Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýip, yglan etmek hakyndaky Kararynda bellenilişi ýaly: “Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr”. Şeýle bolansoň, halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biri bolan behişti bedewlerimiz edebiýatymyzyň ähli döwürlerinde-de şahyrlarymyzyň, çeper söz ussatlarymyzyň ylham çeşmesine öwrülipdir. Olaryň şu aşakdaky setirlerine-de bedewlerimize bolan çäksiz söýgüsi siňendir.
At gazanar goç ýigidiň,
Owal bedew aty gerek.
Gelene garşy çykmaga,
Ýagşy muhabbeti gerek.
Magtymguly PYRAGY.
***
Eý ýaranlar, halaýyklar,
At wepadary ýigidiň.
Geýip çyksa demir donlar,
Artar hünäri ýigidiň.
Annagylyç MÄTÄJI.
***
Bedew münen hassa bolsa sag olur,
Çeşmi hyra bolur, keýpi çag olur,
Köňli hup açylan täze bag olur,
Gunça gülüstandyr üsti bedewiň.
Seýitnazar SEÝDI.
***
Elim ýetse, gelsem hötde,
Höwesim köp ýüwrük atda.
Baýly şahyr.
***
Ýüreklere ýakyn, gözlere ýyly,
Sypamaz sagryňy del kişiň eli,
Şöhradyň — perzendi, namysyň — guly,
Ýeri, nädip, saňa “haýwan” diýeýin!
Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
***
Gözüňe söwdügim şeýle bir bedew:
Alkymy daglaryň alkymy ýaly.
Ýakymy bägülüň ýakymy ýaly,
Ýallary hüýr gyzlaň çokuly ýaly,
Guýrugy maýsanyň tolkuny ýaly,
Akyly dananyň akyly ýaly.
Kerim GURBANNEPESOW.
***
Jeren kimin oýnap dört ýana bakýan,
Mertler bilen azat zähmetler çekýän,
Ýüwrükligne ýeller togaba çökýän,
Bedewler kişňeýär biziň illerde.
Rahmet SEÝIDOW.
Taýýarlan Annamyrat BERDIMYRADOW.








