baradaky maglumatlar yzygiderli ýetirilip durulýar. Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş berip, halypa bagşy-sazandalarymyzy öwrenmäge we hatyralamaga döredip beren giň mümkinçilikleri üçin milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak hossarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Rozymyrat ORAZOW.

13
13 12.08.2026
Merw — myhmansöýerligiň mekany

Geçmişde jahankeşdelerdir syýahatçylar ülkämize çuňňur gyzyklanmalar sebäpli gelipdirler. Halkymyzyň medeniýeti, milli özboluşlylygy, hünärmentçiligi, sungaty bolsa ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň üns merkezinde bolupdyr. Taryhy maglumatlara görä, geçmişde ençeme asyrlaryň dowamynda Ýewropa bilen Aziýanyň, Günbatar bilen Gündogaryň söwda gatnaşyklary Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry bolan Merw şäheriniň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Seljuk soltany Sanjaryň döwründe Merw iki milliondan gowrak ilatly şäher bolup, onda köp sanly kerwensaraýlar, çaýhanalar, metjitdir medreseler ýerleşipdir. Şonuň ýaly hem bu ýerde ajaýyp ylym ojaklary hasaplanylýan kitaphanalar hereket edipdir. Şol kitaphanalarda ylmyň ähli ugurlary boýunça peýdalanmaga mümkinçilik bolupdyr. Bu toprak ylmyň dürli ugurlarynda ençeme işleri miras galdyran beýik şahsyýetleriň, görnükli alymlaryň, meşhur şahyrlaryň mesgenidir. Meşhur syýahatçy Ýakut al-Hamawy öz ýazgylarynda: “Merwden başga hiç bir şäher özünde şeýle köp sanly tanymal adamlaryň we beýik alymlaryň çykandygy bilen öwnip bilmez” diýip ýazypdyr. Gadymy Merw öz döwründe ekerançylyk, gurluşyk-binagärlik, şäher medeniýeti bilen dünýä ýurtlarynyň şäherlerinden tapawutlanypdyr. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ady äleme ýaň salan Aleksandr Makedonskiý Ahemenitleriň guran döwletini derbi-dagyn edip, Merwe gelende, bu ýeriniň tebigatyny, gözelligini görüp haýran galypdyr. Şäheriň golaýynda alty sany gala gurduryp, ony «Margiana Aleksandriýasy» diýip atlandyrypdyr. Emma b.e.ö. IV asyryň ahyrynda Merwi Selewki Nikator eýeländen soň ol öz ata-babalarynyň hormatyna bu ýerini «Selewkiýa» diýip atlandyrypdyr. Selewkiýa patyşasy Makedonskiden tapawutlylykda, diňe şäher gurmak bilen çäklenmän, bu ýerde uzynlygy iki ýüz kilometrden hem geçýän Beýik Orta Aziýa diwaryny gurdurypdyr. Dünýä alymlary bu uly diwaryň dünýäde meşhur bolan Hytaý diwaryndan hem öň gurlandygyny belläpdirler. Merw asyrlaryň dowamynda sebitiň we Ýakyn Gündogaryň medeniýetine, ykdysadyýetine ýiti täsir edipdir. Köp sanly köşklerden, belent ymaratlardan, gadymy sungat eserlerinden galan arheologik tapyndylar bu ýerde ozal mälim bolmadyk dünýä medeniýetiniň gadymy merkeziniň bolandygyny subut edýär. Merw belli-belli döwürlerde ykdysady, gurluşyk, ylym we medeni taýdan has uly ösüşlere eýe bolupdyr. Arap we pars dilli edebi eserlerde Merwiň şöhratly geçmişiniň öçmejek yzlary dogrusynda, şeýle-de, gözüňi gamaşdyrýan owadan keşbi, bol nygmatly bazarlary, hoşroý ýüzli, zyba gözelleri, köňli nurly, sahawat-keremli, myhmansöýer ili barada buýsanç bilen ýazylypdyr. Myhmansöýerlik — bu ilatyň asyl ganynda gaýnaýan ajaýyplyk. Bu babatynda döwrüniň ajaýyp şahyrlarynyň biri şeýle diýipdir: Eger gapy kaksa, gelip bir myhman, Begenip garşy alar, güler ýüz hökman. Bu asylly gylyk gelýändir öňden, Myhman bolsaň sylar köp çakdan-çenden. Hak nazaryn aýlapdyr bu şähere, Şeýledigin bilersiň, gelseň bu ýere. Ýeri gelende aýtsak, arap dilinde döredilen bu şygyr bütin dünýäniň jahankeşdelerinde uly gyzyklanma döredýän türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeniýetini, ynsanperwerlik däplerini, myhmansöýerlik ýörelgelerini açyp görkezmekde gymmatly hazyna bolup durýar. Merwde on sany kitaphana bolupdyr. Bu kitaphanalardan kitap almak tertibi ýeňil ekeni. Arap şahyrlarynyň biri şeýle ýazypdyr: Birnäçe ýyl ýaşadym, bu ajap şäherde, Bolmasady döwür keç, gitmezdim ondan bir-de. Gitdim ondan mejbury, Merwi ýatlaýan mydam, Gözümden ýaşlar akyp, men oňa muşdak adam... Pederlerimiziň şeýle ajaýyp ýörelgelerini nusga edinip, halkymyz ähli döwürlerde hem dünýä halklarynyň arasynda ruhy medeniýeti, myhmansöýerlik däp-dessurlary kämil derejede ösen halk hökmünde tanalýar. Täjigül MYRADOWA.

