Türkmenistanyň we Efiopiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
weather mary 22° C Mary
weather mary 22° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Efiopiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

180 11.04.2025

2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Gedion Timotewosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny giňeltmek barada pikir alyşmalar geçirildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogy ýola goýmagyň zerurlygyna aýratyn ähmiýet berildi we parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler.

Şeýle hem daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanda geçiriljek çärelere Efiopiýadan ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

21
21 15.08.2025
«Bathyz»  goraghanasynyň gözelligi

Tebigatyň tapylgysyz nepis nusgasy bolan «Bathyz» goraghanasy ýurdumyzyň günortasynda, Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda, Hindiguş daglarynyň demirgazygynda, Parapamiz daglarynyň eteginde, Bathyz belentliginde ýerleşýär. Onuň tebigaty örän täsin. Gadym wagtlarda bu ýerde oturymly ýaşaýan adamlar asyrlaryň dowamynda üzüm ösdürip, däne ekip, çarwaçylyk edipdirler.  Bu ýer gulanlaryň ýeke-täk saklanyp galan ýeridir. Gulan güýçli, çydamly, örän ýyndam haýwan. Bu goraghananyň açylmagyna jandarlaryň san taýdan azalmagy sebäp bolupdyr. Häzirki wagtda gulanlaryň sany artdy. Bu bolsa goraghananyň işgärleriniň, döwletimiziň howandarlygynyň netijesidir. Ýaz paslynyň gelmegi bu ýerdäki tebigatyň özboluşlylygyna täsir edýär. Bu ýerde ösümlikler pes we beýik iki sany ýarusy emele getirýär. — Ýaz paslynda ýaşyl begrese bürenen meýdan maý aýlarynda sary-mämişi reňke geçýär. Sebäbi pes toparyň ösümlikleri eýýäm guraýar. Bathyzyň iň bir täsin ösümligi hem başga hiç ýerde duşmaýan guşgy çigildemidir. Onuň ak we sary reňkleri bar. Gyzyl reňke boýalan gülälekli meýdan gözüňi gamaşdyrýar. Keýigokarajygy, çomuçlar güllände has-da täsin. Bu ýeriniň tebigaty örän baý.  Pisse tokaýlygy sawanna çalym edýär. Pisse agajy 500, hatda 700 ýyla çenli ýaşaýar we miwe berýär. Onuň miwesinde 60 göterim ýag bar we tagamy örän oňat, bu ýerde onuň miwesini dürli guşlar, gemirijiler, dag goçlary, tilkiler iýýärler. Bu ýerde ir wagtlarda pisse maňzy bilen iýmitlenýän süri-süri ýekegapanlar ýaşapdyrlar. Bathyzyň howasy çalt üýtgäp durýar we köplenç ýel demirgazyk — günbatardan öwüsýär. Bathyzyň adynyň hem şundan gelip çykan bolmagy mümkin, ýöne ýeliň onuň tebigatyna täsiri uly. «Bathyz» döwlet goraghanasynyň aýawly goralmagy netijesinde bu täsin ülkäniň nepis tebigaty mizemez saklanýar, oňa baryp görmek, onuň ajaýyp gözelligine tomaşa etmek, diýseň,  ýakymly, ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Gurbanjemal BEGOWA.

19
19 15.08.2025
Tagamlar  hakynda

Nakyllardyr hüwdüleri, aýtgylary we atalar sözüni özünde jemleýän halk döredijiligi halkymyzyň ruhy hazynasy, baýlygydyr. Olaryň arasynda ata-balarymyzdan miras galan hem-de biziň şu günlerimiz-de hem bereketli saçaklarymyzy bezeýän milli tagamlarymyz bilen baglanyşyklylary-da bar. Söýgüli neşirimiz bolan “Maru — şahu jahan” gazetiniň okyjylaryna olaryň käbirlerini ýetirmegi makul bildik. Tapsaň gowurma iý, tapmasaň gowurga. Çörekli oglan söýmäge ýagşy. Garly güni — garma, Ýagyşly gün — ýarma. Gaýnadarlar semeni, Dula dürtüň temeni. Allaý-allaý al hanym, Bal goşulan talhanym. Etmekçidim patrak, Boldy bary çetrek. Ýetim aşy ýarma, köje, Ol hem bişer ýary gije. Pah bilen palaw bolmaz. Unumy tükeden unaş, Ýagymy tükeden owmaç. Sary ýag — däri ýag. Sargan iýen sag bolar. Toplan  Rozyjuma RAHYMOW.

