Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlary
weather mary 14° C Mary
weather mary 14° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlary

290 08.02.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Açyldurdyýewiç Joraýew Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Rozygulyýewiç Astanagulow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.


“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2025-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtomobil benzini we dizel ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy.


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň şol sanda:

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň;

welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Şeýle hem resminama bilen, Daşky gurşawy goramak ministrligine, beýleki ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek hem-de olaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2025-nji ýylda jemi 2100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

“Türkmenpagta” döwlet konserni welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, şeýle hem oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri we ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi.

Welaýatlaryň häkimliklerine pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we sebitleriň depginli ösmegini gazanmak, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak we senagat-innowasion ösüş derejesini ýokarlandyrmak, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak we döwletiň maýa goýumlarynyň netijeliligini artdyrmak, döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligiň işini giňeltmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran 698-nji buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Sakarçäge etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, ýurdumyzy durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.

Şeýle hem resminama bilen 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda we Aşgabat şäherinde iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.

Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.


Türkmenistan habarlar portaly Link: https://turkmenistaninfo.gov.tm/news/9910

16
16 08.10.2025
Yhlasly zenan öý-ojagynyň ýylysy

Mary şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda  gelin-gyzlaryň arasynda “Yhlasly zenan öý-ojagynyň ýylysy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.Mary şäher häkimliginiň hem-de zenanlar birleşiginiň Mary şäher bölüminiň,Mary şäher kazyýetiniň,şäher polisiýa bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen  bu duşuşyga kümüş saçly mährem eneler, şäher zenanlar bölüminiň işjeň agzalary,  welaýatdaky ýokary we  ýörite orta okuw jaýlarynyň zenan  mugallymlary we  talyp gyzlary  gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda adamyň, raýat hukuklary we azatlyklary,olary goramagyň  usullary we görnüşleri dogrusynda , her bir türkmen maşgalasynda millilik, edep we nesil terbiýesi  hakynda tasirli gürrüň berdiler.Maslahata gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň aýdyň geljegi ugrynda alyp barýan döwlet syýasaty üçin çäksiz alkyşlaryny buýsanç bilen beýan etdiler. Suwhan KULYÝEW.

11
11 08.10.2025
Halk maslahaty – bagtyýar halkymyzyň Watançylyk ýörelgesi

      Beýik geljegi nazarlaýan eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işler “Döwlet adam üçindir” diýilýän baş ýörelgeden gözbaş alýar. Köp ugurly döwlet maksatnamalary ýurdumyzyň her bir raýatynyň bähbitlerine gönükdirilýär. Eziz Diýarymyzda döwletli başlangyçlary halkymyz bilen maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi. Şu maksat bilen her ýyl türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ençeme raýatlarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Bu maslahatda ýurdumyzyň geljekki rowaçlyklaryny hem-de halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan maksatnamalaýyn işler ara alnyp maslahatlaşylýar we olar boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň giňden dabaralanýan günlerinde paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden maksatnamalary, eden taryhy çykyşlarynyň ähmiýeti her bir raýaty begendirýär. Ýokary guramaçylykda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çykyşlaryny, döwleti ýörelgelerini halkymyzyň arasynda wagyz etmekde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary, dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär.  Ýaňy ýakynda hem Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat etrap we Baýramaly etrap  komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda “Halk maslahaty – bagtyýar halkymyzyň Watançylyk ýörelgesi, mizemez göreldesidir” ady bilen  terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat halk maslahatynyň agzalary, Agrar partiýanyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde  halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş meselesini barha özgerdip, ýurdumyzy jennet ýaly owadan, dünýäniň öňde barjy döwletleriniň hatarynda tanalmagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işler dogrusynda, obasenagat toplumyny ösdürip, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrmakda öňde goýlan maksatnamalar dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijiler maliýe-ykdysady taýdan goldanylýar. Daýhanlara dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny  we enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli esasda karzlar berilýär. munuň özi bolsa oba hojalyk işgärlerini, babadaýhanlary täze zähmet üstünliklere ruhlandyrýar diýip aýratyn belläp geçdiler. Agzybirlik, bir-birege sarpa goýmak, ähli ädimleri maslahatly etmek üstünlikleriň binýadyny düzýär. Şol binýadyň düzüminiň ynamdan berkidilmegi bolsa üstünlikleriň, gazanylýan zähmet ýeňişleriniň dowamlylygyny we netijeliligini üpjün edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem özgerişli zamanamyzda ugur alnan belent maksatlaryň üstünlige beslenmegi üçin halk bilen döwletleriň arasyndaky baglaýjy güýje öwrüldi. Döwlet ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, il-ýurt bähbitli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläkde has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar diýip, dabarada çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahata gatnaşanlar Watanymyzy  ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe alyp barýan, halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän  Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň diňe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar.