12
12 12.08.2026
Mekdep bazarlary işe başlady

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäher we etrap merkezlerinde, iri bazarlaryň hem-de söwda merkezleriniň ýanyndaky meýdançalarda ýörite göçme mekdep bazarlary guralýar. Bu ýerde okuwçylar üçin zerur bolan ähli harytlar bir ýerde jemlenip, onda hödürlenilýän harytlaryň agramly bölegini ýerli öndürijileriň ýokary hilli we ekologik taýdan arassa önümleri düzýär. Şeýle mekdep bazarlary biziň welaýatymyzyň çar künjeginde guraldy. Olaryň biri-de welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň welaýat köpugurly söwda bazarynyň garamagyndaky “Maru — şahu jahan” merkezi bazarynda işe başlady. Mekdep bazarynda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri satuwa çykaryldy. Hil taýdan gowy, amatly bahadan satuwa çykarylan harytlar çagalaryň islegini kanagatlandyrýar. Bu ýerde satylýan mekdepde geçilýän ähli derslere zerur bolan harytlaryň köpdürliligini hem aýratyn bellemek gerek. Şeýle amatly harytlardan doly bazarlaryň bolmagy, türkmen telekeçileriniň halkyň islegini kanagatlandyrmakda döredijilikli zähmet çekmegi bagtyýar zamanamyzda telekeçilige giň ýol açylýandygyny äşgär edýär. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim alyp, yhlasly zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! “Maru — şahu jahan”.

10
10 12.08.2026
Wepaly dost

Ir döwürde bir daýhanyň eşegi, aty, geçisi bar eken. Bir gün daýhanyň kellesine bir pikir gelýär. Ol haýwanlaryny synap görmekçi bolýar. Daýhan öz işi bilen gümra bolan bolup, haýwanlaryna hiç hili seretmändir. Atyna iým bermändir, eşegine ot dökmändir, geçisine bolsa arpa bermändir. Bular eýesine garaşyp ýadapdyrlar we goh turzup başlaýarlar. Daýhan olara üns hem bermändir. Eşek uzak garaşyp çydaman, aňňyryp ýola tarap çykýar welin, ýoldan geçip barýan bir adam onuň ýanyna gelýär. Ol eşegiň eýesiniň ýokdugyny görýär-de, alyp gidiberýär. Geçiniň hem garaşmaga takady ýetmeýär goňşusynyň ýatagyna girip gidýär. Goňşusy muňa, diýseň, begenýär, sebäbi şol geçä ozalam gözi gidip ýören eken. Ol geçini alyp ýatagyna salýar. Gezek ata ýetýär. At bolsa: “Atym bar — ýoldaşym bar” diýlişi ýaly, daýhanyň gözüniň alnynda geziberýär. Ol eýesiniň ýanyndan gitmeýär. Daýhan atyny sypap: — Gör, sen nähili wepaly dost ekeniň! Näçe kyn güne düşseň-de eýäňi taşlap gitmediň. Hakyky wepaly dost nähili ýagdaý bolsa-da, eýesini taşlap gitmez. Sen meniň wepaly dostum — diýip, atyna buýsanyp, atynyň boýnundan mähir bilen gujaklapdyr. ÝazjemaI JEPBAROWA.

