“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyga bagyşlanyp Mary welaýatynda hem dürli mazmundaky wagyz-nesihat çäreleri we maslahatlar yzygiderli geçirilip, olar çuň many-mazmuna eýe bolýar. Mary etrabynyň medeniýet öýünde Mary etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, bilim ulgamynyň işgärleri we Mary etrabynyň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu wagyz-nesihatyň dowamynda çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry ýerine ýetirilmegine, pyýadalar bilen awtoulaglaryň hereketleriniň sazlaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilmelidigini nygtadylar. Bu wagyz-nesihat duşuşygy oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar halkymyzy asuda durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Azat BEGLANOW.








