Ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, TMÝG-niň şäher geňeşiniň göçme kubogyny almak ugrunda şäheriň orta mekdeplerinde bilim alýan oglanlaryň arasynda futbol boýunça ýaryş geçirildi. TMÝG-niň şäher geňeşiniň, welaýat baş bilim müdirliginiň, şäher polisiýa bölüminiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryş diýseň çekeleşikli boldy. «Sport — ýaşlaryň gujurly güýji» ady bilen guralan ýaryş utulan çykdy usulynda bolup, onda toparlardaky okuwçylar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýaryşa welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň futbol boýunça tälimçileri eminlik etdiler. Emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde TMÝG-niň şäher geňeşiniň göçme kubogyna şäherdäki 27-nji orta mekdebiniň okuwçylary mynasyp boldy. Şeýle-de, 6-njy orta mekdebiň okuwçylary 1-nji, iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň okuwçylary 2-nji, 14-nji orta mekdebiň okuwçylary 3-nji orunlary eýelediler. Ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň şäher geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Annagözel SARYÝEWA.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerýän türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, eziz Watanymyzyň ezber ussatlary bolup ýetişýärler. Şol ussatlaryň hatarynda ýaşlaryň hem bolmagy bizi örän buýsandyrýar. Mary şäherindäki 21-nji orta mekdepde bilim-terbiýe alýan Jeýhun Orazmämmedow hem çagalykdan sportuň ussady bolmagy arzuw edýär we sport bilen meşgullanyp başlaýar. Şeýlelikde, ol 2-nji synpda Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebine gatnap, ussat tälimçi Abdy Abdyýewiň elinde sportuň taekwon-do (WT) görnüşi boýunça tälim alýar. Jeýhun ýaşlygyna garamazdan, welaýat we döwlet derejelerinde geçirilýän sport ýaryşlaryna we Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp, birnäçe gezek welaýatymyzyň hem-de ýurdumyzyň çempiony boldy. Oňa 2023-nji ýylda sportuň taekwon-do (WT) görnüşi boýunça ulularyň I we 2025-nji ýylda sportuň taekwon-do (ITF) görnüşi boýunça ulularyň II sport derejeleriniň berilmegi ony täze üstünliklere ruhlandyrdy. Ýaş türgen Jeýhun Orazmämmedow 2025-nji ýyldan bäri Mary şäherindäki 4-nji, 8-nji sport mekdeplerine, sportuň taekwon-do (ITF) görnüşi boýunça türgenleşige gatnap, şäherdäki 4-nji sport mekdebiniň halypa tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň, 8-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mähri Agaýewanyň goldawy bilen onuň sportda ussatlygy artyp başlaýar. Ol her ýylda sportuň taekwon-do (WT), (WTF) we (ITF) görnüşlerinde geçirilýän ýaryşlarda öz agramynda şowly çykyş edip, 1-2-nji orunlary eýeläp gelýär we Türkmenistanyň kubogyna, birnäçe medallara, diplomlara we Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. “Yhlasa — myrat” diýlişi ýaly, ýaşlykdan özüniň erjelligi bilen ýeňşe tarap ynamly gadam urýan Jeýhunyň çagalykdaky arzuwy, sporta bolan söýgüsi ony uly ýeňişlere ýetirýär. Geçen ýylyň dowamynda we üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinde ençeme gezek Türkmenistanyň taekwon-do (ITF) Milli merkeziniň synaglaryndan geçip, gara guşaga hödürlenilmegi onuň sportdaky başarjaňlygyny subut edýär. Häzirki wagtda şäherdäki 21-nji orta mekdebiň 12-nji synpynyň iň göreldeli okuwçysy, ýaş taekwon-doçy Jeýhun Orazmämmedow okuwdan boş wagtlaryny diňe türgenleşikde geçirýär. Biz hem çagalykdan sportuň ussady bolmagy maksat edinen Jeýhun jigimize mundan beýläk-de üstünlikli we ýeňişli ýollarynyň köp bolmagyny arzuw edýäris. Goý, geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterjek ýaşlaryň sany köp bolsun! Bahargül MEJIDOWA.
Geçen hepdede Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen guralan atly sport we gözellik bäsleşikleri, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň önümçilik we ylmy edaralarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan uly topar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasynda geçirilen bu halkara dabaralaryna gatnaşdy. 8-nji maýda Daşkent şäherindäki “Ýangi Toshkent Conference Hall” merkezinde “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara maslahat geçirildi. Merkeziň eýwanynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. 9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent welaýatynda “Gündogaryň merjeni” ady bilen atly sport we gözellik bäsleşigi geçirildi. Saýlama ahalteke atlarynyň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Iki günläp dowam eden bäsleşikleriň birinji gününde at çapyşyklary guraldy. Şeýle hem 10-njy maýda “Gündogaryň merjeni” atly halkara bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan ahalteke atlary gatnaşdyryldy. Eminleriň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi “Gündogaryň merjeni” atly dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, Aýgytly Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy we onuň seýisine ýeňil awtoulagyň açary, kubok hem-de Hormat hatlary gowşuryldy. Gysraklaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň absolýut çempiony diýen ada Özbegistandan gatnaşan bedew mynasyp boldy. Bedewiň seýisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kubok we Hormat haty gowşuryldy. Asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan türkmen we özbek halklary parahatçylyga, dost-doganlyga berk ygrarly bolupdyrlar. Häzirki wagtda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurtlarymyz bu gymmatlyklara pugta eýerýärler. Şunda parahatçylygyň özboluşly ilçileriniň — ahalteke atlarynyň aýratyn orunda bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Sähet HOJAGELDIÝEW.
Düýn Mary atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşygy Murgap jülgesiniň bedew muşdaklary üçin ýene bir baýramçylyga öwrüldi. Döwrebap toplumyň giň aýlawynda geçirilen ýelden ýyndam bedewleriň ýaryşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Dabarada ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlar bolsa şowhunly ýaryşlara özboluşly bir bezeg berdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýaz paslynyň ýekşenbe gününde şatlyk-şowhuna beslenen at çapyşyklary 5 tapgyrdan ybarat boldy. Üçýaşar atlaryň arasynda geçirilen birinji çapyşyk 1200 metr aralyk bolup, oňa bäş sany bedew gatnaşdy. Onda Mary welaýat häkimliginiň aty bolan Ýeňiş 2 atly dor at 1 minut 28 sekunt wagt bilen pellehana birinji bolup geldi. K. Garýagdyýewiň seýislän bu atyny çapyksuwar T. Annaçaryýew ussatlyk bilen çapmagy başardy. Ikinji çapyşyk 1400 metr aralyk bolup, onda üçýaşar bedewleriň bäşisi özara güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Ş. Orazgeldiýewiň hojalyk aty — Garagyz atly gara gysrak 1 minut 36 sekunt wagtda gelip, ýeňiji bolmagy başardy. Ş. Orazgeldiýewiň seýislän atyna B. Gurbanow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi. Üçünji çapyşyk ýene-de 1400 metr aralyga geçirildi we oňa üçýaşar atlaryň bäşisi gatnaşdy. Bu gezek Ş. Şamyradowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara aty ýeňiş gazandy. D. Amandurdyýewiň seýislän bu atyna Ý. Amannazarow çapyksuwarlyk etdi. Garajaoglan atly bu at pellehana 1 minut 34 sekuntda geldi. Soňky iki çapyşyk 1800 metr aralyga geçirilip, olarda dörtýaşar we ulyýaşar atlar güýç synanyşyp öz ýyndamlyklaryny görkezdiler. Dördünji çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli Peýdaly atly gyr at bäş atyň arasyndan saýlanyp ýeňiji boldy. Ol bu aralygy B. Gurbanowyň çapyksuwarlyk etmeginde geçip, pellehana 2 minut 7 sekuntda geldi. Atyň seýsi K. Garýagdyýew. Bäşinji çapyşykda R. Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy atly mele at bäş atdan saýlanyp pellehana birinji bolup geldi. Ş. Orazgeldiýewiň seýislän bu atyny çapyksuwar B. Gurbanow ussatlyk bilen çapmagy başardy. Bu at pellehana 2 minut 1,02 sekuntda gelmegi başaryp, ýeňiji boldy. Tolgundyryjy pursatlara baý bolan bu at çapyşygyna gatnaşan bedew janköýerleridir tomaşaçylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Sähet HOJAGELDIÝEW.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, gözbaşy müňýyllyklara uzaýan milli atşynaslygyň gadymy mirasyny dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabara beslenip giňden bellenilip geçildi. Gadymy Mary topragynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Dabaranyň geçen ýeri bolan welaýat atçylyk sport toplumynda atçapyşygyna gelen toý märekesini, bedew janköýerlerini medeniýet we sungat işgärleri, çagalar döredijilik toparlary aýdym-saz, tans bilen garşy aldylar. Belentden ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy alyslara ýaýrap, toý dabarasyny has-da şowhuna besledi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen at çapyşyklary gyzykly we dabaraly häsiýete eýe boldy. At çapyşygy jemi bäş çapuwdan ybarat boldy. Birinji çapyşykda üçýaşar atlaryň bäşisi 1200 metr aralyga güýç synanyşmak üçin çapuw ýodasyna çykdylar. Bu çapyşykda welaýat häkimligine degişli Ýeňiş 2 atly dor at 1 minut 25,69 sekunt wagtda pellehana gelmegi başardy. Ýeňiji bolan atyň seýsi K.Garýagdyýew, çapyksuwary T.Annaçaryýew. Ikinji çapyşyga gatnaşan dokuz sany üçýaşar atlaryň arasyndan saýlanyp M.Orazmyradowyň hojalygyna degişli Düşümli atly al at 1 minut 35,74 sekunt wagt bilen ýeňiji bolmagy başardy. Atyň seýsi M.Orazmyradow, çapyksuwary R.Rahmanow. Atlar 1400 metr aralyga çapuwa goýberildi. Üçünji çapyşyk hem 1400 metr aralyga bolup, oňa üçýaşar atlaryň dokuzysy gatnaşdy. B.Orazowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 33,69 sekunt wagt bilen gelmegi başaryp, ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary Ý.Amannazarow. Dördünji çapyşyk dörtýaşar we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilip, olar 2000 metr aralyga çapuwa goýberildi. Mary welaýat gümrük gullugyna degişli Goçýigit atly dor at 2 minut 14,95 sekunt wagtda pelehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary Ý.Amannazarow. Jemleýji, bäşinji çapyşyk hem dörtýaşar we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirildi. Muhammet Balkan hojalyk jemgyýetine degişli bolan Alsakar atly al gysrak 2000 metr aralygy 2 minut 15,84 sekunt wagt bilen geçip, alty atyň arasynda ýeňiji boldy. Onuň seýsi A.Ýazlyýew, çapyksuwary D.Begmedow. At çapyşyklaryna gatnaşan bedew janköýerleri we ildeşlerimiz Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Sähet HOJAGELDIÝEW.