17
17 08.10.2025
Sagdyn jemgyýet-döwletiň berk binýady

   Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň,  welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň,welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ,welaýat dermanhana müdirliginiň bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi. "Sagdyn jemgyýet-döwletiň berk binýady” atly bu maslahata welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.Maslahatda çykyp geplän adamlar alym,lukman Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda saglyk ulgamyny ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar-diýlip buýsanç bilen bellediler.Raýatlarymyzyň saglygyny goramakda göreldeli zähmet çekýän lukmanlary Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriň güni mynasybetli gutladylar.Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurulýan hassahanalar,saglyk öýleri,halkymyza ýokary derejede hyzmat edýärler-diýlip buýsanç bilen bellediler.Maslahatyň dowamynda baýramçylyk mynasybetli saglygy goraýyş işgärleriniň birnäçesine ýadygärlik sowgatlary hem gowşuryldy. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmekde alyp barýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet SAPAROW.

59
59 03.10.2025
Aýdym-sazly dabara geçirildi

  Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Mary welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.   “Türkmenistan sagdynlygyň we dost-doganlyk gatnaşyklaryň mekany” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary,welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş eden adamlar saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini hünär baýramçylyklary mynasybetli gutlap,halkymyzyň saglygyny goramakda, lukmançylyk edaralarynyň işlerini kämilleşdirmekde alyp barýan işleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.Täze taryhy eýýamda häzirki zaman saglyk öýleri,döwrebap hassahanalar,ylmy-kliniki merkezler gurlup ulanmaga berilýär-diýlip,dabaradaky çykyşlarda aýratyn bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabarasynda welaýatyň estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglyk ulgamyny ösdürmekde amala aşyrýan rowaç işleri,bu ulgamda gazanylýan üstünlikler  we ýetilýän belent sepgitler joşgunly wasp edildi. Çarymuhammet Saparow.

59
59 03.10.2025
Saglygy goraýyş we Derman senagaty işgärleriniň  güni mynasybetli maslahat geçirildi

     Marynyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň     gurnamagynda  Saglygy goraýyş we Derman senagaty işgärleriniň  güni mynasybetli maslahat geçirildi. “Saglyk   gyzyldan gymmatly baýlyk”    diýen at bilen geçirlen bu maslahata bu okuw jaýynyň talyplarydyr mugallymlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.   Maslahatda çykyş edenler bagtyýarlyk zamanamyzda Saglyk ulgamynda amala aşyrlan düýpli hem täze özgertmeler, raýatlaryň saglygy goramakda alynyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de maslahata gatnaşanlar öz halkynyň saglygyny   hemme zatdan ileri tutýan, bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyryp, ömrüni uzaltmak barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize    tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

58
58 03.10.2025
Maslahat geçirildi

    Mary myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher we Mary etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy – syýasy ähmiýetli kararlary we çözgütleri halk köpçüligine wagyz – nesihat etmek bilen baglanyşykly maslahat geçirilip, oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler döwletli maslahatda il – ýurt bähbitli täze taryhy çözgütleriň kabul edilmegi, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak baradaky teklipleriň orta atylmagy halkymyzyň uly goldawyna eýe bolandygyny bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde taryhy we çuňňur many – mazmunly çykyşlary halkymyzyň ýürek töründe uly orun alyp, ýurdumyzda geljekde amala aşyrylmaly belent maksatly işlere badalga berdi – diýlip, bu maslahatda durlup geçildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrylmagyny yzygiderli üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýmyrat GURBANOW.

