Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny goramakda we berkitmekde tutumly işlere badalga berýär. Ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmek halkymyzyň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sporty ösdürmekdäki başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň sport syýasatynyň çärelerinde türkmen sportuny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi halkyň saglygyny goramakda we berkitmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Şol bir wagtda bu ulgamda ýetilýän belent sepgitler jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmakda-da gowy netijesini berýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi onuň ösüşiniň rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berýär. Türgenlerimiz dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda şowly çykyş edip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara sport abraýynyň täze belentliklere çykmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Sporty ösdürmekde Türkmenistan döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar we gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy bilen 3-nji iýun “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edildi. Şonuň ýaly-da, 2024-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi we resminama Milletler Bileleşigine agza döwletler tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Muhammettöre ATAKOW.
Ýakynda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebinde hapkido boýunça welaýatyň açyk birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa welaýatymyzyň, Aşgabat şäheriniň we Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň türgenleri gatnaşdylar. Ýaryş, diýseň, çekeleşikli geçdi. Ýaryşda türgenler dürli agram derejesinde öz aralarynda ýaryşyp, ýaş aýratynlygyna görä ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň adalatly eminlik etmeginde ýeňiji bolan türgenler öňe saýlandylar. Ýaryşa gatnaşyjy türgenleriň 47-si 1-nji, ýene-de şonçasy 2-nji, 77-si bolsa 3-nji orunlara eýe bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan türgenlere welaýat hapkido söweş sungaty milli merkezi tarapyndan Hormat hatlary we medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gulmyrat GULOW.
Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmekde degerli işler alnyp barylýar. Indi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýan türgenleriň sany ýylsaýyn artýar. Sport mekdebimizde ýaşlaryň onlarçasy tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Aýratynam, ýeňil atletikaçylarymyzyň şowly çykyşlaryny ýatlamalydyrys. Golaýda Murgap etrabyndaky sport desgasynda ýeňil atletika boýunça welaýatda birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçirildi. Welaýat derejesinde guralan ýaryşa etraplardan we şäherlerden toparlaryň 7-si gatnaşdy. Örän çekeleşikli geçen toparlaýyn ýaryşda türgenlerimiz 3-nji orna mynasyp boldular. Şahsy ýaryşda türgenlerimiz üstünlikli çykyş etdiler. Ýeňil atletikaçylarymyz Serdar Perhadow, Pälwan Çarygeldiýew, Seýran Perhadow, Muhammet Röwşenow, Umyt Arslanow has tapawutlanmagy başardylar. Rahat AŞYROW.
Her bir güni beýik ösüşlere beslenýän gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri giň gerime eýe bolýar, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany gün geçdigiçe artýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda geçirilýän sport çäreleridir ýaryşlary halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça çäreler milli taglyma öwrüldi. Sport — bu ynsan durmuşynyň bezegidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli türgenleşmek adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onda erkinlik, zähmetsöýerlik, maksadaokgunlylyk duýgusyny ýokarlandyrýar. Her bir raýatyň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sport ulgamyny ösdürmekde uly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap sport desgalary köpçülikleýin gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen sport desgalary häzirki döwürde ulynyň-kiçiniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Şäherdir obalaryň keşbini bezäp oturan sport binalary hemmeleriň kalbyna ruhy baýlyk paýlaýar. Sporty, bedenterbiýäni söýmegiň belent nusgasyny görkezýän, ýurdumyzda sporty ösdürmäge giň ýol açýan Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys. Sülgün AKMYRADOWA.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasaty ýurdumyzda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýörelgesiniň rowaçlanmagyna ýol açýar. Halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň bähbitli netijesine uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen Garaşsyz döwletimizde ilaty sporta köpçülikleýin çekmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle tagallalar özüniň oňyn netijesinem berýär. Döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň gadamynyň batlanýandygyna türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda döredilen giň mümkinçilikler türgenlerimiziň ýeňişli menzillerine oňyn täsirini ýetirýär. Garaşsyz döwletimiziň sporty ösdürmäge gönükdirilen halkara ähmiýetli başlangyçlaram bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Aýratynam, dünýä çempionatlarynda we halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanýan türgenlerimiziň üstünliklerine ýokary baha berilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň başa-baş söweş sungaty sport toplumynda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere we tälimçilere gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy türkmen türgenlerini täze üstünliklere ruhlandyrdy. Begenç MOŞALAKOW.
Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Mary şäherinde ýerleşýän 4-nji sport mekdebinde mekdep okuwçylaryň arasynda sportuň kiçi Taý-boks görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Sportuň bu görnüşi boýunça özara güýç synanşan okuwçylar oňat netije görkezdiler we okuwlaryndan boş wagtlary sport bilen yzygiderli türgenleşip, beden taýdan taplanýandyklaryny öz ezberlikleri bilen subut etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde geljegimiziň eýeleri bolan körpeler hakynda yzygiderli alada edilýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we şadyýan geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalar wagtlaryny hoş geçirýärler. Ýakynda Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda bu ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Gyzgalaňly geçen ýaryşda “Gaýratly” topary 1-nji, “Joşgun” topary 2-nji, “Şatlyk” topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy. Altyn HALILLAÝEWA.
Ýakynda welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda 11-nji çagalar bakja-bagynda şäheriň çagalar bakja-baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda “Körpe türgenler” ady bilen welosiped sürmek boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş körpeler üçin örän gyzykly boldy. Çekeleşikli geçen ýaryşda körpeler öz aralarynda ýaryşdylar. Ýaryşyň şertlerine laýyklykda olar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde körpeleriň birnäçesi öňe saýlandy we baýrakly orunlara eýe boldy. Ýeňijilere TMÝG-niň şäher geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şatlykly pursatlara beslenen ýaryşyň ahyrynda körpeler ajaýyp zamanada sport bilen meşgullanmaga, bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar. Abdylla HUDAÝBERDIÝEW.
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri







