Zenanlar birleşmesiniň Ýolöten etrap zenanlar bölüminiň gurnamagynda “Bedew batly Diýarymyzyň bagtyýar zenanlary” atly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu maslahata kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri şeýle hem mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler aýdyň geljege ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Watany söýmek, halka hyzmat etmek ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýan türkmen zenanlaryna goýulýan belent sarpa dogrusynda şeýle hem olaryň ýurdumyzyň dürli pudaklarynda halal zähmet çekmeklerine döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de Watanmyzyň röwşen geljeginiň eýeleri kalby ylhamly, zehin döredijilikli ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermek, dünýä dillerini öwretmek, ösen tehnologiýaly enjamlar arkaly bilim endiklerini ösdürmek ugrunda Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik tutumly işleri dogrusynda aýratyn nygtap geçdiler. Şeýle hem şöhratly taryhy bolan halkymyzyň däp-dessurlarynda päk ahlakly, berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana, halka wepaly nesilleri ýetişdirmekde, maşgala mukaddesligini goramakda türkmen zenanlarynyň tutýan orny dogrusynda aýratyn bellediler. Edep-terbiýä ýugrulan bu maslahatda asuda we parahat watanymyzda zenan mertebesini belende göterip, ýurdumyzy ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belet maksatly işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar.
Aýna Annagurbanowa .








