Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
weather mary 26° C Mary
weather mary 26° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

161 15.10.2024

Düyn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi agrotehniki möhletlerde dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iýmleri taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak üçin zerur çäreler görülýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de welaýatda bugdaý ekişiniň ýokary hilli geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Sebitde bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsüminde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda alnyp barylýar. Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek, gyş paslynda ýyly we dok saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we bu işleriň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Sebitde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler görülýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak, gyş pasly üçin ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny, mallaryň gyşladyljak ýerlerini möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş kärhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitlerde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň, miweleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, ýygymda kombaýnlaryň we tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy. Bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, bugdaýyň bol hasylyny almagyň, şeýlelikde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmegiň, halkymyzyň saçagynyň berekedini artdyrmagyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydygyny belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaýa tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak üçin hem ähli zerur işleri geçirmegi, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzyň doly üpjün edilişini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň golaýlap gelýändigini belläp, maldarçylyk hojalyklarynda zerur möçberde ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

5
5 25.08.2025
Ýaş nesiller hakynda alada

Milli Liderimiz Gaharyman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesiller hakyndaky aladalar, taýsyz tagallalar täze öwüşgüne eýe bolup, bu günleriň şanly taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýörüteleşdirilen “Kids EXPO : ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi – ýarmarkasynyň gurnalmagy bagtyýar çagalaryň nurana geljegi üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu günki günde Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýaş nesilleriň bagly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.      Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, döwrebap bilim almagy, öz wagtlaryny manyly we şadyýan geçirmegi baradaky aladalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirlýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan belent maksatly işler hem çagalaryň röwşen geljegine gönükdirilendir. Mary welaýatynyň döwrebap seýilgähleri, medeni we söwda dynç alyş merkezleri bagtyýar çagalara, raýatlara öz gapysyny giňden açýar. Sergin howasy, tebigatynyň gözelligi, özboluşly binagärlik keşbi bilen ünsüňi çekýän medeni dynç alyş merkezlerine ata-eneler öz çagalary bilen yzygiderli gelip, öz wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýärler. Milli binagärlik däplerine laýyk gurlan seýilgähler, dynç alyş merkezleri döwrebap şertleri, dynç almaga oňaýlylygy, rahatlygy bilen hemmelere soňsuz şatlyk paýlaýar. Tomsuň tämiz we hoştap howaly günlerinde bu ýerde sapaly dynç alýan ene-atalar çagalaryň hezil edip dynç alyşlaryna uly höwes bilen syn edýärler. Dürli görnüşli oýnawaçlar ýerleşdirilen bu meýdançada körpeje çagalar özleri üçin niýetlen ýörite otlujykda gezelenç edip, attraksionlarynda dürli oýunlary oýnap, hiňňillikde uçup göwünlerini joşdurýarlar. Çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda bagtyýar körpeler mähir we söýgi, çäksiz alada bilen gurşalýar. Şeýle alada Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda has-da belent derejelere göterilýär. Bagtyýar döwrümizde sagdyn durmuşy kemala getirmek, ruhubelent, berk bedenli ýaş nesilleri terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän özgetmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň netijesidir. Mary welaýatynyň dürli künjeklerinde hereket edýän dynç alyş merkezlerinde, oýnawaçlar dünýäsinde ýurdumyzyň gül – gunçalary bolan bagtyýar çagalaryň medeniýetli we sapaly dynç almaklary, gyzykly oýunlar bilen wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş we hoşallyk sözlerini beýan edýäler. Çaga dünýäsine mahsus täsinlikleri, gözellikleri özünde jemleýän bu döwrebap dynç alyş merkezlerinde bagtyýar nesilleriň her bir pursady aýratyn many-mazmunlylygy, täsirliligi bilen ýatda galýar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň tamamlanyp barýan günlerini ýakymly ýatlamalara besleýän çagalaryň her biriniň ýüzünde şatlyk we ruhybelentlik alamatlary aýdyň duýulýar. Çagalaryň ýüzlerindäki şatlyk, ene-atalaryň buýsançly sözleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň ajaýyp mysalydyr. Asudalygyň we bagtyýarlygyň höküm sürýän ýurdunda halkymyzyň abadan we bagtly durmuşy üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirip, Watanymyzyň daýanjy we söýenji bolan ýaş nesilleriň dünýä ülňilerine laýyk bilim almagy, ylym öwrenmegi, hünär edinmegi, edep-terbiýeli, Watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarlar.                                                Kakageldi Güllekow.