18
18 15.08.2025
Jüljül

Il arasynda halkymyzyň gadymy saz gurallarynyň biri bolan jüljül barada şeýle rowaýat bar. Gadym döwürlerde bir patyşa ýaşapdyr. Onuň özgelerden tapawutly tarapy: ol guşlaryň diline düşünipdir, olaryň dilini öwrenipdir. Garaz, islendik guş bilen gepleşip, pikir alşyp bilipdir. Ol üç guşa — jüljüle, bilbile we zülzüle aýratyn sarpa goýupdyr. Çünki, bu guşlaryň keşbem, owazam üýtgeşik bolupdyr. Adamlar bu guşlaryň saýraýyşlaryndan lezzet alypdyrlar. Aýdyşlaryna görä, ilkinji saz gurallarynyň döremegine-de hut, şu guşlar sebäp bolupdyr. Ylhamy joşýan sazandalar ýörite dag-derelere baryp, tokaýlarda bolup, täsin saýraýan şol guşlary diňläp, şolaryňky ýaly owaz döretmek üçin saz gurallaryny ýasamagy makul bilipdirler. Jüljül şol döredilen saz gurallarynyň ilkinjisi bolupdyr. Ol özüniň gözbaşyny baryp, Nuh eýýamyndan alyp gaýdýar. Guşlaryň owazy patyşa-da, alyma-da, daýhana-da, çopana-da, ýetginjege-de, çaga-da, gelin-gyzlara-da, garaz, ähli adama ýakymly täsir edipdir. Gürrüňimizi jüljül bilen dowam etdirsek, olary çalýan adamlara jüljülçiler diýipdirler. Olar islendik toý-dabaranyň arzyly myhmany bolupdyrlar. Bu saz guraly daşky görnüşi boýunça jüljül guşuny ýatladypdyr. Onuň petekesinde hem-de her ganatynyň aşagynda bir deşik bolupdyr. Jüljülçi saz çalanda onuň çüňküne üfläp çalypdyr. Halkymyzda uludan tutulan toýlarda jüljülçileriň arasynda bäsleşikler hem geçirilipdir. Kim ýeňiji bolsa, oňa gymmat bahaly sylag-serpaýlar hem ýapylypdyr. Halkymyzyň saz sungatynda uly meşhurlyga eýe bolan “Jüljül saýraýşy”, “Guş mukamy” ýaly sazlar  täsin hem ýakymly sesli şol guşlar bilen baglanyşyklydyr. Annamyrat BERDIMYRADOW.

