Golaýda welaýat kitaphanasynda kitaphananyň hem-de Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Ýaşlara ynam — bagtyýar geljegiň ýoly” ady bilen maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Akmaral Sammyýewa, Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Gülnur Muhammedowa, Gülnabat Illiýewa hem-de şol mekdebiň talyplary Aýlar Berdimyradowa, Çemen Orazowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zehininden dörän ajaýyp eserleriniň many-mazmuny, ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti, olarda beýan edilýän taryhy wakalaryň möhümligi dogrusynda içgin gürrüň etdiler. Şeýle-de, bu babatynda talyplaryň eden çykyşy has-da täsirli boldy. Çünki, olar ajaýyp eserleriň okyjylary hökmünde kitaplaryň ýaşlara ýetirýän täsiri barada durup geçdiler.
Altyn GAŞLAKOWA.