12
12 25.08.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda etrabymyzdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanyp, “Döwletli başlangyçlar rowaçlygyň binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy TMÝG-niň Garagum, Baýramaly etrap geňeşleri, etrap bilim bölümi bilelikde gurap, oňa atlary agzalan guramalaryň işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, bilim işgärleri we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, 23-nji orta mekdebiň müdiri, etrap halk maslahatynyň başlygy Agajan Kullaýew, TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň işgäri Ogulbagt Amanmyradowa, TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň bölüm müdiri Azat Muhyýew çykyş etdiler. Olar ýokarda ady agzalan halkara maslahatynyň jemleri, bu forumyň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy barada durup geçdiler. Gülnar GURBANMYRADOWA

9
9 25.08.2025
Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Golaýda Wekilbazar etrap bilim bölüminde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Parahatçylygyň aýdyň ýoly” ady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlanyldy. Oňa ýokarda ady agzalan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Wepa Orazow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dünýä Öwezowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Şaguly Öwezow çykyş etdiler. Çykyş edenler baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetiniň bardygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  Aýlar MYRADOWA

11
11 22.08.2025
Hyzmatdaşlyklar pugtalandyrylýar

 Ýakynda Ýolöten etrap häkimligi, etrap zenanlar guramasy, TMÝG-niň etrap geňeşi etrabyň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda «Parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.  Bu wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkimliginiň hünärmeni Dünýä Çaryýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrabyň ýaşaýjysy Ýazgül Öwezowa çykyş etdiler. Çykyş edenler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçendigi, dost-doganlygyň berkeýändigi, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň etdiler. Ahmet NURJANOW.

24
24 22.08.2025
Ýaşlaryň arasynda maslahat duşuşygy geçirildi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, toý baýramlara beslenýär. Üstümizdäki - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdymyzyň durnykly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowlandyrmak boýuça il-ýurt bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini halk köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň “Türkmenistanyň Halk Maslahaty - Rowaç menzillere badalga” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Mary etrap we şäher Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Şöhratly ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleriniň dowamata atarylan täze taryhy eýýamynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň gatmaşmagyny üpjün etmekde halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän ulydyr. Şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýan ajaýyp döwründe alnyp barylýan il - ýurt bähbitli işler raýatlarymyzyň kalbynda çäksiz hoşallyk döredýär. Her ýylda uly ruhybelentlikde geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilmeginde uly many bar.  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýanlaryň arasynda Ýaşlar guramasynyň agzalaryna giň orun berilmegi hem ýaşala uly ynam bildirilýändiginden nyşandyr diýip, çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we onyň agzalary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine häzirki wagtda işjeň taýýarkyk görýärler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan aýdyň gelejege öňe alyp barýan Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.              Azat Beglanow.

18
18 22.08.2025
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady.    Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Şeýle hem täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyny özünde jemleýän syýasy çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza sapar bilen geldiler. Bu halkara çäre sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrdy.    Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň baş şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriniň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.

15
15 22.08.2025
Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.   Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklar dostlugyň berk binýadyna, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan syýasy erke esaslanýar.    Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen bellenildi.

15
15 22.08.2025
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşuşyk geçirildi.   Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi.   Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

22
22 21.08.2025
Bilim işgärleriniň arasynda maslahat örän täsirli boldy

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda bilim işgärleriniň iş tejribelerini öwrenmek maksady bilen usuly-amaly maslahat geçirilip, oňa welaýatyň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary çagalar edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Mary şäherindäki 47-nji çagalar bagynda geçirilen bu maslahatda Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilişi, bu ugurda alnyp barylýan netijeli işler, şeýle hem bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, olaryň arasynda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek, ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlary milli ruhda terbiýelemek dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalar bilen alnyp barylýan terbiýeçilik işleri, olaryň aň-düşünjelerini ösdürmekde geçirilýän okuw sapaklary barada hem bu maslahatda aýratyn bellenildi.  Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösürmekde uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Maslahata gatnaşanlar soňra bilim işgärleriniň okuw görkezme esbaplaryndan gurnalan serginem uly höwes bilen synladylar. Merjen Çaryýarowa.

