Şu günler ýurdumyzda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym — 2026» atly telebäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlary şatlyk-şowhuna beslenýär. Bäsleşigiň maksady ýaş zehinli aýdymçylary ýüze çykarmakdan ybarat bolup, onda şirin aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde has tapawutlananlar ýeňiji diýlip yglan edilýär.
Ýakynda etrap medeniýet merkezinde bu bäsleşigiň etrap tapgyry ýokary derejede geçirilip, oňa sungata höwesjeň ýaşlaryň 12-si gatnaşdy. Bäsdeşleriň uly joşgun bilen aýdan aýdymlarynyň owazy alyslara ýaň saldy. Ajaýyp sahnada şatlyk-şowhun bilen garşylanylan ýaş aýdymçylaryň her biri ukyp-başarnygy bilen tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Eminler toparynyň gelen netijesine görä, etrap medeniýet merkeziniň tansçysy Nurana Kakabaýew, etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Daýanç Näzliýew we etrabyň Kemine adyndaky geňeşliginiň Kemine oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Şanyýaz Hojabaýew bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine etrabyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňijiler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Myratly AMANNAÝEW.