34
34 03.10.2025
Ýaşulularyň halkara güni uly dabaralara beslendi

Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşyp, her bir güni uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan eziz Diýarymyzda ösüşiň ak ýolundan  rowana gelejege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda Watanymyzda Ýaşulularyň halkara güni uly dabaralara beslendi. Şu baýramçylyk mynasybetli welaýatyň Baýramaly şäheriniň medeniýet öýüniň öňündäki toý meýdançasynda geçirilen dabara welaýatyň il sylagly ýaşululary we kümüş saçly eneleri ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Olar Halkara ýaşulular güni mynasybetli welaýatyň ussat estrada aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň çykyşlaryny el çarpyşmalary bilen gyzgyn garşy aldylar. Ýerine ýetirilen aýdym - sazlarda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halk, döwlet bähbitli belent tutumly işleri joşgun bilen wasp edildi. Baýramaly şäher Medeniýet öýünde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň we welaýat medeniýet müdirliginiň gurnamaklarynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlary medeniýet öýüniň girelgesinde çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylary şowhunly sazlary bilen garşy aldylar. Bu ýerde ýaşulular suratkeşleriň çeken surat sergisine we Milli Lidermiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň sergisine aýlanyp gördüler. Soňra medeniýet öýüniň dabaralar jaýynda  welaýatyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, welaýatyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary hem-de bagtyýar talyplaryň gatnaşmagynda dabara dowam etdi. Dabarada edilen çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň il Ýaşulusy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşululara goýulýan belent sarpa, uly hormat üçin  alkyş sözleri aýdyldy. Her bir türkmen öýüniň  törüni bezeýän ak sakally gojalar we mährem eneler taryhy geçmişimizi, aňyrdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde aýratyn orna eýedir  diýip buýsanç bilen bellediler. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý baýramlarynyň ýaraşygy bolan dili senaly ýaşulular, kümüş saçly eneler ähli babatda görelde mekdebidir. Edilen buýsançly çykyşlarda asuda, parahat Watanymyzda  ýaşuly nesle aýratyn hormat, sarpa goýulýandygy, olara Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan giň şertler we amatly mümkinçilikler döredilýändigi öz beýanyny tapdy. Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda hormatly ýaşululara we mährem enelere  welaýatyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Aýdym-sazlar bilen dowam eden dabara toý şatlygyna şatlyk goşdy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary hem täsirli boldy. Olarda asuda Watanymyzyň, parahat ýurdymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, mährem enelerimiziň waspy belentden ýetirildi. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrynda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar beýan edildi.    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda uludan toýlanýan Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli dabara gatnaşanlar soňra Mary welaýat kitaphanasyna baryp, ol ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Welaýatyň ýaşuly nesilleriniň wekilleri ilki bilen bu kitaphananyň giň we ýagty okalga  otaglaryna aýlanyp gördüler we bu ýerde özleri üçin niýetlenilen okalga otagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  ýiti zehininden syzylyp çykan ajaýyp  eserlerini okap, ruhy lezzet aldylar.      Bu günki baýramçylyk gününde göwünleri galkynan ýaşulular we kümüş saçly eneler gymmatly kitap hazynalaryny özünde jemleýän bu kitaphananyň täsin muzeýine-de baryp, ol ýerde ýerleşdirilen gadymy döwürlere degişli bolan kitap eserlerini synladylar. Kitaphananyň obserwatoriýasynda bolmak bilen myhmanlar ol ýerde asman giňişligindäki jisimleriň täsinliklerini uly gyzyklanma bilen synladylar we olaryň aýratynlyklary dogrusynda kitaphana işgärleriniň  beren gyzykly gürrüňlerini höwes bilen diňlediler.      Soňra hormatly myhmanlary Mary şäherindäki Bagt köşgi toý-dabaralar merkezinde medeniýet, sungat ussatlary garşy aldylar. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda ýurdumyzda ýaşuly nesle goýulýan belent hormat-sarpa giňden wasp edildi. Bu ýerde ýaşuly nesle halkymyzyň milli naz-nygmatlary hödür edildi. Hormatly myhmanlar ýaşuly nesle goýulýan hormat-sarpa üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Azat BEGLANOW.

58
58 03.10.2025
Taryhy waka bagyşlanyldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Mary welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň, Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde gurnamagynda geçirlen bu dabaraly maslahata welaýatyň saglyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Geçirlen bu maslahatda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabaraly maslahata gatnaşanlar döwletimizi ösüşleriň aýdyň maksatly ýollary bilen öňe alyp barýan, eziz Watanymyzyň pajarlap ösmegi üçin taýsyz tagallalar edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar Parahat GURBANOW.

