Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň ähmiýeti barada bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň gatnaşmaklarynda wagyz – nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygynda ýeten derejesi, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara forumynda kabul ediljek “Awaza” maksatnamasynyň ähmiýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasaty, Ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde edýän bimöçber aladalary barada giňişleýin gürrüňler edildi.
Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Toýmyrat GURBANOW.