Ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlanýan Ýeňiş baýramy mynasybetli Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşi,Mary Garnizony, TDSG-nyň Mary şäherinde ýerleşýän harby bölümleriniň gurnamagynda “Ýeňiş-sözi ýürekleriň joşguny” atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Bu ýerde edilen çykyşlarda bagtyýarlyk döwrümizde.1941-1945-nji ýyllardaky Watançylyk urşuna gatnaşyp, janyny orta goýup söweşen, gaýduwsyzlygyň we mertligiň beýik nusgasyny görkezen, uruş weteranlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýle hem bütin türkmen halkymyzy Ýeňiş güni mynasybetli gutladylar. Beýik ýeňişi tarypyny ýetirip Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.
Maýa Annameredowa.