29
29 30.09.2025
Şatlyk-şowhuna beslenen dabara

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çärelere giň gerim berilýär. Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly medeniýet öýünde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Mary etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu dabara ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler we bilim ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň orun berildi. Etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň we tansçylarynyň belent heňlerde ýerine ýetiren döwrebap aýdymlary, ajaýyp tanslary dabaranyň şatlygyny has-da artdyrdy. Olaryň eşretli zamanamyzy, türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülletmekde alyp barýan rowaç işlerini wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary bu ýere ýygnananlaryň göwünlerini  göterip, olara egsilmez ruhy lezzet paýlady. Dursun Ilbegiýewa.

11
11 08.10.2025
Halk maslahaty – bagtyýar halkymyzyň Watançylyk ýörelgesi

      Beýik geljegi nazarlaýan eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işler “Döwlet adam üçindir” diýilýän baş ýörelgeden gözbaş alýar. Köp ugurly döwlet maksatnamalary ýurdumyzyň her bir raýatynyň bähbitlerine gönükdirilýär. Eziz Diýarymyzda döwletli başlangyçlary halkymyz bilen maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi. Şu maksat bilen her ýyl türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ençeme raýatlarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Bu maslahatda ýurdumyzyň geljekki rowaçlyklaryny hem-de halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan maksatnamalaýyn işler ara alnyp maslahatlaşylýar we olar boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň giňden dabaralanýan günlerinde paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden maksatnamalary, eden taryhy çykyşlarynyň ähmiýeti her bir raýaty begendirýär. Ýokary guramaçylykda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çykyşlaryny, döwleti ýörelgelerini halkymyzyň arasynda wagyz etmekde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary, dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär.  Ýaňy ýakynda hem Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat etrap we Baýramaly etrap  komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda “Halk maslahaty – bagtyýar halkymyzyň Watançylyk ýörelgesi, mizemez göreldesidir” ady bilen  terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat halk maslahatynyň agzalary, Agrar partiýanyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde  halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş meselesini barha özgerdip, ýurdumyzy jennet ýaly owadan, dünýäniň öňde barjy döwletleriniň hatarynda tanalmagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işler dogrusynda, obasenagat toplumyny ösdürip, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrmakda öňde goýlan maksatnamalar dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijiler maliýe-ykdysady taýdan goldanylýar. Daýhanlara dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny  we enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli esasda karzlar berilýär. munuň özi bolsa oba hojalyk işgärlerini, babadaýhanlary täze zähmet üstünliklere ruhlandyrýar diýip aýratyn belläp geçdiler. Agzybirlik, bir-birege sarpa goýmak, ähli ädimleri maslahatly etmek üstünlikleriň binýadyny düzýär. Şol binýadyň düzüminiň ynamdan berkidilmegi bolsa üstünlikleriň, gazanylýan zähmet ýeňişleriniň dowamlylygyny we netijeliligini üpjün edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem özgerişli zamanamyzda ugur alnan belent maksatlaryň üstünlige beslenmegi üçin halk bilen döwletleriň arasyndaky baglaýjy güýje öwrüldi. Döwlet ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, il-ýurt bähbitli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläkde has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar diýip, dabarada çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahata gatnaşanlar Watanymyzy  ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe alyp barýan, halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän  Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň diňe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar.

58
58 03.10.2025
Maslahat geçirildi

    Mary myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher we Mary etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy – syýasy ähmiýetli kararlary we çözgütleri halk köpçüligine wagyz – nesihat etmek bilen baglanyşykly maslahat geçirilip, oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler döwletli maslahatda il – ýurt bähbitli täze taryhy çözgütleriň kabul edilmegi, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak baradaky teklipleriň orta atylmagy halkymyzyň uly goldawyna eýe bolandygyny bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde taryhy we çuňňur many – mazmunly çykyşlary halkymyzyň ýürek töründe uly orun alyp, ýurdumyzda geljekde amala aşyrylmaly belent maksatly işlere badalga berdi – diýlip, bu maslahatda durlup geçildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrylmagyny yzygiderli üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýmyrat GURBANOW.