11
11 11.08.2026
Gyrat

Atam, saňa arzym aýtsam, Araz çaýdan geçdi Gyrat. Bir hümmet ýetdi möwlamdan, Ganat baglap, uçdy Gyrat.   Köýnekçesin etsem zerden, Zerewşan tylla eýerden, Hümmet ýetdi ärden-pirden, Derýa kimin daşdy Gyrat.   Ýadap, ýedi gün uklady, Gyrat ýoluny saklady, Araz çaýyndan oklady, Kyrk gez bäri düşdi Gyrat.   Röwşen aýdar, ýa jepbar, Şahymerdan, bol medetkär! Jylawynda iki pir bar, Ölinçä ýoldaşdyr Gyrat. “Görogly” şadessanyndan.

11
11 11.08.2026
Gymmatbaha daşlar

Adamzat ýaşaýşynda we zergärçilikde giňden ulanylýan, aýratyn gadyrlanýan birnäçe gymmatbahaly we ýarym gymmatbahaly daşlar minerallara degişlidir. Ýakut. Arap dilinde “ýakut” sözi “Gyzyl daş”, “gymmatbahaly daş” diýmegi aňladýar. Almazdan soň iň gaty minerallaryň biridir. Gyrmyzy, goýy gyzyl reňkleri bilen tanalýar we şalygyň, söýginiň simwoly hasaplanylýar. Zümerret. Grekçe bu daşa “smaragdos — gök, ýaşyl daş” diýlipdir. Grekleriň bu sözi arap we pars diline “zumurrud” görnüşe geçip, durnuklaşypdyr. Ol ýaşyl reňkli, örän düşümli we nepis daşdyr. Gadymy döwürlerden bäri asyllylygyň we baýlygyň alamaty hökmünde zergärçilikde ulanylýar. Sapfir (Gök ýakut). Gadymy hindi dilinde “sanipriýa”, ýagny, “Saturn planetasynyň gowy görýän daşy” diýen manyny berýär. Adatça goýy gök reňkde bolýar, ýöne onuň sary we gülgüne reňklileri hem duş gelýär. Asman reňkli bu daş hem dünýäniň iň meşhur dörtlügine (Almaz, Ýakut, Zümerret, Sapfir) girýär. Biziň milli şaý-seplerimizde iň köp ulanylýan daşdyr. Hakyk. Türkmen zergärçiliginiň, aýratyn-da, gyz-gelinleriň şaý-sepleriniň (gupba, egme, bilezik we ş.m) aýrylmaz bölegidir. Onuň goňur, gyzylymtyl we sarymtyl reňkleri bolýar. Halk arasynda hakyk daşynyň adamy gözden-dilden we başga belalardan goraýandygyna ynanylýar. Pöwrize. Pars sözi bolup, “ýeňiji, “üstünlik getirýän”, “şatlykly” diýen manylary aňladýar. Gök we ýaşyl reňkleriň garyşygyndan ybarat bolan, örän owadan daşdyr. Gündogar halklarynyň arasynda bagt, üstünlik we parahatçylyk getirýän daş hökmünde meşhurdyr. Şonuň üçin adamlar ony ýüzüklerde köp ulanýar. Lazurit. Parsça “Gök reňkli daş” diýen manyny berýär. Bu söz arap diline “Lazaward” diýip geçipdir. Ýewropalylar latynça “lazur”, fransuzça “l’azur” sözlerden dünýä ylmyna “Lazurit” diýen adalgany girizipdirler. Ol ýiti we goýy gök reňkli, içinde altyn öwüşginli nokatlary bolan daşdyr. Gadymy döwürlerden bäri asylzada şaý-seplerini we gymmatbaha gap-gaçlary bezemekde ulanylýar. Topaz. Alymlaryň çaklamalaryna görä, gadymy grek diliniň “topazios” sözünden hem-de gadymy hindi diliniň “tapas” diýen sözlerinden alnyp, “ot”, “ýylylyk”, “ýalpyldy” diýen manyny berýär. Onuň, köplenç, dury gök, sary we reňksiz görnüşleri bolýar. Öwüşginliligi boýunça brillianta ýakynlaşyp bilýär. Ametist. Gadymy grek dilindäki “amethystos” sözünden gelip çykyp, “serhoş etmeýän”, “serhoşlyga garşy” diýmekdir. Göwher ýaly dury, ýöne ajaýyp melewşe (bägül) reňkli kwars mineralydyr. Örän owadanlygy sebäpli dizaýnerler tarapyndan köp ulanylýar. Hrizolit (Oliwin). Gadymy grekleriň “сhrysos” — “altyn”, “altyn öwüşginli” diýen sözi bilen, “lithos”, “daş” diýen sözlerinden emele gelip, “altyn daş», “altyn öwüşginli daş” diýen manydadyr. Zeýtun reňkli, sarymtyl — ýaşyl öwüşgin atýan özüne çekiji daşdyr. Ýakut, zümerret ýaly daşlaryň hakyky arassalary käwagt bahasy boýunça şol bir agramdaky brilliantdan hem gymmat bolup bilýär. Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Amanmyrat ÝAMADOW.

