Hepdäniň sişenbe güni welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Welaýat zenanlar bölümi tarapyndan guralan bu bäsleşige şäherdir etraplardan gelen keçe taýýarlaýan çeper elli gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar ata-babalarymyzdan miras galan keçe sungaty hakynda — keçe basmagyň aýratynlyklary, ýüňleriň saýlanylyşy we reňklenilişi, olaryň daralyşy, gamyş dokalyşy barada gürrüň bermek, keçäni güllemek, keçe taýýarlanylanda iş pursatlaryny görkezmek, keçe bilen baglanyşykly gyzykly rowaýatlary, yrymlary we däp-dessurlary aýdyp bermek, milli mirasymyza bolan ýürek buýsançlaryny beýan etmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bu ýerde welaýatymyzyň mahmal owazly zenan aýdymçylarynyň aýdym-sazly we folklor çykyşlary, ýerine ýetiren ajaýyp tanslary keçe taýýarlaýan bäsdeş gyz-gelinlere ruhy lezzet paýlady.
Eminler toparynyň agzalary owadan gülli keçeleri taýýarlan gelin-gyzlaryň işlerine mynasyp baha berip, ýeňijileri yglan etdiler. Netijede, 1-nji orna Mary etrabynyň, 2-nji orna Ýolöten etrabynyň, 3-nji orna bolsa Tagtabazar etrabynyň ussat keçeçileri mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijileri TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary we höweslendiriji baýraklary bilen sylaglandylar. 1-2-nji orunlary eýelän gyz-gelinler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bahargül MEJIDOWA.