NAKYLLAR HAKYNDA OÝLANYP...
Gürrüňdeşlikde haýsy bir mesele bolsa bolsun, gürrüň tekrarlanyljak bolnanda, aglaba, miras galan nakyllara ýa-da atalar sözüne ýüzleneniňi duýman galýarsyň. Çünki, nakyllar asyrlardan-asyrlara, dillerden-dillere geçip, şu günümize gelip ýeten ajaýyp halk döredijiliginiň bir görnüşidir. Nakyllar halk tarapyndan döredilen paýhasyň gorly nusgasydyr. Halkyň içinde il-gününe, ata Watanyna ýarap ýören juda parasatly ynsanlaryň jaýdar aýdan sözleri adamlaryň aňynda, hakydasynda orun tapypdyr. Şeýlelikde, olar nesillerden-nesillere geçip, biziň şu günümize gelipdir.
Alym Arkadagymyzyň howandarlygynda neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitaby diňe bir mugallymlaryň, okuwçylaryň ýa talyplaryň gollanmasy bolman, eýsem, her bir türkmen ojagynda iň köp okalýan kitaplaryň birine öwrüldi diýsek ýalňyşmarys. “Paýhas çeşmesi” kitabyndan biz — mugallymlar terbiýeçilik sagatlarynda, beýleki derslerde hem giňden peýdalanýarys. Nakyllar bilen düşündirilen islendik tema aňsat we berk özleşýär.
Mysal üçin, iň kiçijik çagajyklaryňam oňat bilýän nakyllarynyň biri — “Işlemedik — dişlemez”. Bu nakyl göni manysynda gelip, işlemeseň, gara deriňi saçyp, zähmet çekmeseň iýmäge höregiň bolmajagyny aňladýar. Diýmek, bütin ýaşaýşyň gözbaşy zähmet bilen başlanýar. Islendik üstünlige ýetmek irginsiz zähmeti talap edýär. Şonuň üçin her bir çaga zähmeti söýmegi, zähmet çekmegi öwretmek biz — ene-atalaryň, mugallymlaryň paýyna düşýär. Ýaşlara zähmet çekeniňde hökman ýaşaýşyň özgerýänini, gülleýänini öwretmeli, düşündirmeli.
Diňe bir parasatly ýaşululardan galan nakyllar däl, eýsem, ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinden setirler we jümleler hem edil nakyl ýaly bolup galypdyr. Dünýäniň akyldary, hezreti Magtymguly Pyragynyň “Har eýlär” diýen şygrynda şeýle setirler bar:
Az iýip, az ukla, ýene az sözle,
Köp söz seni il içinde har eýlär.
Şeýle diýmek bilen Magtymguly atamyz köp iýmegiň, köp uklamagyň saglygyňy ýitirmeklige, wagtyňy biperwaý geçirmeklige, köp sözlemegiň bolsa iliň içinde mertebäňi peseltjek ýagdaýa eltjekdigi barada gysgadan, jaýdar belläpdir.
Halkyň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynda-da nakyla, aýtga öwrülip giden setirler köp:
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
Şoň üçinem geçdik ine şunça ýol...
Göräýmäge, bu mysal ýönekeý bir şygyr setiri, ýöne manysy welin ýönekeý däl. Çuň, ýüregiňe jaýdar setirler. Biz — ynsanlaryň dünýä gelmegimiziň özi bir şatlyk, özi bir bagt. Her bir ynsan dünýä gelende, gör, näçe adama şatlyk paýlaýar. Ussat hem şu giň manyny gysga setirde ýatdan çykmaz ýaly edip ýazypdyr. Şeýle nakyla öwrülip, adamlaryň kalbynda ýaşaýan jümleler häzirki döwrümizde-de döremegini, terbiýe bermegini dowam edip dur. Balkanly ussat şahyr Didarberdi Allaberdiýewiň şygyrlarynda şeýle setirler bar:
Nan aglarmyş, işlemedik iýende,
Don aglarmyş gazanmadyk geýende...
Bular goşgy setirleri bolsa-da, edil nakyl ýaly ýazylypdyr. Şu setirleri özüm, köplenç, edebiýat sapaklarynda ulanýaryn. Okuwçylaryň zähmet terbiýesini kämilleşdirmekde, ata-enäniň çagalary üçin çekýän irginsiz zähmetine hormat goýmagy öwredemde şeýle setirleri giňden peýdalanýaryn. Didarberdi şahyryň edil nakyl ýaly bolup aňyňda galýan, çaga terbiýesinde, asyl-ha, ynsan terbiýesinde ähmiýetli setirleri örän köp.
Ýene bir ussat halypam Muhammetberdi Annageldiýewiň edil nakyl ýaly ýadyňda galýan setirleriniň bardygyny ýatlasym gelýär. Halypanyň “Syntgylanan setirleri” durşuna şeýle jümlelerden ybarat.
Şeýle ussatlaryň biziň ilimizde ýaşandyklary, ýaşaýandyklary geljekki nesillerimiz üçin örän uly bagt. Sebäbi, biz şolaryň paýhas mekdebinde ýaşamagy öwrenýäris, öwredýäris!
Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, işlemäge, döretmäge milli mirasymyzy öwrenmäge, kämilleşmäge mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun! Tutýan tutumly işleri has-da rowaçlansyn!
Sülgün GURBANOWA.