34
34 03.10.2025
Ýaşulularyň halkara güni uly dabaralara beslendi

Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşyp, her bir güni uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan eziz Diýarymyzda ösüşiň ak ýolundan  rowana gelejege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda Watanymyzda Ýaşulularyň halkara güni uly dabaralara beslendi. Şu baýramçylyk mynasybetli welaýatyň Baýramaly şäheriniň medeniýet öýüniň öňündäki toý meýdançasynda geçirilen dabara welaýatyň il sylagly ýaşululary we kümüş saçly eneleri ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Olar Halkara ýaşulular güni mynasybetli welaýatyň ussat estrada aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň çykyşlaryny el çarpyşmalary bilen gyzgyn garşy aldylar. Ýerine ýetirilen aýdym - sazlarda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halk, döwlet bähbitli belent tutumly işleri joşgun bilen wasp edildi. Baýramaly şäher Medeniýet öýünde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň we welaýat medeniýet müdirliginiň gurnamaklarynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlary medeniýet öýüniň girelgesinde çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylary şowhunly sazlary bilen garşy aldylar. Bu ýerde ýaşulular suratkeşleriň çeken surat sergisine we Milli Lidermiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň sergisine aýlanyp gördüler. Soňra medeniýet öýüniň dabaralar jaýynda  welaýatyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, welaýatyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary hem-de bagtyýar talyplaryň gatnaşmagynda dabara dowam etdi. Dabarada edilen çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň il Ýaşulusy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşululara goýulýan belent sarpa, uly hormat üçin  alkyş sözleri aýdyldy. Her bir türkmen öýüniň  törüni bezeýän ak sakally gojalar we mährem eneler taryhy geçmişimizi, aňyrdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde aýratyn orna eýedir  diýip buýsanç bilen bellediler. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý baýramlarynyň ýaraşygy bolan dili senaly ýaşulular, kümüş saçly eneler ähli babatda görelde mekdebidir. Edilen buýsançly çykyşlarda asuda, parahat Watanymyzda  ýaşuly nesle aýratyn hormat, sarpa goýulýandygy, olara Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan giň şertler we amatly mümkinçilikler döredilýändigi öz beýanyny tapdy. Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda hormatly ýaşululara we mährem enelere  welaýatyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Aýdym-sazlar bilen dowam eden dabara toý şatlygyna şatlyk goşdy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary hem täsirli boldy. Olarda asuda Watanymyzyň, parahat ýurdymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, mährem enelerimiziň waspy belentden ýetirildi. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrynda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar beýan edildi.    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda uludan toýlanýan Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli dabara gatnaşanlar soňra Mary welaýat kitaphanasyna baryp, ol ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Welaýatyň ýaşuly nesilleriniň wekilleri ilki bilen bu kitaphananyň giň we ýagty okalga  otaglaryna aýlanyp gördüler we bu ýerde özleri üçin niýetlenilen okalga otagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  ýiti zehininden syzylyp çykan ajaýyp  eserlerini okap, ruhy lezzet aldylar.      Bu günki baýramçylyk gününde göwünleri galkynan ýaşulular we kümüş saçly eneler gymmatly kitap hazynalaryny özünde jemleýän bu kitaphananyň täsin muzeýine-de baryp, ol ýerde ýerleşdirilen gadymy döwürlere degişli bolan kitap eserlerini synladylar. Kitaphananyň obserwatoriýasynda bolmak bilen myhmanlar ol ýerde asman giňişligindäki jisimleriň täsinliklerini uly gyzyklanma bilen synladylar we olaryň aýratynlyklary dogrusynda kitaphana işgärleriniň  beren gyzykly gürrüňlerini höwes bilen diňlediler.      Soňra hormatly myhmanlary Mary şäherindäki Bagt köşgi toý-dabaralar merkezinde medeniýet, sungat ussatlary garşy aldylar. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda ýurdumyzda ýaşuly nesle goýulýan belent hormat-sarpa giňden wasp edildi. Bu ýerde ýaşuly nesle halkymyzyň milli naz-nygmatlary hödür edildi. Hormatly myhmanlar ýaşuly nesle goýulýan hormat-sarpa üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Azat BEGLANOW.

58
58 03.10.2025
Taryhy waka bagyşlanyldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Mary welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň, Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde gurnamagynda geçirlen bu dabaraly maslahata welaýatyň saglyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Geçirlen bu maslahatda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabaraly maslahata gatnaşanlar döwletimizi ösüşleriň aýdyň maksatly ýollary bilen öňe alyp barýan, eziz Watanymyzyň pajarlap ösmegi üçin taýsyz tagallalar edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar Parahat GURBANOW.

