Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
weather mary 42° C Mary
weather mary 42° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

176 30.03.2025

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi ynsanperwerligiň, rehimdarlygyň, sahawatlylygyň, ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň baýramy bolan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Müňýyllyklardan gözbaş alýan mukaddes Oraza baýramy şükranalygy, ruhy päkligi, dostlugy, belent adamkärçiligi dabaralandyrýar. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň we medeniýetiniň kemala gelmeginde bu gadymy baýramyň möhüm orny bardyr. Oraza aýynyň her bir gününde halkymyz dini däp-dessurlary berjaý edip, ruhy we beden tämizligine, ahlak arassalygyna aýratyn üns berip, bu baýramy ýagşy dilegler bilen garşy alýar. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen, haýyr-sahawatlylygy dabaralandyrýan Oraza baýramy täze many-mazmun, milli öwüşginler bilen has-da baýlaşdyrylyp, döwürleri, nesilleri we halklary jebisleşdirýän, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşaýan raýatlarymyzyň milli däp-dessurlary, tagat-ybadatlary berjaý etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Halkymyz ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklara hormat goýýar, bu bolsa türkmeniň öz köklerine ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň, dini we dünýewi dessurlaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy netijesinde jemgyýetimiz hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýär. Milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, sahylyk, myhmansöýerlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk ýaly asylly häsiýetler jemgyýetimiziň ösüşini üpjün edip, halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar. Häzirki döwürde özboluşly, gaýtalanmajak medeni mirasymyz dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň dostlugyny berkitmäge, adamzadyň röwşen geljegini üpjün etmäge, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam berýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Oraza aýynyň sahawata baý Gadyr gijesi bu ýyl hem eziz Diýarymyza özüniň sansyz sogaby bilen geldi. Halkymyz Gadyr gijesinde il-ulsumyzyň agzybirligini, ýurdumyzyň parahatçylygyny, Zeminiň asudalygyny hem-de öten-geçenlerini ýatlap, aýat-töwir okaýar, doga-dileg edýär. Siziň bu mukaddes aýda ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçmek barada Permana gol çekmegiňiz belent adamkärçiligiň, rehimdarlygyň aýdyň beýanydyr. Bu adalatlylygyň, rehim-şepagatlylygyň, toba edeni bagyşlamagyň, nesillere adamkärçilik babatda terbiýe bermegiň türkmen nusgasydyr. Mukaddes Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gurlan metjitlerde berlen agzaçar sadakalarynda okalan aýat-töwirlerde, tarawa we baýram namazlarynda pederlerimizden gelýän gymmatlyklarymyzyň mertebesini has-da beýgeldip, täze taryhy döwrümizde metjit gurmak ýaly sogaply işleri mynasyp dowam etdirýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň adyňyza ýagşy doga-dilegler edilip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň agzybirligi, jebisligi barada ýagşy arzuwlar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun! Aýlaryň serweri mübärek Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berlen agzaçar sadakalary, ilimiziň asudalygy, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy üçin edilen doga-dilegler Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

17
17 16.07.2025
ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDA FUTBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

Ýakynda Mary şäherindäki “Merw” futbol meýdançasynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de “Merw” bedenterbiýe-sport futbol klubynyň bilelikde guramagynda 2015-2016-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça ýaryş geçirildi. “Merw” bedenterbiýe-sport futbol klubynyň kubogyny almak ugrunda guralan ýaryşda futbolçy türgenler özleriniň ukyp-başarnygyny görkezdiler. Mary, Aşgabat, Baýramaly şäherleriniň hem-de Türkmenbaşy şäherçesiniň “Merw”, “Wepaly ýigitler”, “Altyn Täç”, “Soltan Sanjar”,  “Şapak”,  “Gres” futbol toparlarynyň duşuşmagynda geçirilen ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Baýramaly şäheriniň “Soltan Sanjar” futbol topary 3-nji, Aşgabat şäheriniň “Altyn Täç” futbol topary 2-nji, Mary şäheriniň “Merw” futbol topary 1-nji orunlara mynasyp boldular. “Merw” “Altyn Täji” 5:3 hasabynda utmagy başardy we esasy baýraga – Kuboga mynasyp boldy. Sülgün ŞADYÝEWA.

