Akyn boý boýlady... (Rowaýat)
Gadym zamanlarda gopuza, dutara ýanap, bolan wakany, rowaýaty aýdym ýaly akgynly aýdýan adama akyn diýipdirler. Ine, şol akynlaryň biriniň boýlan boýy.
...Atyr ysly howasy, bilbiliň owazy bilen yşk meýini içirip, ýaşyl ýaýlaly ýazy duşdan geçirip, sary sähra tomus gelende, gyzgyn gumuň eýesi epgek bolanda, myş-myşlar alaň aşdy, adamlaryň ýüregine bir dowul düşdi: “Uzboýuň kenaryny syryp, bagy-bakjany gyryp, galalaryň gapysyny ýaryp gelýän goşunyň hetdi-hasaby ýok. Goşunyň geçen ýerinde birje çöpem galanok. Olarda bäş düýedenem beýik bir jandar barmyş. Şol urşuň piri — söweş pili juda zormuş.
Şuny eşiden Marguşuň garadangaýtmaz gerçekleri, gumly goçaklary, ýow gününiň guduzlary geldiler üýşüp-üýşüp, demir donlaryny geýşip.
Giň takyryň başynda, ojar odunyň daşynda dana dädeler, serwer serdarlar geçmişden gürrüň açyp, zalym ýagynyň ýagdaýyny ölçäp-biçip, jarçylary haýkyrtdylar, gerçekleri bir çukura tüýkürtdiler: “Guýulary gömmeli, ilat guma siňmeli. Tüweleýliň takyrynda al salyp, duşmana geçer ýaly hileli ýol salyp bermeli. Depe-depe sazak goýup, barha daralýan duzak goýup, sözeniň ajy suwuna ezip, içine beýhuş dermanyny süzüp meşik-meşik “suw” goýmaly, gysganman joşup goýmaly. Iner çökeren, At maýran berkiň beýginde-de, süýtkädidir suwkädide ýangyç taýyn bolmaly. Bukuda mergenler ýaýyna gaýym bolmaly”.
Söweş güni suwsuzlykdan halys eräp, kirden-derden eşigi çüýräp, sözenli meýden däliräp, uruş piriniň — söweş piliniň şaý-sepleri ýaldyrap, duşman geldi öz ajalyna gol bulap.
Mundan ozal pil görmedik gumlular unudyp gorky-ürkini, pili synladylar dolduryp gumuň berkini.
Söweş teblin kakdyryp, garymdan atyn bökdürip, çozdy duşman jöwzada derin akdyryp. Akyp ýatan ot ýaly gyzgyn çägede garnyn ýakyp, dik asmana holtumyn dikip, dyzanaklap ýokaryk dyrmaşýan piller, magallakdan uçup, howada ýanýan kädileriň ýalnyna çörňeşýän piller, birden-kä çydaman ataşyň özüne, urlan ýaly gözüne, serpildiler yzyna. Uruş pili bir-birini basgylap, pis pygylly halys boldy masgara. Ýygyn basga galdy, dep boldy, bu söweşde ýesir düşen köp boldy. Halaýyk haýkyrdy: «Buşluk, söýünji, bolmasyn ünji... Duşmanlary gan agladyp, endam-janyny dagladyk. Uruş pirini kädä gabadyk».
Şol agşam gumlular toý toýlady, eneler üzärlik aýlady, ýaşlar şaman ot oýnady. Akyn şeýle boý boýlady...
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.