TKA-nyň Sakarçäge,
Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň bilelikde
guramaklarynda “El hünäri — il gezer” atly sergi guraldy. Oňa TKA-nyň
Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň
ýolbaşçylary we işgärleri, medeniýet işgärleri hem-de eli hünärli ildeşlerimiz
gatnaşdylar.
Sergide, ilki bilen,
Sakarçäge etrabynyň Gülüstan geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýnabat Çaryýewa özüniň
agaçdan ýasaýan dürli görnüşli çemçeleridir okaralary, şu etrabyň Çaşgyn
geňeşliginiň ýaşaýjysy Gowşut Gapurow türkmeniň milli saz guraly bolan dutaryň
ýasalyşy barada çykyş etdiler.
Aýratynam, Gülüstan
geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýnabat Çaryýewanyň öz çeper elleri bilen ýasap,
taýýarlaýan guramadyr saç bukjalary, tegelek görnüşli düşekçeleri, alajalary
baradaky gyzykly gürrüňleri uly täsir galdyrdy. Ol çykyşynda saç bukjasynyň
dürli görnüşlerini görkezip, ulanylyşy barada gürrüň berdi.
Soňra Sakarçäge
etrabynyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Gowşut Gapurow çykyş etdi. Ol bu sergä
özüniň agaçdan ýasalan dürli görnüşli çemçeleri, okaralary, susaklary bilen
gatnaşyp, agaç okaralarynyň ýasalyşy barada gyzykly gürrüň berdi. Ol öz
taýýarlaýan çemçedir okaralaryna müşderileriň isleglerine görä her hili reňkli
şekilleri berip bolýandygy barada aýtdy. Sergi
oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.