Çölde ony tapanymyzda gözem açylman eken. Töwereginde motosikliň yzyndan başga yz ýok. Goňşy sürä, gelen-geçenlere aýdyşdyrdyk, soran-idän bolmady. Ýaman ýeri, güjükleri aý ýarymlyk Açylmazam ony almady.
Ol uzynly gije çyňsap bizar edýär. “Bar öweýiňe özüň göz bol” diýýän çopanyň igenjine çydaman, güjüjege elden süýt bermeli boldy. Janawar ulalýança gijelerine oýlugyma girip, görgi görkezdi. Ulalansoňam, näme üçindir, goşdaky itler ony arasyna almady. Garaz, ýekirilip, dalanylyp, dişlenilip ers-mers bolan Öweý üýtgeşik äpet it bolup ýetişdi.
Güjükliginden dalanan it gorkak bolaýjak ýaly. Ýok, ol gaýta garadangaýtmaz boldy. Garpyşanda dagy garşydaşyny şeýle bir gazap bilen çeýneýär welin, ary köýen ýaly. Güýz gyrkymynda goşdaş bolan goňşy sürüniň bir ganjygyny gabanyp, men diýen itlerem ulukjyn açdyran Öweý üç günläp ýitirim boldy.
Köne çygyra dolanan günümiz ýanaw: “Itimiz köpeldi, iliň it-ä ýala geleniň yzyna düşüp gidýär. Öweý welin gabanýanyny öňüne salyp geläýipdir” diýip, ýaňsy bilen buşlady. Mydama ýaňsylanýan, kemsidilýän Öweý gurt garpyşyklarynda batyrgaý uruşganlygy bilen abraý alyp ugrady.
Uzyn-uzyn gyş gijeleriniň birinde bizi itleriň gazaply gabyrdysy örüzdi. Kim taýaga, kim otly kesindä ýapyşyp, ýiti şöhleli elçyramyz biien süriniň daşyna aýlandyk. «Wah, tüpeňiň gerek ýeri-dä» diýip, arman çekýän çopan barymyzdan beter çarp urdy. Biz üçin gurt garpyşygy alty-ýedi sagada çeken ýalydy. Emma möjekler bir sagada ýetirmän geregini edinipdirler. Goýnuň guýrugyny dagy pyçak bilen aýyrmak görgüdir welin, olar on-on iki guýrugy ýüzugra “arassalapdyrlar”.
Jahan ýagtylansoň itleri melhemläp guýruk gapdyrdyk. Ýeňil-ýelpaý ýaralanan itler “müýnürgeşip” ýatyr. Öweý welin, ýok. “Aý, ol indem ene möjegi öňüne salyp geler-le” diýýän ýanawyň iňirdisine çydaman, Öweýiň gözlegine çykdym. Käýerde daman ganyň yzy meni söweş bolan ýere getirdi. Janawar ene möjeg-ä bir alypdyr welin, mähnet gälebaşyňam bokurdagyny ölensoňam agzyndan sypdyrmandyr. Güpbime dolap, başujyna jür agaç dikip jaýladym...
... Baharda maldarlaryň maslahatynda, goňşy obanyň guýusynda Öweýiň ekiztaýy ýaly iti görüp, tisginip gitdim. Ýanymdaky çopan «Onuň taýy gözi açylmadyk güjükkä ýitdi. Ýortmanka otuz goýna çalşylýan ol it, öýkelekden gyzma, gabanjaňdan wepaly, garadangaýtmaz batyr, ölse-de agyz uran ýerini goparman goýmaýan Ahmyrlynyň nesli» diýdi welin, Öweý ýadyma düşüp, hormatyna heýkel dikeldilýän itlermize guwanjym artyp gitdi.
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.