13
13 11.08.2026
Akyn boý boýlady... (Rowaýat)

Gadym zamanlarda gopuza, dutara ýanap, bolan wakany, rowaýaty aýdym ýaly akgynly aýdýan adama akyn diýipdirler. Ine, şol akynlaryň biriniň boýlan boýy. ...Atyr ysly howasy, bilbiliň owazy bilen yşk meýini içirip, ýaşyl ýaýlaly ýazy duşdan geçirip, sary sähra tomus gelende, gyzgyn gumuň eýesi epgek bolanda, myş-myşlar alaň aşdy, adamlaryň ýüregine bir dowul düşdi: “Uzboýuň kenaryny syryp, bagy-bakjany gyryp, galalaryň gapysyny ýaryp gelýän goşunyň hetdi-hasaby ýok. Goşunyň geçen ýerinde birje çöpem galanok. Olarda bäş düýedenem beýik bir jandar barmyş. Şol urşuň piri — söweş pili juda zormuş. Şuny eşiden Marguşuň garadangaýtmaz gerçekleri, gumly goçaklary, ýow gününiň guduzlary geldiler üýşüp-üýşüp, demir donlaryny geýşip. Giň takyryň başynda, ojar odunyň daşynda dana dädeler, serwer serdarlar geçmişden gürrüň açyp, zalym ýagynyň ýagdaýyny ölçäp-biçip, jarçylary haýkyrtdylar, gerçekleri bir çukura tüýkürtdiler: “Guýulary gömmeli, ilat guma siňmeli. Tüweleýliň takyrynda al salyp, duşmana geçer ýaly hileli ýol salyp bermeli. Depe-depe sazak goýup, barha daralýan duzak goýup, sözeniň ajy suwuna ezip, içine beýhuş dermanyny süzüp meşik-meşik “suw” goýmaly, gysganman joşup goýmaly. Iner çökeren, At maýran berkiň beýginde-de, süýtkädidir suwkädide ýangyç taýyn bolmaly. Bukuda mergenler ýaýyna gaýym bolmaly”. Söweş güni suwsuzlykdan halys eräp, kirden-derden eşigi çüýräp, sözenli meýden däliräp, uruş piriniň — söweş piliniň şaý-sepleri ýaldyrap, duşman geldi öz ajalyna gol bulap. Mundan ozal pil görmedik gumlular unudyp gorky-ürkini, pili synladylar dolduryp gumuň berkini. Söweş teblin kakdyryp, garymdan atyn bökdürip, çozdy duşman jöwzada derin akdyryp. Akyp ýatan ot ýaly gyzgyn çägede garnyn ýakyp, dik asmana holtumyn dikip, dyzanaklap ýokaryk dyrmaşýan piller, magallakdan uçup, howada ýanýan kädileriň ýalnyna çörňeşýän piller, birden-kä çydaman ataşyň özüne, urlan ýaly gözüne, serpildiler yzyna. Uruş pili bir-birini basgylap, pis pygylly halys boldy masgara. Ýygyn basga galdy, dep boldy, bu söweşde ýesir düşen köp boldy. Halaýyk haýkyrdy: «Buşluk, söýünji, bolmasyn ünji... Duşmanlary gan agladyp, endam-janyny dagladyk. Uruş pirini kädä gabadyk». Şol agşam gumlular toý toýlady, eneler üzärlik aýlady, ýaşlar şaman ot oýnady. Akyn şeýle boý boýlady... Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.

