Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabynda: «Garaşsyz döwlet bolmak arzuwy ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşady» diýip belleýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly Türkmeniň —
— diýen dürdäne setirleri bu gün türkmeniň belentliklere göterilen ykbaly bolup ýaňlanýar. Garaşsyzlyk — döwlet berkararlygymyzyň binýadynyň berkden tutulmagyna badalga berýän uly güýçdür. Mukaddes Garaşsyzlygymyz müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, belent ynsanperwer däplerimizi gaýtadan dikeltmäge şert döretdi. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyga, rowaçlyklara beslenýän Türkmenistan döwletimiz parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik hem-de içeri we daşary syýasatyň durnukly ösüş ýörelgelerine berk eýerýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň mizemezliginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan halkara derejesinde öz mynasyp ornuny eýelemek bilen, dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeldip, oňyn başlangyçlary öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraýa we hormata eýe bolýar. Ýurdumyzyň çäginde medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk täze many-mazmuna, kämil garaýşa, milli buýsanja, watançylyk söýgüsine eýe boldy. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ruhuna, gadymy däp-dessurlaryna, milli ýol-ýörelgelerine dolanan agzybir halkymyz şanly geçmişiniň, buýsançly taryhynyň bardygyna göz ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz: “Garaşsyzlyk — ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr» diýip örän jaýdar belleýär.
Garaşsyzlyk baýramy binýady berkden tutulan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň baş baýramydyr. Adam hakda aladany «Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelge esasynda amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary halkymyzyň has-da aýdyň geljegini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ata Watanymyz we merdana halkymyz üstünlikleriň we rowaçlyklaryň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mundan beýläk-de gülläp össün!
Şemşat SENAGULYÝEWA.