18
18 15.08.2025
Peder  pendi

“Aýdylmadyk gürrüň ýok, eşidilmedik gep kän” diýleni-dä.  Arada ömrüni ýaş nesillere bilim we terbiýe bermäge bagyşlap, 90 ýaşasa-da akyl-huşy şetdat ýaly diýilýän hormatly ýaşuly mugallym, Mary etrabynyň Mülkburkaz geňeşliginiň ýaşaýjysy Hommat Amanowyň saglyk ýagdaýyny soraly hem-de asyra golaý ýaşly ýaşulynyň maňyzly gürrüňlerini diňläli diýip, ýola düşdük. Barsak, ýaşuly mugallym jaýynyň günorta tarapyndaky bagynyň kölegesinde gazet okap otyr ekeni. Saglyk-amanlyk soraşylandan soňra, biz durmuşyň dürli meseleleri baradaky gürrüňleriň daşyna geçdik. Şol gürrüňçiligiň barşynda Hommat mugallym bize durmuşyndan bir pursady gürrüň berdi. — Meniň ýaňy mugallymçylyk kärinde işe başlan döwürlerimde her hojalygyň ýaşaýyş jaýynyň üstünde ygal geçmezlik üçin şifer ýokdy. Her gezekki ýagan gary adamlar jaýyň depesine çykyp, sübse bilen syryp aýrardylar. Bir gezekki garly günleriň birinde bir ýaşulynyň uly ogly ýuka geýnip, jaýyň ýokarsyna çykyp, jaýyň depesini gardan arassalamaga başlapdyr. Şonda durmuş şatysyny başyndan geçiren ýaşuly possunyny egnine atynyp daşaryk çykýar. Görse, ogly jaýyň ýokarsynda ýuka eşikli, özem kelleýalaňaç gar artyp ýör. Goja saklanyp bilmän, oglunyň adyny tutup: — Oglum, gar artanyň-a ýagşy, ýöne kütüräk geýinmeli ekeniň. Sowukdan galan dert bertigini bejermek kyn bolýar — diýipdir. Ogly bolsa kakasynyň sözüni gutaryp-gutarmanka: — Aý, kaka nädýäň-aý! Men indi çagaly-çugaly uly adam ahyryn. Etmeli zatlarymy özüm bilýärin. Her gezek bir iş etjek bolsam, alada edip görkezme berýärsiň — diýip, ýüzüni sallapdyr. Ýaşuly sesini çykarman yzyna aýlanyp, çykan gapysyndan öýe girýär. Barşyna-da bir zada güýmenip oturan agtygynyň eşiklerini ýukaldyp, daşaryk alyp çykýar-da: — Şu seniň ogluňmy? — diýip, jaýyň üstünde gar artyp ýören ogluna ýüzlenýär. Ogly: — Kaka, beýtme ahyryn, ol üşär-ä. Daşary bolsa sowuk — diýipdir. Onda kakasy: — Gördüňmi, oglum! Sen öz ogluňy üşäýmesin diýip, alada etdiň. Näçe ýaşasaň-da senem meniň   oglum   ahyryn — diýip, agtygyny alyp öýüne girip gidipdir. Amanmyrat ÝAMADOW.

9
9 15.08.2025
Gopuzly gyz

Şu gün bir gyz gopuz çaldy,  Sazynyň gurbany bolsam.  Çaldy, jana otlar saldy,  Näziniň gurbany bolsam. Obaň topar gyzy bilen, Ýesir etdi sazy bilen, Garap galdym yzy bilen,  Tozunyň gurbany bolsam. Didaryndan gandym diýmen,  Söýmese-de döndüm diýmen,  Näçe ýaksa, ýandym diýmen,  Közüniň gurbany bolsam. Gargasa-da öz elinde,  Ýalkasa-da öz elinde, Gyş elinde, ýaz elinde —  Ýazynyň gurbany bolsam. Festiwalyň toýun toýlap,  Gitdi ogryn nazar aýlap...  Müň gözelden birin saýlap,  Özüniň gurbany bolsam. Kerim GURBANNEPESOW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

10
10 15.08.2025
Jümleler näme diýýär?!

Agzyňa suw alan ýaly bolmak — geplemän oturmak, dymyp oturmak, gürrüňe goşulman oturmak. Agzyndan al alsyn (kaksyn) — daş etsin, ýaman niýetden daş edewersin, beýle zada duçar etmäwersin. Agzyňy gury çöp bilen çalmak — bar zadyňy ýok diýip aýtmak, ýoksuz bolan bolmak. Agzyňy sala (salajan) goýbermezlik — paýyş söz aýtmazlyk, gödek söz aýtmazlyk. Agzyňy tanatmak — gowşak tarapyňy bildirmek, gowşaklyk etmek, çendenaşa içginlik edip, özüňe öwrenişdirmek. Agramly söz aýtmak —  ýokuş degýän, göwün agyrdýan söz aýtmak, namysa degýän söz diýmek, käýemek. Agy-garany saýgarmak                                            (seljermek) — aga-gara düşünmek.  Agyzda bolmak — il  arasynda gürrüňi edilip durmak, adyň agzalyp durmak, adyň çykmak. Agzyndan kesmek — elinden almak, alyp peýdalanmak. Agyz deňemek (deňeşdirmek) — deň sanaşmak, sene-mene edişmek, dawalaşmak. “Türkmen diliniň  frazeologik  sözlügi”  kitabyndan.