34
34 30.09.2025
Halk maslahaty – geljegi nurlandyrýan aýgytly ädimler

Ýakynda şäher häkimliginiň mejlisler zalynda  şäher häkimliginiň, şäher halk maslahatynyň hem-de  TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty – geljegi nurlandyrýan aýgytly ädimler»  ady bilen  maslahat geçirildi. Oňa şäher halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar gatnaşdylar. Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow çykyş etdi we maslahaty alyp bardy. Şeýle-de, maslahatda Mary şäheriniň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Atabaý Jumagulyýew, mährem ene Altyn Mämmedowa, welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi Annamuhammet Hümmedow, welaýat statistika müdirliginiň bölüm müdiri Jumageldi Ataýew, TDEI-niň talyby Aýnur Rejepowa çykyş etdiler.  Olar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynyň mazmuny hem ähmiýeti, ondan gelip çykýan wajyp wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlara aýratyn bil baglanylýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Annagözel SARYÝEWA.

28
28 30.09.2025
Wajyp wezipä bagyşlandy

Şu günler ýurt boýunça geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy tamamlanyp barýar. Bu möhüm meselä etrabymyzda-da uly üns berlip, degerli işler geçirildi we geçirilýär. Golaýda etrapdaky 20-nji orta mekdepde “Berkarar döwletde ömrümiz rahat” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu duşuşygy TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi, etrabyň polisiýa bölümi bilelikde guradylar. Oňa atlary agzalan guramalaryň we edaralaryň işgärleri, mugallymlardyr okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Jennet Taganowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Eziz Annaýew, TMÝG-niň esasy hünärmeni Gülkamar Muhammetdurdyýewa, etrabyň polisiýa bölüminiň PÝGB-niň kiçi gözegçisi, polisiýanyň uly seržanty Muhammet Hanow çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän biraýlygyň barşynda alnyp barylýan işler barada durup geçdiler. Şeýle işleriň köçe-ýollaryň hadysasyzlygyny gazanmakda uly ähmiýete eýe bolýandygyny belläp geçdiler. Bu möhüm meselede düşündiriş we wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýetiniň üstünde durup geçdiler. Atageldi GURBANOW.

34
34 30.09.2025
Taryhy waka bagyşlanyldy

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy, syýasy ähmiýetini jemgyýetçilik köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen TAP-nyň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda “Halk Maslahaty — bagtyýar halkymyzyň Watançylyk ýörelgesi, mizemez göreldesi” atly çäre geçirildi. Oňa TAP-nyň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşan wekiller hem-de Şa serpaýyna eýe bolan kärendeçi daýhanlar gatnaşdylar.  Täsirli geçen wagyz-nesihat çäresinde TAP-nyň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Güljemal Nazarowa, Murgap etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýjemal Allanowa, TAP-nyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň agzasy Selbi Kommanowa, TAP-nyň Ýölöten etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TAP-nyň Mary şäher komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň agzasy Mekan Annadurdyýew, Mary etrabynyň telekeçi-kärendeçisi Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Atamyrat Alyýew çykyş etdiler. Olar 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözlän taryhy çykyşynyň many-mazmuny,  maslahatdan gelip çykýan wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler.   Çäräniň ahyrynda Türkmenistan döwletimizi parahat, asuda saklamakda, halkymyzy bagtyýar ýaşatmakda, Watanymyzy ösdürmekde alyp barýan döwletli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.   Ogulşat BERKELIÝEWA.

31
31 30.09.2025
Halk maslahaty — il agzybirligi

Şu günler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini halk arasynda, aýratynam, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen bilim edaralarynda geçirilýän maslahatlardyr wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar.  Ýakynda ýokarda ady agzalan taryhy ähmiýetli foruma bagyşlanylyp orta hünär okuw mekdebimiziň guramagynda mekdebiň mejlisler zalynda «Halk maslahaty — il agzybirligi» atly wagyz-nesihat duşuşygy boldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Baýramaly şäher halk maslahatynyň agzalary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdebimiziň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygy orta hünär okuw mekdebimiziň direktory Atageldi Kakabaýew açdy we alyp bardy. Wagyz-nesihat duşuşygynda TDP-niň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Agamyrat Seýitberdiýew, Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maral Garagulowa, şeýle hem mekdebimiziň mugallymy Ýeňiş Myradow çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň rowaçlanmagyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada giňişleýin durup geçdiler.  Hatyja DARRYNOWA. 

