Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Mary welaýat Merkezi kitaphanasynda kitaphana işgärleriniň gurnamagynda “Kitap bilimleriň hazynasydyr” ady bilen wagyz - nesihat maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň işjeň agzalary hem-de Mary welaýat Malyýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we welaýatymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyz gatnaşdylar.
Bu maslahatda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklarynda ilkinji ýol görkeziji kitabyň uly ähmiýeti barada, şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň döwlet ähmiýetli alyp barýan işlerine, ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin çärelere ýaşlaryň yzygiderli gatnaşyp, mährban Watanymyza mynasyp goşantlaryny goşýandyklary barada giňişleýin gürrüňler edildi. Ýaşlaryň bilimine, terbiýesine aýratyn üns berilýän döwründe ýaş nesilleriň häzirki zaman tehniki serişdelerden netijeli peýdalanmaklary olaryň aň-düşünjeleriniň artmagyna getirýär. Ýurdumyzyň her welaýatlarynda hereket edýän merkezi we etrap kitaphanalar bolsa, islendik ugurdan bilimini artdyrmak isleýän raýatlarymyza döredijilik goldawy bolup hyzmat edýär. Özleriniň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak isleýän ýaşlar kitaphananyň ýörite internet otagynda ýerleşdirilen kompýuterleriň üsti bilen sanly ulgam arkaly özlerine gerek bolan maglumatlardan peýdalanyp bilýärler.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy döwlet bilim beriş ulgamynyň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi bilen mugallmlarda sapagy uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi hem döredi. Ýokary hilli tehnologiýalardan peýdalanmak bilen biziň ýaşlarymyz geljekki zähmet ýollarynda zerur bolan endikleri özlerinde terbiýeleýärler. Gymmatly hazyna hasaplanýan kitaplary okamak hem-de ondan ýerlikli peýdalanmak bolsa biziň her birimiziň durmuş ýörelgelerimiziň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halkyna peşgeş beren her bir kitaplary, döredijilik neşirleri umumydünýä medeni hazynanyň ösmegine, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat edýär.
Kitaphanada ýerleşdirilen gadymy we häzirki zaman kitaplary baradaky baý maglumatlary ýaş okyjylaryň aňyna ýetirmek maksady bilen geçirilýän yzygiderli duşuşyk maslahatlaryna gatnaşýan kitaphana we döredijilik işgärleri kitaphana gaznasyny artdyrmakda döwlet ähmiýetli işleri ýola goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sözlerini beýan etdiler.
Nurjahan Mämedowa.