36
36 09.08.2026
Türkmenistanyň Halk maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna

      Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň demokratik  we Agrar partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de Mary welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda ,,Türkmenistanyň Halk maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna” atly maslahat geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen bu maslahatda çykyş edenler  golaýlap gelýän ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we oňa görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçip, bu syýasy möhüm çärede il-ýurt bähbitli garaljak meseleleriň, kabul ediljek çözgütleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de has-da ösdürilmekligine gönükdiriljekligi barada-da aýratyn nygtap bellediler. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly ýurdumyzda agzybirligi, parahatçylygy, jebisligi, asudalygy ündeýän asylly ýörelgelerimize eýermek bilen her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler ýurdumyz we halkymyz üçin örän ähmiýetlidir. Munuň şeýledigine bolsa Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda gazanylýan her bir belent sepgitler aýdyňlygy bilen äşgär edýär.  Bu günki maslahata gatnaşanlar halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.  Merjen Çaryýarowa.

36
36 08.08.2026
Maksatlaaryň agzybirligi we döredijilikli ösüş

    Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we oňa görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyp Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Oguzhan etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirildi. Bu maslahatda edilen çykyşlarda ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda  geçirilmeginiň we onda ýurdumyzda gazanylan belent sepgitlere ser salmak we geljekde döwletimizi gülledip ösdürmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de bu ýerde çykyş edenler watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ýurdumyzyň at-abraýyny belende götermekde, döwletimiziň pajarlap ösmegine goşýan mynasyp goşantlary dogrusynda hem buýsanç bilen belläp geçdiler.  Merjen Çaryýarowa.

36
36 07.08.2026
Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan

Golaýda Murgap etrap häkimliginiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrap medeniýet öýünde “Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan” ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyldy. Duşuşyga etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet öýüniň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Kakajan Täçgulyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Laçyn Rahmanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Aýdursun Annagylyjowa, etrap medeniýet öýüniň işgäri Güljan Nurýagdyýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Akjemal REJEBOWA.

35
35 07.08.2026
Ösüşlerimiziň binýady

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalaryna — Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu möhüm wakalara bagyşlanylan wagyz-nesihat çäreleri barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Golaýda mekdebimizde ýokarda ýatlanan taryhy wakalar mynasybetli “Halk Maslahaty — ösüşlerimiziň möhüm binýady” atly “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa TMÝG-niň etrap geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrabyň bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu çärede TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Sülgün Ataýewa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Öwezmyrat Gylyjow, mugallymlar Orazmyrat Garaýew, Röwşen Gurtlyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornunyň möhüm ähmiýeti, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda kabul edilýän döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Hojadurdy AKYMOW.

18
18 07.08.2026
Taryhy özgertmeleriň gözbaşy

Golaýda etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi we etrap bilim bölümi bilen maslahat geçirdi. Bu maslahatda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly durmuşa geçirilmeli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, ýokarda atlary agzalan guramalaryň we edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Muhammetnazar Täşliýew, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklyka, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolup durýandygy, döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygy, Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere ykrarlydygyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň etdiler. Häzirki wagtda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçdiler. Babajan MUHAMMEDOW.