6
6 16.07.2025
Dogruçyllyk (Iňlis ertekisi)

Gadym wagtlarda Sem atly baý, açgöz adam bar eken. Ol elmydama has köp altyn isläpdir. Sem hiç haçan elindäki baýlyklary bilen kanagatlanmandyr we baýlygyny başgalar bilen paýlaşmak islemändir. Hatda ol baý adam elinde işleýän işgärlere hem örän az iş haky beripdir. Emma ol bir gün durmuşynda ýatdan çykmajak sapak edinýär. Günleriň birinde Sem torbasyny ýitirýär. Bu torbanyň içinde bolsa elli sany altyn teňňe bar eken. Sem muňa örän gynanýar. Her näçe gözlese-de, torbasyny tapmaýar. Semiň dostlary, goňşulary hem torbanyň gözlegine çykýar, emma olaryň hiçisi-de ony tapyp bilmeýär. Birnäçe günden soň, Semiň elinde işleýän bir işgäriň on ýaşly gyzjagazy torbany tapýar. Gyzjagaz bu zatlary derrew kakasyna aýdýar. Gyzyň kakasy bu torbanyň hojaýynyňkydygyny bilip, ony Seme gowşurýar. Işgär hojaýynyna torbany gowşurýar we içindäki ähli elli altynyň bardygyny aýdýar. Sem torbany tapanyna begenýär. Emma ol mekirlik edip işgäriniň üstüne gygyrýar. «Torbanyň içinde ýetmiş bäş sany altyn bolmaly! Bärde bary-ýogy elli sanysy bar! Meniň galan altynlarymy ogurladyň» diýip, işgärine töhmet atýar. Sem we işgäriniň gyzy bu zatlaryň hemmesini kaza aýdyp berýärler. Kazy iki tarapy hem doly diňleýär. Emma Sem kezzaplyk edip, olara töhmet atýar. «Torbanyň içinde hakykatdan hem ýetmiş bäş sany altyn bolmalymy?» diýip, kazy sorag berýär. Ol ýene-de hilegärlik bilen «Hawa» diýip jogap berýär. Kazy şeýle karara gelýär: «Semiň ýitiren torbasynda jemi ýetmiş bäş sany altyn bolmaly. Emma bu gyzjagazyň tapan torbasynda jemi elli sany altyn bar. Diýmek, bu torba Semiň däl-de, başga bir adamyň torbasy bolmaly. Haçan-da, biri ýetmiş bäş sany altyn tapyp getiren ýagdaýynda men size habar bererin, jenap Sem! Bu ýiten elli sany altynyň eýesiniň tapylmadygyna göra, bulary men size sowgat görnüşinde gowşurýaryn. Çünki siz dogruçyllyga, halallyga eýerip, bu ýiten torbanyň eýesiniň gözlegine çykdyňyz. Diýmek, bu elli sany altyn gyzjagazyňkydyr». Şeýlelik bilen Sem eden etmişi üçin elindäki elli altynyny hem ýitirdi. Ýatdan çykarmaň, eziz körpeler, dogruçyllyk elmydama ýeňiş gazanar! Terjime eden Arzygül ATJANOWA.

