Mary şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda gelin-gyzlaryň arasynda “Yhlasly zenan öý-ojagynyň ýylysy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.Mary şäher häkimliginiň hem-de zenanlar birleşiginiň Mary şäher bölüminiň,Mary şäher kazyýetiniň,şäher polisiýa bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu duşuşyga kümüş saçly mährem eneler, şäher zenanlar bölüminiň işjeň agzalary, welaýatdaky ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynyň zenan mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda adamyň, raýat hukuklary we azatlyklary,olary goramagyň usullary we görnüşleri dogrusynda , her bir türkmen maşgalasynda millilik, edep we nesil terbiýesi hakynda tasirli gürrüň berdiler.Maslahata gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň aýdyň geljegi ugrynda alyp barýan döwlet syýasaty üçin çäksiz alkyşlaryny buýsanç bilen beýan etdiler.
Suwhan KULYÝEW.