10
10 15.08.2025
Terbiýeçiniň ussatlygy

Mekdebe çenli ýaşly körpeleriň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan islegini ýokarlandyrmakda, bu babatda körpeleriň düşünjesini baýlaşdyryp, öwredilenleri berkitmekde yhlasly zähmet çekýän terbiýeçileriň biri-de Zinaida Krylowadyr.  Mary şäherindäki 16-njy çagalar bakja-bagynyň birinji uly mekdebe taýýarlaýyş toparynyň terbiýeçisi Z. Krylowa bu bakja-bagynda 1983-nji ýyldan bäri zähmet çekip gelýär. Işjanly terbiýeçi körpeleriň daşary ýurt dillerinde oňat gepläp bilmegi hem-de olarda sözleýiş endik-başarnyklarynyň artmagy ugrunda irginsiz aladalanýar. Mugallym döwrebap innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanyp, sapaklaryny gyzykly we täsirli guraýar.

11
11 15.08.2025
Yhlas  ýeňşe  ýetirýär

Mary şäherindäki 34-nji çagalar  bakja-bagynyň zähmetsöýer terbiýeçileriniň yhlas-tagallalary bilen çagalara terbiýe bermekde, wagtlaryny gyzykly geçirmeklerinde uly işler bitirilýär. Bu çagalar bakja-bagyna indi  30 ýyla golaý wagt bäri halypa bilim işgäri Ejebaý Nuryýewa ýolbaşçylyk edip gelýär. Körpe nesle terbiýe we bilim bermekde toplan baý iş tejribesi Ejebaý Nuryýewa çagalar bakja-bagynda işleriň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagyna mümkinçilik berýär. — Abadan geljegimiz şu günki günde ýaş nesle, aýratynam, körpelere berýän terbiýämizden gözbaş alýar. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyz bu meselä hemişe iňňän uly ähmiýet berip, möhüm wezipeleri öňde goýýar. Biz şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandymyzy goşýarys. Çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň wagtlaryny diňe bir gyzykly däl, eýsem, peýdaly geçirmekleri ugrunda-da ýadawsyz alada edilýär — diýip, müdir Ejebaý Nuryýewa gürrüň berdi. Bu ýerde oglanjyklardyr gyzjagazlaryň onlarçasy terbiýelenip, işine ezber terbiýeçiler olary mähir bilen gurşap alýarlar. Wagtlaryny hoş geçirmekleri ugrunda ähli tagallalary edýärler. Işine yhlasy, tutanýerli zähmeti bilen tanalýan terbiýeçileriň birem Maral Welihanowa bolup, ol çagalara terbiýe bermekde, olaryň ylym-bilime gözükmekleri ugrunda uly alada edýär. Körpelere türkmen halk ertekilerini aýdyp berip, şol ertekileriň gahrymanlarynyň üsti bilen olarda ýagşy gylyk-häsiýetleri, zähmetsöýerligi, watansöýüjiligi terbiýelemäge çalyşýar. Aýdym aýdyp, tans etmek, goşgulary labyzly okamak boýunça bäsleşiklerem çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Dürli oýunlar bolsa çagalaryň beden taýdan berk bolmaklaryna ýardam edýär. Gürrüňi edilýän çagalar bakja-bagynda halypa terbiýeçi Maral Welihanowanyň göreldesine eýerýänleri köp. Şeýle birleşen tagalla bolsa, körpe nesle terbiýe we bilim bermegi hil taýdan täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň zähmet ýeňişlerine beslenmegine saldamly goşantlaryny goşýan bu çagalar bakja-bagynyň zähmetsöýer işgärleriniň tutanýerli zähmeti ýerine düşýär. Şeýle netije bolsa, ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmekde gazanylýan üstünliklerde jemlenýär. Baýram AMANOW.