13
13 15.07.2025
Çaga terbiýesi we onuň kadalary

Her bir senediň, her bir hünäriň bir gün gerek bolup çykaýmagy ähtimaldyr. Şonuň üçin hem senet öwrenmekdäki, bilimleri ele almakdaky säwliklere ýol bermek bolmaz. *** Eger çaga biedeplik edip göwnüňe degse, senem ony içiňe sygdyryp bilmeseň, oňa öz eliň bilen temmi bermegin, mugallymlaryňa aýdaryn diýip gorkuzgyn, ýüreginde saňa kine saklamaz ýaly, temmi bermegi mugallymlara tabşyrgyn! *** Emma ogluňy berk tutgun, ol hiç haçan seni ejiz hasap etmesin, hemişe öz ýanyndan senden heder etsin. *** Bilim almak, senet öwrenmek perzendiň borjudyr, bilim we hünär öwretmekde biweç bolmagyn. *** Ýöne ogluň jahyl çykybereninde, ony gözden salmagyn, onuň nämä ýykgyn edýändigini, haýsy işe baş goşmak isleýändigini — ýa hojalyk bilen gümra bolup öýlenmek, mal-mülk toplamak hyýaly barmy — hemmesini anyklagyn. Şondan soň toý tutmagyň ugruna çykyp başlagyn. *** Ogluňy öýerjek, gyzyňy durmuşa çykarjak bolsaň, gudalaryň garyndaşlaryňdan bolmasyn, gyzy kesekiden algyn, çünki öz tohumyňdan alsaň-almasaň, barybir onuň eti etiňden, gany ganyňdandyr. *** Goý, ogluň ulalansoň öz bilşi ýaly ýaşasyn. Barybir sen öleniňden soň, ol maňlaýyna ýazylyşy ýaly ýaşar. “Kowusnamadan”.

15
15 15.07.2025
Çarwa bili çyzgalgy

Ömrüniň agramly bölegini mal yzynda geçirip, gözel Garagum çölünde ýaşap, gezip ýören çopanlara çöl alymy diýilmegi gaty ýerlikli. Çünki, olar çöl durmuşyny, diýseň, oňat bilýärler. Meýdan otlary, ösümlikler we çarwa tagamlary bilen baglanyşykly şu aýtgylardyr çeper setirler hem şeýle adamlaryň dilinden ýazylyp alyndy. Çeper eli çermelgi, çarwa bili çyzgalgy. *** Saryýag — däri ýag. *** Uzyn derek, inçe köwek. *** Domalan çyksa, dokluk. *** Garyn eti — derman. *** Gowka iýen bilen ýaryşma! Ýag içen bilen göreşme! *** Kölde gamyş biter, çölde çomuç. *** Gülşende gül biter, şor ýerde — şora. *** Sazagyň güli bolmaz, kerkawyň küli. *** Ot köküniň üstünde biter. *** Ser-sepil, ýetmedige men kepil. *** Sargan iýen sarç bolar. *** Sähra gülüniň dessesi gowy, Çarwa ýeriniň mesgesi. *** Toşaply çaý — şuglaly Aý. *** Göçenini ýel biler, Gonanyny gol biler. *** Ýandagyň çaýy — jennetiň jaýy. *** Toraňňy saýasy şypa getir, Söwüt saýasy sapa. Toplan  Annamyrat BERDIMYRADOW.

15
15 14.07.2025
Gallaçylaryň zähmet üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen oba zähmetkeşleriniň alyp barýan işlerinde üstünliklere eýe bolmagy üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi daýhanlaryň zähmetine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Bu bolsa ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.  Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary uly yhlas bilen ajaýyp zähmet üstünligine eýe boldular. Olar 345 müň tonnadan gowrak dänäni taýýarlap, bereketli hasyly Watan harmanyna tabşyrmak bilen bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.  Hormatly Prezidentimiziň galla oragyna ak pata bermegi bilen ýagşy dilegler edip, ýygyma girişen gallaçylar möwsümi guramaçylykly alyp bardylar. Kuwwatly kombaýnlar daýhanlaryň daýanjy bolup, gije-gündiz bökdençsiz işledildi. Her bir işde bolşy ýaly, galla oragynda hem agzybirlikli alnyp barylan iş özüniň ajaýyp netijesini berdi. Çekýän zähmetleriniň ýerine düşýändigine ruhlanýan gallaçylar her bir täze hasylyň aladasyna tutanýerlilik bilen girişýärler.  Biz hem zähmet ýeňşini gazanan hasyl ussatlaryna “Harmanyňyza bereket edermen, gallaçylar!” diýýäris.  Durdynabat BAÝRAMOWA.

