Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary Mary welaýatynda hem giň gerim alýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, bilim ulgamynda zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdylar. “Ülkämizi dünýä ýaýan Baýdagym” ady bilen geçirilen bu aýdym-sazly dabaraly maslahatda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Baýramçylyk aýdym-sazly dabaraly maslahatyna gatnaşanlar il-ýurt bähbitli ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maýa Annameredowa