11
11 15.08.2025
Gelin  köwşi

Muzeý işgäri bolamsoň köpçülige baran ýerimde enelerimizden galan gadymy zatlar bar bolsa muzeýe alýandygymyzy, tabşyrylan zatlaryň  muzeýde hemişelik durýandygyny aýdyp otyrdym. Şol wagt köpçüligiň içinden: “Gyzym, meni bir diňle!” diýip, Soltanjemal daýza maňa ýüzlendi:  — Kakam pahyryň maňa tikip beren gelin köwşi bar. Men şony gözümiň göreji ýaly görýän. Şony muzeýe tabşyrsam nähili bolarka? Tabşyrylsa gowy boljakdygyny, geljekde agtyk-çowluklaryň hem görüp biljekdigini aýtdym. Aradan köp wagt geçmänkä, men Soltanjemal daýzadan gelin köwşi alyp gaýtdym. Ony muzeýimize kabul etdik hem-de bir görnüşli pasport düzüp, muzeýiň gaznasyna tabşyrdyk. Köwşüň gowy saklanandygyny aýdyp, geljekde sergilerimizde ulanmaga ýardam etjekdigini belledik. Gelin köwşi deriden bolup, onuň ähli ýeri elde tikilipdir. Sünnälenip tikilişini synlap, kakanyň öz perzendine bolan söýgüsiniň uly bolandygyna göz ýetirýärsiň. Soltanjemal daýzanyň sowgat berlen köwşi şu günlerimize çenli saklamagy onuň öz kakasyna bolan sylag-hormatynyň uludygyny subut edýär. Ata-babalarymyz zenanlarymyzyň gözel bolmagy, olaryň hiç bir zatlarynyň kem bolmazlygy üçin elinde baryny edipdirler. Olaryň ellerinden çykan her bir zady alyp görsek, kemçiliksiz ýerine ýetirilendigine göz ýetirmek bolýar. Bu ajaýyp gymmatlyklar bolsa, ýaş nesillerimize geçmişimizi öwrenmäge uly gollanma bolýar.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynyň görnükli şahalarynyň biri bolan muzeý işini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Olar bolsa, taryhymyzy içgin öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza çuňňur söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň  Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzy aýawly saklap, olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin bimöçber aladalar edýärler. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.  Şeker MEREDOWA.

13
13 15.08.2025
Möhüm wakalara bagyşlanyldy

Golaýda Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesindäki medeniýet öýünde maslahat geçirildi. Ony etrap häkimligi, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleri, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap zenanlar bölümi we etrap medeniýet bölümi bilelikde guradylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň  üçünji maslahatyna bagyşlanan çärä ýokarda atlary agzalan guramalaryň we etrap medeniýet bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Muhammetgylyç Nepesow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň başlygy Yklymmyrat Tuwakmyradow, etrabyň Jemgyýet geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaşuly nesliň wekili Çarymyrat Saparow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara forumynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň soňunda etrap medeniýet bölüminiň aýdymçy-sazandalarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýram AMANOW.

52
52 14.08.2025
Halkara gatnaşyklary beýan edýän maslahat

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Mary etrap komitetleriniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, Mary etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahaty “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahatynda kabul edilen çözgütleriň dünýä ýüzündäki ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlanyldy. Oňa Demokratik partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda dünýä ýüzünde ähliumumy durnukly ösüşi gazanmak ugrunda öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler dünýäniň halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, halkara işjeňligini artdyrmak barada taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-halk, umumyadamzat bähbitli belent tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.   Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.    

54
54 14.08.2025
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Mary welaýat geňeşiniň gurnamagynda “Mary” myhmanhanasynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa welaýat geňeşiniň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň kabul eden çözgütleri, şol çözgütleriň halkara ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.   Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.