30
30 11.07.2025
ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda Mary welaýat tele radio studiýasynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary çykyş edip, olar öz çykyşlarynda dürli ulgamlarda alnyp barylýan işler dogrusynda nygtap geçdiler. Has takygy, çykyş edenler Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň dokuzynjy maslahatynda garalan meseleler, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin bellediler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna, ýakyn günlerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy. Bu taryhy senelerde ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meseleleriň geljekde döwletleriň arasyndaky işjeň gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygy barada aýdylan täsirli gürrüňler söhbetdeşligiň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Söhbetdeşlikde aýdylan her bir gymmatly maglumatlaryň ýurdumyzyň ösüşi babatynda uly ähmiýete eýedigini äşgär etdi. Täsirli bolan söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyp, çykyş edenler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolmagynda, milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar. Maksat JANMYRADOW.

24
24 11.07.2025
Muzeýleriň häzirki döwürdäki ähmiýeti

Golaýda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň, “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň bilelikde guramaklarynda “Wirtual muzeýleriniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda TDP-niň şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Bibihatyja Hatamowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrap şahamçasynyň müdiri Sytdyh Rahmanow we muzeýiň ylmy işgärleri Dünýägözel Gurbanjumaýewa, Bägül Begliýewa, “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň başlygynyň orunbasary Annamyrat Orazow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda muzeýde ýerleşdirilen gadymy tapyndylaryň ýaş nesillerimize öwretmekde ähmiýetiniň ulydygy barada nygtadylar. Şeýle hem muzeý işini has-da ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin durup geçdiler. Maslahatyň ahyrynda muzeýiň gymmatlyklarynyň bölümlerine gezelenç guraldy we şol ýerdäki gadymy tapyndylar barada çärä gatnaşyjylara gürrüň berdiler.  Şemşat SAÝLYÝEWA.

33
33 09.07.2025
Türgenlerimiziň halkara ýaryşyndaky üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly   Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gözel Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde sport toplumlary, sport mekdepleri, stadionlar gurlup, olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan türgenlerimiz ýurdumyzyň sport  abraýyny dünýä ýüzüne äşgär edýärler.  Welaýatymyzyň taekwon-do ITF ussatlary ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny barha arşa göterýärler. Olar ýakynda Gazagystan döwletiniň Çimkent şäherinde Aziýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, 9 sany altyn, 10 sany kümüş we 9 sany bürünç medallara eýe boldular. Şonuň bilen birlikde, olar ýurdumyzyň sport abraýyny ýene bir gez beýgeltmegi başardylar.  Aziýa kubogyny almak ugrunda geçirilen bu ýaryşda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgenleri Rahat Jumanazarow, Agamyrat Amansähedow, Täçmyrat Kakamyradow, Çynar Gaýgysyzowa, Aýjan Ýusubowa, Mary şäherindäki 8-nji sport mekdebiniň türgeni Çary Muhammedow, Mary etrabyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky sport mekdebiniň türgenleri Daýanç Ýazmyradow, Goşanyýaz Durdyýew baýrakly orunlara eýe bolup, ussatlyklaryny görkezdiler. Bu türgenleriň  halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bizi, diýseň, begendirýär, buýsandyrýar — diýip, Türkmenistanyň halkara derejeli sport ussady, gara guşagyň 6-njy danynyň eýesi Gaýgysyz Atabaýew uly buýsanç bilen belleýär. Welaýatymyzyň taekwon-do ITF ussatlary Aziýa döwletleriniň arasyndaky we Italiýa döwletinde dünýäniň kubogyny almak ugrunda geçiriljek ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Biz hem öz gezegimizde taekwon-do ITF ussatlarymyza geljekde hem üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris. Aýdogdy ATABAÝEW.

