Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Mary welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirilip, oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar. ,,Zenanlar bagtyýar durmuşyň özeni” ady bilen geçirilen bu çärede çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde, olaryň Watana, il-güne wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerinde hem-de maşgala mukaddesligini berkitmekde zenanlaryň tutýan orny dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de bu ýerde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ýetilen belent ösüşler we şol ösüşlere zenanlaryň goşýan goşantlary hem-de döwletimizde zenanlara goýulýan hormat-sarpa dogrusynda-da aýratyn buýsanç bilen nygtalyp geçildi. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar ýurdumyzda zenan mertebesini belende göterýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merjen Çaryýarowa.