12
12 25.08.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda etrabymyzdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanyp, “Döwletli başlangyçlar rowaçlygyň binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy TMÝG-niň Garagum, Baýramaly etrap geňeşleri, etrap bilim bölümi bilelikde gurap, oňa atlary agzalan guramalaryň işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, bilim işgärleri we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, 23-nji orta mekdebiň müdiri, etrap halk maslahatynyň başlygy Agajan Kullaýew, TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň işgäri Ogulbagt Amanmyradowa, TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň bölüm müdiri Azat Muhyýew çykyş etdiler. Olar ýokarda ady agzalan halkara maslahatynyň jemleri, bu forumyň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy barada durup geçdiler. Gülnar GURBANMYRADOWA

9
9 25.08.2025
Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Golaýda Wekilbazar etrap bilim bölüminde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Parahatçylygyň aýdyň ýoly” ady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlanyldy. Oňa ýokarda ady agzalan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Wepa Orazow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dünýä Öwezowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Şaguly Öwezow çykyş etdiler. Çykyş edenler baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetiniň bardygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  Aýlar MYRADOWA

11
11 22.08.2025
Hyzmatdaşlyklar pugtalandyrylýar

 Ýakynda Ýolöten etrap häkimligi, etrap zenanlar guramasy, TMÝG-niň etrap geňeşi etrabyň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda «Parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.  Bu wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkimliginiň hünärmeni Dünýä Çaryýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrabyň ýaşaýjysy Ýazgül Öwezowa çykyş etdiler. Çykyş edenler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçendigi, dost-doganlygyň berkeýändigi, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň etdiler. Ahmet NURJANOW.

24
24 22.08.2025
Ýaşlaryň arasynda maslahat duşuşygy geçirildi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, toý baýramlara beslenýär. Üstümizdäki - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdymyzyň durnykly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowlandyrmak boýuça il-ýurt bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini halk köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň “Türkmenistanyň Halk Maslahaty - Rowaç menzillere badalga” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Mary etrap we şäher Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Şöhratly ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleriniň dowamata atarylan täze taryhy eýýamynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň gatmaşmagyny üpjün etmekde halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän ulydyr. Şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýan ajaýyp döwründe alnyp barylýan il - ýurt bähbitli işler raýatlarymyzyň kalbynda çäksiz hoşallyk döredýär. Her ýylda uly ruhybelentlikde geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilmeginde uly many bar.  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýanlaryň arasynda Ýaşlar guramasynyň agzalaryna giň orun berilmegi hem ýaşala uly ynam bildirilýändiginden nyşandyr diýip, çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we onyň agzalary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine häzirki wagtda işjeň taýýarkyk görýärler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan aýdyň gelejege öňe alyp barýan Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.              Azat Beglanow.

18
18 22.08.2025
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady.    Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Şeýle hem täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyny özünde jemleýän syýasy çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza sapar bilen geldiler. Bu halkara çäre sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrdy.    Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň baş şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriniň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.

15
15 22.08.2025
Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.   Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklar dostlugyň berk binýadyna, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan syýasy erke esaslanýar.    Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen bellenildi.

15
15 22.08.2025
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşuşyk geçirildi.   Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi.   Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

35
35 19.08.2025
Wekilbazar etrap medeniýet öýünde täsirli maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrüldi.  Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet öýünde hem Wekilbazar etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda  Birleşen Millere Guramasynyň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça  üçünji halkara maslahatynyň jemlerini wagyz-nesihat etmek boýunça “Parahatçylyk we ynanyşmak - ähliumumy rowaçlygyň binýady” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata etrabyň il sylagly ýaşulylary, kümüş saçly eneleri,  jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler şowly geçen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda  Birleşen Milletler Guramasynyň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Dabarada etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans hem-de döredijiki toparlarynyň çykyşlaryna-da uly orun berildi. Joşgunly çykyşlarda, ýaňlanan aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen tanslarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda we parahat Watanmyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işleriniň waspy beýan edildi. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan hoşallyk we alkyş sözlerini aýtdylar. Azat BEGLANOW.

33
33 19.08.2025
Maslahat geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Murgap etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýanyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, oňa etrabyň ýaşuly nesilleriniň wekilleri we bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Etrabyň medeniýet öýünde geçirilen bu maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler hem-de golaýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň ähmiýeti we şol forumda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy dogrusynda buýsanç bilen bellenilip geçildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalary dogrusynda-da durup geçdiler hem-de dünýäde hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.      Merjen ÇARYÝAROWA.

641
641 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

559
559 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

791
791 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

629
629 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

705
705 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

740
740 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

553
553 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

629
629 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.