28
28 09.07.2025
Derde derman alma

Dünýäde almanyň 7 müňden gowrak görnüşi bar. Alma dünýäniň iň bir köp iýilýän ir-iýmişleriniň hataryna girýär. Biz ony ter görnüşinde we ondan şerbet, bal gaýnadyp iýýäris. Almanyň 200 gramynda 104 kilokaloriýa bar. Almanyň 80 göterimi suwdan, 20 göterimi bolsa kletçatkadan we beýleki maddalardan ybaratdyr. Onuň düzüminde uglewodlar, witaminler, minerallar  we  kaliý, kalsiý, demir, sink, ýod  bar. Almanyň düzümindäki maddalar holesteriniň mukdaryny azaldýar, gan basyşynyň peselmegine eltýär. Ondaky C witamin adamyň immun ulgamyny güýçlendirýär, kaliý bolsa ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda oňaýly täsir edýär, buşukmagy ýeňilleşdirýär. Sink immun ulgamyny berkidýär, horlanmaga ýardam berýär. Almanyň düzümindäki kwersetin beýniniň zeperlenmesiniň öňüni alýar.  Düzüminde demir bolansoň ol demir ýetmezçilikli ganazlykda ulanylýar. Alma iýmit siňdiriş ulgamynyň gowulaşmagyna ýardam berýär, iç gatamanyň öňüni alýar. Almanyň düzümindäki pektin bedeni zäherli maddalardan arassalaýar, pektiniň mikroblary gyryjy täsiri hem bar we ol dişi arassalaýar. Günde 1-2 sany alma iýmek bolar. Onuň gabygynda peýdaly zatlaryň köpdügi üçin ony artman iýmeli. Alma çigidiniň 150 sanysy iýlende zäherlenme döräp biler, az mukdarda iýlende, onuň hiç hili zyýany ýokdur. Alma iýlende allergiýa döreýän adamlar ony iýmeli däldirler. Ýara-baş keselinde, aşgazan jerhetlenmesiniň beterleşmesinde, içgeçmede alma iýmek bolmaýar. Çarymyrat ANNAMUHAMMEDOW. 

30
30 11.07.2025
ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda Mary welaýat tele radio studiýasynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary çykyş edip, olar öz çykyşlarynda dürli ulgamlarda alnyp barylýan işler dogrusynda nygtap geçdiler. Has takygy, çykyş edenler Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň dokuzynjy maslahatynda garalan meseleler, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin bellediler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna, ýakyn günlerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy. Bu taryhy senelerde ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meseleleriň geljekde döwletleriň arasyndaky işjeň gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygy barada aýdylan täsirli gürrüňler söhbetdeşligiň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Söhbetdeşlikde aýdylan her bir gymmatly maglumatlaryň ýurdumyzyň ösüşi babatynda uly ähmiýete eýedigini äşgär etdi. Täsirli bolan söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyp, çykyş edenler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolmagynda, milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar. Maksat JANMYRADOW.

24
24 09.07.2025
Ysnyşykly gatnaşyklaryň gerimi giňeýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlyk,   dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýulýar.  Ýadymyzda bolsa, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Bu maslahatyň esasy maksady hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmekden hem-de şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem maslahatda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly, möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy hem göz öňünde tutulýar.  Halkara maslahatynyň Türkmenistan döwletimizde guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň “Awazada” öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi hem göz öňünde tutulýar. Bu halkara çäre Türkmenistanyň diňe bir sebitara hyzmatdaşlykda däl, eýsem, dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde hem işjeň hyzmatdaşlygyny görkezýär. Maksat JANMYRADOW.

24
24 09.07.2025
Ösüşli döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolup geçýän özgertmeler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň täze döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalaryna laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 28-nji iýunynda geçirilen dokuzynjy maslahatynda dürli ugurlara degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Maslahatda deputatlar ilki bilen «Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksine haýyr-sahawat işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýan babyň we başga-da birnäçe üýtgetmeleriň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kodeksde ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeler berildi we olaryň mazmuny doly açylyp görkezildi. Şonuň ýaly-da, Kodeksiň bölümleriniň we baplarynyň belgileri, maddalarynyň gurluşy «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda görkezildi hem-de Kodeksiň hereket edýän kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasy hereket edýän kanunlar bilen sazlaşykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýle hem maslahatda başga-da birnäçe kanun taslamalaryna garaldy we kabul edildi. Türkmenistanda amal edilýän her bir iş döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu işleriň özeninde bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi durandyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.   Orazdurdy ABDYÝEW.

78
78 07.07.2025
Ýaşasyn parahat durmuş!