36
36 29.09.2025
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy welaýatymyzda giňden bellenilip geçildi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygy Mary welaýatynda-da mynasyp belent toý tutumlary bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabaralary welaýatyň ähli etrap, şäher merkezlerinde, obalarynda toý şatlygy bilen utgaşyp, şowhunly çärelere giň gerim berildi. Baýramçylyk gününde welaýat merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynyň töweregi ir säherden hasam köp adamly boldy. Mary welaýat, Mary şäher häkimlikleriniň, Demokratik, Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Zenanlar, Bilim, Saglygy goraýyş we Medeniýet bölümleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasy egsilmejek toý şatlyklaryna beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň dabarasy baş Baýdak meýdançasynda döwlet Senamyzyň ýerine ýetirilmeginde, mukaddes döwlet Baýdagymyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat Halk maslahatynyň agzalarynyň, welaýatyň ýaşuly nesliniň, kümüş saçly mährem eneleriň, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, welaýatyň köpsanly ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabarada baýramçylyk mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy. Bu ýerdäki baýramçylyk çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk beýik başlangyçlary barada buýsançly sözler beýan edildi. Baýramçylyk dabarasynda parahatçylygyň we asudalygyň nyşany bolan ak kepderileriň we dürli görnüşli şarlaryň asmana uçurylmagy toý şatlygyny hasam artdyrdy. Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdymdyr sazlary we tanslary giňden ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan aýdym – sazlaryň owazy uzaklara ýaň saldy. Ýerine ýetirilen göwün göteriji çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň il-halk, umumyadamzat bähbitli rowaç işleriniň hem-de uly toý – dabaralara beslenýän “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň waspy belentden ýetirildi. Baýramçylyk öwüşgininde bezelen baş Baýdak meýdançasynda şirinden – şirin mukamlaryň ýaňlanmagynda ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlar, joşgunly tanslar bu ýere ýygnanan bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, göwün guşuny ganatlandyrdy. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýurdumyzy batly gadamlaryň ösüşli ýollary bilen öňe alyp barýan we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilýän, baş baýramymyz bolan - ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Mary welaýatyndaky ,,Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki toý meýdançasynda baýramçylyk dabarasy geçirilip, ony Mary welaýat häkimligi we welaýat medeniýet müdirligi, Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň welaýat komitetleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, welaýat Zenanlar bölümi hem-de Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilelikde gurnady. Welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda ,,Kalbymda Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar,dillerimizde ajap döwrüň aýdymy” ady bilen ýokary ruhubelentlikde geçirilen baýramçylyk dabarasynda welaýatyň döredijilik işgärleriniň döwrebap çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň hem-de birleşen aýdym-saz, tans toparlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerini, asuda Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan şöhratly ýeňişlerini hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny wasp edip ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy hemmelerde ruhy galkynyşy döretdi. Çünki Watanymyzyň Garaşsyzlygy halkymyzyň öz ygtyýarlylygyny we bagtyýarlygyny ösdürmekde, dünýä ýurtlary bilen dostana gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda esasy sütün bolup durýar. Şeýle bolansoň bu günki baýramçylyk gününde döwrebap öwüşginde bezelen owadan sahnada medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt we dünýä ähmiýetli alyp barýan belent maksatly işleri, dost-doganlyk gatnaşyklary, her bir güni beýik ösüşlere beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz, dünýä içre ýaň salan türkmen medeniýeti we päk söýgi has belent heňlerde wasp edildi. Tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanjak ýyly bolan ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerinden ruhlanýan, kalplary Berkarar Watanymyza we Hormatly Prezidentimize buýsançdyr söýgüden doly sungata höwesek çagalar döredijilik toparlarynyň döwrebap aýdym-sazlaram bu günki baýramçylyk dabarasyny göwün göteriji duýgulara besledi. Turuwbaşdan ýokary ruhubelentlik häsiýete eýe bolan baýramçylyk dabarasynda  görkezilen çykyşlar biri-birinden täsirli bolup, olaryň ählisi hem tomaşaçylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Bu günki geçirilen baýramçylyk dabarasy welaýatyň bagtyýar ilatynyň Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz - Arkadagly Gahryman Serdarymyza, ata-Watanymyz Türkmenistan diýarymyza hem-de şöhratly Garaşsyzlygymyza bolan ýürek buýsanjynyň aýdyň alamatyna öwrüldi.     Toýmyrat GURBANOW.

896
896 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

707
707 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

943
943 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

777
777 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

840
840 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

893
893 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

682
682 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

784
784 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.