Şu gün ― 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralýan Ýaşlar forumy öz işini Nesilleriň arasyndaky dialoglar hem-de mowzuklaýyn bölümçeler bilen dowam etdi.
Günüň birinji ýarymynda «Ýaşlar syýasaty iş ýüzünde: Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin sebitleýin liderligi we strategik maýa goýumlary güýçlendirmek» atly çäre guralyp, munuň özi bütin dünýäde ýaşlar diplomatiýasynyň ilerledilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Çärede BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Kaha Imnadze, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň wekilleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, dünýäniň dürli yklymyndan gelen ýaşlar çykyş edip, BMG-niň Awaza forumynyň çäklerinde guralýan Ýaşlar forumynyň ýokary ähmiýetini bellediler.
Günüň ikinji ýarymynda Nesilleriň arasyndaky tematiki dialoglar öz işini dowam etdi. Hususan-da, «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin parahatçylyk we ynanyşmak köprülerini döretmek» atly mejlisde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň başlangyçlarynyň ähmiýeti barada çykyşlar edildi, şeýle hem möhüm başlangyçlar öňe sürüldi. Şunda ýaşlaryň çekişmelerine hem orun berildi.
Nesilleriň arasyndaky tematiki dialoglaryň nobatdakysy «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin strategik serişde hökmünde demografik diwidend» diýlip atlandyryldy. Ýaşuly we ýaş nesliň arasyndaky dialogda çykyş eden wekiller ýaşlary çözgütleri kabul etmek işine çekmegiň möhümdigini belläp, hut ýaşlaryň özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny we olaryň başlangyçlarynyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşine goşant goşup biljekdigini nygtadylar.
«Nesil» gazeti.