Golaýda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, Mary şäher, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly maslahat geçirildi. Oňa welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň welaýat, Mary şäher, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Myrat Ataýew açdy we alyp bardy. Maslahatda TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrap şahamçasynyň ýolbaşçysy, TKA-nyň işjeň agzasy Sytdyh Rahmanow, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy, TDP-niň welaýat komitetiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň agzasy Muhammetmyrat Allakulyýew, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TDP-niň welaýat komitetiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň agzasy Maral Gulowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin döredilip berilýän mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem gözel Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyny dabaraly bellemäge görülýän taýýarlyk dogrusynda nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda bagtyýar türkmen halkyny nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi. Şemşat SAÝLYÝEWA.

32
32 05.07.2025
Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyny durmuşa geçirmek hem-de halkara we sebit derejesinde kabul edilen resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek bellenildi. (TDH)

35
35 03.07.2025
Bitaraplyk — abadan geljegimiz

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly düşünjelerdir. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýörelgesine eýerýändigi bilen adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti uludyr. Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanyna şan goşar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we içgin öwrenilýär. Mysal üçin, geçen ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi möhüm waka boldy. Munuň özi ýurt Baştutanymyzyň parasatly daşary syýasatynyň rowaç alyp, uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli, parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat strategiýasy giň gerime eýe bolýar. Bütin dünýäde ählumumy howpsuzlygy berkidip, parahatçylykly gatnaşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa, durnukly ösüşi, abadançylygy, rahat durmuşy kepillendirýär. Laçyn KAKAJANOWA.

53
53 25.06.2025
Bagtly geljegimiziň kepili

Türkmen halky hormatly  Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ýene bir guwançly senesi — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Bu senäniň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halky özüniň eşretli ertirki gününi, döwletli döwranyny baky Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz bu günki günde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyla golaý döwrüniň içinde ata Watanymyz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Bilşimiz ýaly, ak şäherimiz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek oňyn teklipler yglan edilip, olar dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Bitaraplygynyň geçen 30 ýyla golaý döwründe ýurdumyzyň diňe bir daşary syýasatynda däl, eýsem, içeri syýasatynda-da, durmuş-ykdysady ösüşlerinde-de, medeni-ruhy gatnaşyklarynda-da beýik işler durmuşa geçirildi.  Ogulşeker DURDYÝEWA.

47
47 25.06.2025
Maksatlaryň myrat bolýan Diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Watanymyzy çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän   hormatly   Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda uly işler bitirildi we bitirilýär. Ilatyň saglygyny goramakda alnyp barlýan işler hem giň gerime eýe boldy.  Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaşly döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady artýar. Şeýle işlere mysal edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan Arkadag şäherini ýatlasak ýakymlydyr. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp dag   eteginde gurlup, birinji tapgyrynyň gurluşyk-gurnama işleri tamamlanan Arkadag şäheri nusgalyk şäherdigi bilen  dünýä doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurluşygyna girişilen bu örän iri taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2023-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi taryhy waka boldy.  Gahryman Arkadagymyz bu döwrebap şäheriň gurluşygyny hemişe üns merkezinde saklap, bu döwletli iş üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, bu şäher  “akylly” şäher ady bilen meşhurlyga eýe boldy. Dogrusy, Arkadag şäheri maksatlaryň myrat bolýan jenneti mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry güýçli depginde dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy netijesinde sanlyja ýyllarda kemala gelen bu döwrebap şäheriň  halkara sylaglarynyň ençemesine mynasyp bolmagy-da   Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň miwesidir. Türkmen halky ýokary zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutanýerli zähmet çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ynamly gadamlar bilen aýdyň geljegine barýar. Baýram AMANOW.

54
54 25.06.2025
Işleri  ýokary  guramaçylyk  derejesinde  alyp  barmaly

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.  Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Gant şugundyrynyň ekişi hem dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet  Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly depginde alnyp barylýandygyny nygtady we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly     Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

515
515 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

430
430 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

621
621 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

499
499 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

472
472 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

590
590 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

409
409 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

436
436 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.