2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip yglan edildi. Şu ýylyň şanly şygaryna bagyşlanyp Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri hem Mary Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurnamagynda geçirilip, oňa bu okuw jaýynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. “Ýylyň şygary üstünliklere badalga” ady bilen geçirilen bu maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny raýatlarymyzyň watançylyk buýsanjyny olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrmak bilen ýylyň bütin dowamynda amala aşyrylýan işler, şol şygaryň mazmuny bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär- diýip buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda hem täsirli gürrüňler edip, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Altynaý Seýitberdiýewa.