18
18 06.08.2026
Halkara hukugy —kanunçylygyň, adalatlylygyň ýörelgesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüş-özgerişli menzilleri “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylda has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty BMG we iri halkara guramalary, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we giňden goldanylýar. Şol beýik başlangyçlar bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyryp, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukukly hyzmatdaşlygy we dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykarmaga gönükdirilendir. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Has takygy, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamany Milletler Bileleşigine agza döwletleriň 78-si goldady. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, halkara gatnaşyklarynda kanunylygyň, adalatlylygyň we hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň äşgär edýär. Görşümiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň bütin dünýäde uly goldaw tapýandygyny aýdyň görkezdi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde halkara abraýynyň täze belentliklerine çykýandygyna subutnamadyr. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly daşary syýasaty rowaç alyp, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýynyň ýokary göterilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň özenini Ýer ýüzünde howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de döwletleriň arasynda ykdysady-söwda, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmek düzýär. Halkara ähmiýetli başlangyçlarda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň adyndan eden teklibi biragyzdan goldanylyp, BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen bu başlangyç şanly ýylymyzyň taryhy wakasy boldy. “Maru — şahu jahan”.

18
18 06.08.2026
Geňeşli il myrada ýeter

Däp bolşy ýaly, her ýyl Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Halkymyzda “Maslahatly il myrada ýeter”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähimler bar. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda möhüm çözgütleri köpçülik bilen maslahatlaşyp kabul etmegiň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Ýurduň abadançylygy, ösüşi, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady kadalary bilen bagly çözgütleriň ählisi il-gün bilen geňeşilip kabul edilipdir. Munuň özi döwleti dolandyrmagyň adalatly, demokratik nusgasy bolup, ýaşuly nesliň durmuş tejribesine, halk köpçüliginiň bähbitleriniň nazara alynmagyna esaslanypdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem milli demokratik däplerimiziň müňýyllyklaryň synagyndan geçen tejribesiniň häzirki döwrüň talaplaryna kybap getirilip, jemgyýeti dolandyrmagyň täze milli nusgasydyr. Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan wekiller, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, işewürler, işçiler, daýhanlar, alymlar, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler girýär. Şeýle giň gerimli wekilçilik kabul edilýän çözgütleriň il-günüň bähbidine gyşarnyksyz eýermegini şertlendirýär. Ýakynda Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri öz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe, şol sanda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bitirilen işler, ýetilen belent sepgitler barada aýtdy. Gahryman Arkadagymyz bu üstünlikleriň, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginde, jebisliginde gazanylandygyny nygtady. Milli Liderimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň netijeleri jemlener. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenip, öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Hakykatdan hem bu gün türkmen halkymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bir supra jemlenip, döredijilikli zähmet çekip, bagtyýar, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýat şäher, etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle hem syýasy partiýalaryňdyr jemgyýetçilik guramalarynyň agzybir tagallalary esasynda umumymilli foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürýän, halkara abraýyny arşa göterýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! Kakageldi GURBANOW.

17
17 06.08.2026
Şanly ýylymyzyň ýeňişli gadamlary

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň özenini parahatçylyk, ynanyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz ählumumy meseleleri çözmekde, sebitara durnuklylygy berkitmekde hem-de medeni-ynsanperwer köprüleri gurmakda dünýä giňişliginde nusgalyk görelde görkezýär. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen çäklenmän, ählumumy ösüşe hyzmat edýän giň gerimli taslamalary öz içine alýar. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Umuman, Türkmenistanyň daşary syýasat sahypalary ýyl-ýyldan täze taryhy üstünlikler bilen baýlaşýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ynamly ädimleri halklaryň we döwletleriň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de durnukly ösüşiň kepili bolup dabaralanýar. Uzukjemal HOMMADOWA.

57
57 04.08.2026
Halk maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy

             “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem, ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti we nobatdaky Halk maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipelere bagyşlanyp Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Halk maslahaty- demokratiýanyň milli nusgasy” ady bilen maslahat geçirilip, ol çuň many-mazmuna eýe boldy.  Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu täsirli maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de bilim ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” diýlip, atlandyrylan ýylymyzda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar mundan beýläkde ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň pajarlap ösmegini, asuda we erkana Watanymyzyň her bir gününiň uly ösüşlere eýe bolmagyny, halkymyzy ak ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitlerine gönükdirilen dünýä nusgalyk işleriniň barha rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar. Dursun Ilbegiýewa.

1964
1964 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1795
1795 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2040
2040 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1972
1972 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1918
1918 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2268
2268 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1752
1752 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2079
2079 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.