32
32 11.08.2025
Parahatçylygy pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleriniň beýany

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň gurnamagynda “Mary” myhmanhanasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara forum boýunça tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdy. Bu söhbetdeşlikde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi Hormatly Prezidentimiziň dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde we parahatçylygy pugtalandyrmakda alyp barýan işleriniň dünýäde dabaralanýandygynyň subutnamasy bolup durýanlygy dogrusynda bellenildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar parahat ýurdumyzda erkana durmuşy üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Maýa ANNADURDYÝEWA

27
27 11.08.2025
Täsirli gürrüňler edildi

Mary etrabynyň döwrebap Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň hem-de  etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görilýän taýýarlyk işleri bilen bagly täsirli gürrüňler edildi we şol maslahatda il-ýurt bähbitli garaljak birnäçe meseleler, şeýle hem Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi.  Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzy ösdürmekde toplumlaýyn işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar. Maslahatyň dowamy etrabyň medeniýet hem sungat ussatlarynyň  aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda eşretli zamanamyz, asuda Watanymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işleri  giňden wasp edildi. Altynaý SEÝITBERDIÝEWA.

35
35 11.08.2025
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

     Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatynda hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp dürli wagyz-nesihat çärelerine giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň gurnamagynda “Mary” myhmanhanasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara forum boýunça tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige dürli kärde zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdy. Söhbetdeşlikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şanly wakasy bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi Hormatly Prezidentimiziň dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde we parahatçylygy pugtalandyrmakda alyp barýan işleriniň dünýäde dabaralanýandygynyň subutnamasy bolup durýanlygy dogrusynda bellenildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar parahat ýurdumyzda goňşy halklar bilen dost-doganlyk gatnaşygyny has-da pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar.   Dursun ILBEGIÝEWA.

44
44 08.08.2025
Halkara maslahaty mynasybetli

Ýakynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýatymyzyň dürli künjeginde zähmet çekýän kitaphanaçylaryň gatnaşmagynda “Halkara hyzmatdaşlykda täze ösüş” atly maslahat geçirildi. Welaýat kitaphanasynyň guramagynda geçirilen maslahat  “Awaza” milli syýasatçylyk zolagynda geçirilýän halkara foruma bagyşlanyldy. Taryhy wakanyň seslenmesi bolan maslahat hemmeler üçin örän täsirli boldy.  Işjeň häsiýete eýe bolan maslahatda Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Atagarryýewa çykyş etdi we alyp bardy. Şeýle-de, onda welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Jeren Saparlyýewa, Ogulgerek Şagylyjowa, Zylyha Ahmedowa, Mary etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Akgözel Serdarowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar her on ýyldan bir gezek geçirilýän forumyň ähmiýeti, döwletlere ýetirjek täsiri barada gyzykly gürrüň etdiler. Ol ýerde halkara forumyna gatnaşýan döwletleriň milli aýratynlyklaryny açyp görkezýän sergileriň gurnalandygyny içgin nygtadylar.  Akmaral SAMMYÝEWA. 

31
31 08.08.2025
Milli demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň kämil nusgasy

Golaýda «Mary» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň kämil nusgasy» atly maslahat geçirildi. Oňa TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň wekilleri, işjeň agzalary gatnaşdylar.  Maslahatda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Wekilbazar etrabynyň Egrigüzer oba medeniýet öýüniň müdiri Aýdogdy Allakulyýew, Mary şäherindäki 8-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mähri Agaýewa, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allakulyýew, Mary şäheriniň merkezi şäher  kitaphanasynyň kitaphanaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň biziň welaýatymyzda-da barha işjeň häsiýete eýe bolýandygy, şeýle hem bu umumymilli forumyň demokratiýamyzyň dabaralanmasy boljakdygy barada buýsançly belläp geçdiler.  Şeýle hem maslahatyň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.  Maýa AKMYRADOWA.

613
613 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

533
533 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

759
759 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

602
602 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

657
657 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

703
703 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

523
523 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

590
590 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.