Golaýda etrap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Kalbyma ýaz geler dilime joşgun, ülkäm Garaşsyzlyk toýun toýlanda” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Aýdym-sazly dabarada etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Myratly Amannaýew, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Babajan Muhammedow, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Ogulsenem Muhadowa, etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ata-babalarymyzyň arzuw eden zamanasyna ýetip, şan-şöhrata eýe bolan türkmen halkynyň bu günki gün Garaşsyzlyk baýramynyň toýuny belentden tutýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ähli ulgamlarda ýetilýän belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.
Dabaranyň ahyrynda bolsa, etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Ýaňlanan aýdym-sazlar oňa gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Tylla RAHMEDOWA.