Dünýä belli alymlaryň biri: “Okamasyny başarsaň, her bir ynsan açylmadyk kitapdyr” diýip, jaýdar belleýär. Elbetde, her bir ynsanyň bir zada ukyby bolýar. Bu bolsa şol ynsanyň çagalygyndan belli bolýar. Ene-atasynyň, mugallymlarynyň goldamagy netijesinde her bir çagada ukyp-başarnyk ýüze çykýar. Biziň gürrüňini etjek bolýan sporta höwesek, zehinli ýaşlarymyzyň biri hem Abdyrahym Öwezgylyjowdyr. A. Öwezgylyjow 2006 — 2017-nji ýyllarda Mary şäherindäki 11-nji orta mekdebi oňat bahalar bilen okady. Ol sapaklaryndan daşary sport bilen içgin gyzyklanyp başlady. Küşt, şaşka oýunlary onuň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Abdyrahym orta mekdepden boş wagtlary Mary şäherindäki “Pälwan” sport mekdebine gatnady. Sport mekdebiniň tälimçisi Mahym Gurdowa Abdyrahymyň küşt, şaşka oýunlaryna höwesekdigini aňyp, oňa bu oýunlaryň inçe tilsimlerini irginsizlik bilen öwretdi. A.Öwezgylyjowyň bilesigelijilikli, irginsiz zähmeti oňa şöhrat getirdi. Ol 2022-nji ýylda Mary şäherinde geçirilen “Daýanç hereket süňňi şikesli” erkek türgenleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň şahsy çempionatynda 1-nji orny, 2024-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen “Daýanç hereket süňňi şikesli” erkek türgenleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň şahsy çempionatynda 3-nji orny eýelemegi başardy. Bu üstünlikler Abdyrahymyň özi bilen bir hatarda ene-atasyny, doganlaryny, mugallymlaryny, diýseň, begendirdi. Biz hem zehinli türgenimiz Abdyrahym Öwezgylyjowyň sport älemindäki üstünlikleriniň şowly, dowamly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Aýparça AKYMOWA.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Çünki, ýurdumyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Türkmen türgenleri daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe bolup, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Oňa welaýatymyzdan alty türgen we bir tälimçi gatnaşyp, olar sportuň uniwersal söweşiniň klassik görnüşi we laýt göreş görnüşi boýunça şowly çykyş edip, medallaryň 12-sine we Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Olardan 12-13 ýaşly türgenleriň arasynda Kerem Ataýew +55 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1 altyn, 1 kümüş medala, 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda Meýlis Mekanow 60 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1 altyn, 1 kümüş medala, Atajan Handurdyýew 60 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 kümüş medala, Ylham Şatlykow bolsa 70 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 altyn medala eýe boldular. Şeýle-de, 16-17 ýaşly türgenleriň arasynda Ýakup Täçgeldiýew 55 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 kümüş medala, Dawut Döwletow 65 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 kümüş medala mynasyp boldular. Halkara ýaryşynda ýeňiş gazanan Wekilbazar etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň uniwersal söweş boýunça tälimçisi, Milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Nagmat Hojamämmedowyň ýetişdirýän ussat türgenlerine geljekde-de sport äleminde uly üstünlikleri we ýeňişleri arzuw edýäris. Bahargül MEJIDOWA.
Bedew bady bilen öňe barýan gözel Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu ajaýyp şygar astynda geçirilýän sport çäreleridir ýaryşlary halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça nusgalyk işler edilýär. Hormatly Prezidentimiz her bir raýatyň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy üçin sport ulgamyny ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap sport desgalary köpçülikleýin gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen sport desgalary häzirki döwürde ulynyň-kiçiniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Şäherdir obalaryň keşbini bezäp oturan sport binalary hemmeleriň kalbyna ruhy baýlyk paýlaýar. Mundan başga-da, saglyk ýolundaky ýörişler, welosipedli ýöriş ýaly sportuň ruhlandyryjy görnüşleri hem saglygyň berkemegine getirýär. Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin giň ýol açylyp, şol ýaryşlarda ýeňiş gazanyp gelýän ýaşlarymyza bütin halkymyz guwanýar. Sport — ynsan durmuşynyň bezegi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli türgenleşmegiň adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, ol erkinlik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk duýgusyny ýokarlandyrýar. Jennet BEGENJOWA.
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri










