Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
weather mary 23° C Mary
weather mary 23° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

701 05.01.2025

3-nji Ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ileri tutulýan ugurlaryny hukuk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjileri üçin guralan önümçilik tejribe okuw sapagy barada aýdyldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentarileriň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda geçirilen iş duşuşygyna hem-de Ženewa Konwensiýalarynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara ynsanperwer hukugyny ösdürmegiň we ornaşdyrmagyň wajyp meseleleri” atly milli maglumat-amaly okuw maslahatyna gatnaşandyklary bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp taýýarlanylan meýilnamalarda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ilerletmek, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, durmuş-ykdysady ösüşi, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, döwlet emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramak, ulgama öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak hem-de kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem wise-premýer “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly ulgama geçmek boýunça şu ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de sanly ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermegiň, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek wezipeleri göz öňünde tutuldy.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we gaza baý bolan gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary we ýerasty suwlary gözlemek hem-de olaryň gorlaryny artdyrmak, ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, mawy ýangyjyň gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy şu ýyl durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan iň möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, pudagyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Meýilnamalarda topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly işler, şol sanda oba hojalygyny we weterinariýa işini ösdürmek, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, suw hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem meýilnamalarda pagta we ýüpek senagatyny ösdürmek, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler bilen senagat kärhanalarymyzy üpjün etmek, galla senagatyny ösdürmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, azyk senagatyny ösdürmek hem-de azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, atçylygy ösdürmek, behişdi ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem topluma degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, olaryň işiniň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de pudak boýunça önümçiligiň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bu meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda gurluşygy dowam edýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline gözegçilik etmek, gurluşyklary we milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, ugurdaş täze döwrebap kärhanalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa senagaty pudagynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, hereket edýän kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak, awtomobil ýollaryny we köprüleri döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini gurmak boýunça işleri dowam etdirmek, Aşgabat şäherinde bolsa medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň we awtoýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, senagat pudagynda gurluşyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmagyň we pudaga sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň hem-de kärhanalaryň doly güýjünde işlemeklerini gazanmak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, önümçilige täze döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň iş meýilnamalaryny makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalarda ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny hem-de bahalaryň durnuklylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek, söwda ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli ulanmak, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizdäki ornuny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň, içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmegiň, sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny doly hem-de netijeli ulanmagyň zerurdygyny belläp, söwda toplumynyň iş meýilnamalaryny makullady we wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa medeniýet ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde alnyp barylýan degişli işleri dowam etdirmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, muzeýleriň we kitaphanalaryň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, teatrlarda döwrüň ruhuny beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmak boýunça degişli işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan dürli filmleri surata düşürmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara medeni hyzmatdaşlygy we syýahatçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli üns merkezinde saklamagyň, medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, medeniýet ulgamynyň iş meýilnamalaryny makullady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynyň 2025-nji ýyl üçin taýýarlanan iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bu meýilnamalarda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullarynydyr sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar hem-de ylym ulgamlaryna çekmek bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, ösüşlerini, milli medeni mirasymyzy wagyz etmek boýunça wezipeler we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mundan beýläk hem ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn ähmiýet bermegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, adam hukuklaryny hemmetaraplaýyn goramak we olara bolan häzirki zaman wehimlerine garşy göreşmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen ýurdumyzda adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda kanunçylygyň berk binýady kemala getirildi. Munuň özi bu ugurda degişli işleri yzygiderli alyp barmaga ygtybarly hukuk esasyny döredýär. Türkmenistan bu ugurda halkara tagallalara anyk goşant goşýar. Ýurdumyzda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2016 — 2018-nji we 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary yzygiderli amala aşyryldy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara topar döredildi. Häzirki wagtda agzalan toparyň utgaşdyrmagynda Halkara Migrasiýa Guramasy hem-de BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Meýilnama 5 bapdan ybarat bolup, olarda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän maksatnamalaýyn çäreler, olary ýerine ýetirmegiň möhletleri, degişli görkezijiler we jogapkär döwlet edaralary kesgitlenildi. Şeýle hem bu ugurda abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyga we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny, Garaşsyz Watanymyzda adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Adam söwdasy dünýäde örän wajyp hem-de ýiti meseleleriň biridir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz adam söwdasyna garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça dünýä bileleşigi bilen utgaşykly işleri alyp barmaly. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamynyň düzüm birlikleriniň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalara laýyklykda, 2025-nji ýylda döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, deňiz gämileriniň, häzirki zaman önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilmegi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ulag-kommunikasiýalar toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulag üpjünçilik ulgamlaryny doly güýjünde işletmek üçin zerur işleri dowam etdirmegiň, bu ugurda toplumyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ulag we kommunikasiýalar toplumynyň iş meýilnamalaryny makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini we şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, göz öňünde tutulýan halkara çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.

Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe beýleki meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30
30 13.10.2026
Döwrebap saglyk öýi açyldy

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, raýatlarymyzyň saglygy goramak we şäherleriň, etraplaryň, obalaryň keşbini düýpli özgertmek barada amala aşyrýan özgertmeleriniň çäginde saglyk ulgamynda täze gurulýan ylmy kliniki merkezleriň we saglyk öýleriniň sany barha artýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda durky döwrebaplaşdyrylan, iki gatly Mary şäher 1-nji Saglyk öýüniň binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem welaýatyň ähli ilatynyň we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Ýurdumyzda iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralarynyň gurulmagy, birnäçesiniň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň tejribeli hünärmenler bilen üpjün edilmegi ilatyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen gurşalyp alynmagyna ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäginde durky döwrebaplaşdyrylan Mary şäher 1-nji Saglyk öýüniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Iki gatdan ybarat bu Saglyk öýüniň edara binasynyň gurluşygyny Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasyna laýyklykda “Yhlasa ynam” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Binanyň açylyş dabarasyna welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, welaýatyň we şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler we bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Saglyk öýüniň açylyş dabarasy täze taryhy eýýamyň toý şatlykly dabaralary bilen dowam etdi. Dabarada welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, estrada aýdymçylarynyň, birleşen tans toparlarynyň, saglyk ulgamynyň işgärleriniň ýerine ýetirmeginde belent heňde ýaňlanan aýdymlara, şowhunly çykyşlara we döwrebap tanslara uly orun berildi. Baýramçylyk çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny we lukmançylyk hyzmatlaryny kämilleşdirmekde amala aşyrýan döwlet ähmiýetli işleri, saglyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler, lukmanlaryň hünär baýramçylygy joşgunly wasp edildi. Soňra baýramçylyk dabarasynda çykyş eden adamlar dabara gatnaşanlary Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gutlap, saglygy goraýyşda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri hem-de şeýle ajaýyp binany gurduryp berendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Dabaraly pursatda Saglyk öýüniň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň gurluşygynda tapawutlanan hususy kärhananyň gurluşykçylaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ähli amatlyklary bolan Saglyk öýüniň işgärlerine Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren “Mersedess” kysymly göçme flýuro enjamly ýeňil awtoulagynyň açarynyň gowşurylmagy bolsa dabaranyň iň şatlykly pursatlarynyň biri bolady. Täze awtoulag halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerilip, üzärlik tütetmek, un sepmek, alaja daňmak däpleri bilen garşylandy. Soňra dabaraly çärä gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler we myhmanlar Saglyk öýüniň lukmançylyk hyzmatlary bilen tanyşdylar. Binanyň girelgesinde döwrümiziň saýrak dilli körpeleriniň çaga ýüreginden joşup ýerine ýetiren çykyşlary olarda uly täsir galdyrdy. Ýaşuly nesilleriň wekilleriniň ak halatly körpelere ýörite sowgat gowşurýan pursatlary has-da ýatda galyjy boldy. Binanyň fitobarynda tebigy otlardan taýýarlanan melhem çaýlar ýaşuly nesliň wekillerine hödür edildi. Soňra birinji saglyk öýüniň lukmanlary dabara gatnaşanlara binanyň döwrebaplaşdyrylan we ýokary hilli enjamlar oturdylan lukmançylyk otaglary, olaryň ilatyň saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti dogrysynda gürrüň berdiler. Häzirki zaman tilsimatly lukmançylyk enjamlary takyklygy bilen tapawutlanýan barlaglary gysga wagtda geçirmeklige mümkinçilik döredýär. Umumy tutýan meýdany dokuz müň inedördül metre barabar bolan bu bina iki gatdan ybarat bolup, onuň birinji gatynda hasaba alyş, terapewt, newropotolog, endokrinolog, stomatolog, otolarindolog, akuşer – ginekolog, pulmanolog, hirurg, owtomatolog ýaly lukmanlaryň otaglary, çaganyň irki ösüşi we irki dikeldiş otagy şeýle-de şöhle bilen anyklaýyş we barlaghana bölümleri hem-de dermanhana ýerleşýär. Saglyk öýüniň ikinji gaty maşgala lukmanlary üçin niýetlenendir. Bu ýerde mejlisler otagy hem bar. Saglyk öýüniň ähli otaglary we bölümleri tutuşlygyna Ýewropa döwletleriniň, Germaniýanyň, Türkiýäniň dünýä belli kompaniýalarynyň ösen innowasion tehnologiýaly, ýokary tilsimatly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Otaglardaky we bölümlerdäki enjamlar döwrebap barlag we bejeriş işlerini geçirmäge we talabalaýyk alyp barmaga, keselleriň öz wagtynda öňüni almaga uly mümkinçilikler döredýär. Saglyk öýünde gatnawly bejergi almak isleýän näsaglaryň kesellerini döwrebap enjamlaryň kömegi arkaly bejermek üçin hem ähli amatly şertler döredilipdir. Ýurdumyzda kabul edilen milli we döwlet maksatnamasynyň çäginde durky döwrebaplaşdyrylan saglyk öýüniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, daş töwereginde awtoduralga, elektrik we ýyladyş ulgamlary gurlupdyr. Onuň binagärlik keşbi agşamlaryna hem gözel görke beslenip, dürli öwüşginli yşyklary çarýana ýalkym saçyp, şäher gözelligi bilen sazlaşyp, agşamlaryna özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu işler milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly ösüşleriň gazanylýandygyny görkezýär. Saglyk öýüniň hyzmatlar ulgamy bilen tanyşan welaýatyň bagtyýar raýatlary ilatynyň saglygyny berkitmekde, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra döwrebaplaşdyrylan Saglyk öýüniň ulanylmaga berilmegi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli toý sadakasy berildi. Onda okalan töwirde il agzybirligi, ýurt parahatçylygy arzuwlanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il, ýurt ähmiýetli döwletli işleriniň rowaçlyga beslenmegi dileg edildi. Çarymuhammet Saparow.

65
65 13.10.2026
Halk bähbidine gönükdirilýän tagallalar

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow alyp bardy. Maslahatda Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Allaberdi Çaryýew, Baýramaly etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Muhammetmyrat Berdiýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Berdimyrat Ýakubow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Durdymuhammet Annageldiýew, TDP-niň Mary etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Täzegül Pirsýanowa, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Maýagözel Akmämmedowa çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigi, halk bähbitli çözgütleriň kabul edilendigi, şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasaty dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şemşat RAHMANOWA.

68
68 12.10.2026
Täsirli geçen maslahat

Hünär baýramçylygy mynasybetli Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň mejlisler zalynda “Il saglygy — ýurt baýlygy” ady bilen maslahat geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat diýseň täsirli boldy. Oňa ak ýektaýly lukmanlar gatnaşdylar. Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri Berdimyrat Ýakubow, Gülälek Mämmedowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmeni Ýalkap Akgaýew çykyş etdiler. Olar saglyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler hakynda giňişleýin gürrüň edip, ähli saglygy goraýyş işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutladylar. Sülgün ŞADYÝEWA.

65
65 12.10.2026
Şatlyk-şowhuna beslendi

Ýakynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baýramaly şypahanasynyň öňünde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Lukmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa edildi. Täsirli geçen baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan şirin aýdymlarda ata Watanymyzyň, gazanylýan beýik ösüşleriň waspy belentden ýaňlandy.

67
67 12.10.2026
Bedewler bat alanda

Geçen ýekşenbede, güýz paslynyň ajaýyp güni welaýatymyzyň atçylyk sport toplumynda nobatdaky at çapyşygy şatlyk-şowhuna, aýdym-saza beslenip geçirildi. Ruhuňy galkyndyryjy aýdym-sazyň owazy astynda bedew janköýerleri özlerini tolgundyran at çapyşyklaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Ilkinji at çapyşyk 1000 metr aralyga geçirilip, ikiýaşar saýlama bedewleriň bäşisi gatnaşdyryldy. Onda B.Orazowyň hojalygyna degişli Güller atly dor gysrak ýeňiji bolup, pellehana 1 minut 06,56 sekuntda gelmegi başardy. Tomaşaçylaryň hormatyny gazanan dor gysragy A.Annaýew seýisläp, B.Mämmedow ussatlyk bilen çapyksuwarlyk etdi. Ikinji çapyşyga hem ikiýaşar bedewleriň bäşisi gatnaşdyryldy. 1000 metr aralyga geçirilen çapyşykda Mary döwlet athanasynyň Uçgun atly ak ýal mele aty ýeňiji boldy. K.Garýagdyýewiň seýislän, Ý.Amannazarowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 12,90 sekuntda geçdi. Üçýaşar atlaryň bäşisi gatnaşan üçünji çapyşyk 1400 metr aralykda geçirildi. D.Amandurdyýewiň öz seýislän hojalyk aty bolan Edepli atly dor at beýlekilerden saýlanyp, 1 minut 40,72 sekuntda pellehana birinji bolup geldi. Bu ata G.Ýazberdiýew ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi. Dördünji çapyşyk hem 1400 metr aralyga geçirilip, oňa üçýaşar atlaryň bäşisi gatnaşdyryldy. Ş.Şamyradowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 35,93 sekuntda gelip ýeňiş gazandy. Onuň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary G.Ýazberdiýewdir. Çekeleşikli geçen bäşinji çapyşyga dört we ulyýaşar atlaryň bäşisi gatnaşyp, olar 1400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu gezek R.Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy atly mele at 1 minut 36,39 sekunt wagt bilen pellehana öň geldi. Ony Ş.Orazgeldiýew seýisläp, B.Mämmedow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi. Nobatdaky geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabara bilen gowşuryldy. Sähet HOJAGELDIÝEW.

69
69 11.10.2026
Geňeşli iliň döwletli ýoly

Ýakynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi we ondan gelip çykýan wezipeleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen şäher halk maslahatynyň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty: geňeşli iliň döwletli ýoly» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, şäher halk maslahatynyň agzalary we dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Täsirli geçen maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, Garagum etrabynyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Çarygylyç Çaryýarow, şäheriň ýaşaýjysy, mährem ene Amanjemal Berdiýewa, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TDEI-niň talyby Alýoş Amanow we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen taryhy ähmiýetli forumyň üstünlikli geçirilip, onda il-ýurt bähbitli kararlaryň kabul edilendigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Göwher KAKAGELDIÝEWA.

66
66 11.10.2026
Ýaşlar bagtyýar geljegimiziň eýeleridir

Golaýda TMÝG-niň Türkmengala etrap geňeşiniň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdepde etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlarynyň we ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Ogulnar Annamuhammedowa, etrabyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň müdiri, polisiýanyň kapitany Mekan Durdyýew we jenaýat işlerini agtaryş bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Atajan Aksakalow, etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Akga Akgaýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakynda edýän yzygiderli aladalary, ýaşlaryň arasynda hukuk bozulmalaryna garşy göreşmelidigi, ýaşlaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli bolmalydygy hakynda wagyz-nesihat etdiler. Tylla RAHMEDOWA.

69
69 11.10.2026
Öňdebaryjylar höweslendirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalygy pudagyny ösdürmekde oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Jogapkärli möwsümiň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň agzybir işgärleri etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda zähmet çekýän kärendeçileri, ýygymçylary ruhlandyrmak maksady bilen dabaraly duşuşyklary yzygiderli geçirýärler. Golaýda etrabyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň günorta arakesme wagtynda ýygymçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Medeni çärede ýygymçylaryň öňdebaryjylary TDP-niň etrap komiteti tarapyndan sowgatlar bilen sylaglanyldylar. Bu bolsa pagtaçylary has tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Gymmatly baýlygymyz bolan “ak altynyň” bol hasylyny ýygnap almakda ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza etrabymyzyň babadaýhanlary alkyş aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Gunça WELSÄHEDOWA.

67
67 11.10.2026
Hünärli nesil — röwşen geljek

Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşigi yglan etdiler. Ýakynda Mary şäheriniň Gowşuthan köçesiniň ugrunda ýerleşýän toý mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň şäher-etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň toparlary gatnaşdylar. Toý mekanynyň sahnasynda guralan milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän sergi hemmeleriň ünsüni özüne çekdi, aýratynam, ol okuwçy gyzlarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşige gatnaşýan okuwçy gyzlar terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen şahsy ukyplaryny görkezmek, Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň nusgalyk işlerinden görelde alyp, el işlerini ýerine ýetirmek we Milli Liderimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp kitaby boýunça unaş kesmek, tagamyň taýýarlanylyşyny çeper sözler, aýdyşyklardyr nakyllar arkaly beýan etmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler. Netijede, ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezip, has tapawutly çykyş eden gyzlar gurnaklarynyň toparlary öňe saýlandylar. Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň «Gunça» gyzlar gurnagynyň topary 1-nji, Türkmengala etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň «Gunça» gyzlar gurnagynyň topary 2-nji we Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň «Dürdäne» gyzlar gurnagynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere welaýat baş bilim müdirliginiň I derejeli diplomlary hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlarydyr höweslendiriji baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 1-nji orna mynasyp bolan topar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bahargül MEJIDOWA.

65
65 13.10.2026
Halk bähbidine gönükdirilýän tagallalar

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow alyp bardy. Maslahatda Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Allaberdi Çaryýew, Baýramaly etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Muhammetmyrat Berdiýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Berdimyrat Ýakubow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Durdymuhammet Annageldiýew, TDP-niň Mary etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Täzegül Pirsýanowa, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Maýagözel Akmämmedowa çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigi, halk bähbitli çözgütleriň kabul edilendigi, şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasaty dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şemşat RAHMANOWA.

69
69 11.10.2026
Geňeşli iliň döwletli ýoly

Ýakynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi we ondan gelip çykýan wezipeleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen şäher halk maslahatynyň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty: geňeşli iliň döwletli ýoly» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, şäher halk maslahatynyň agzalary we dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Täsirli geçen maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, Garagum etrabynyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Çarygylyç Çaryýarow, şäheriň ýaşaýjysy, mährem ene Amanjemal Berdiýewa, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TDEI-niň talyby Alýoş Amanow we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen taryhy ähmiýetli forumyň üstünlikli geçirilip, onda il-ýurt bähbitli kararlaryň kabul edilendigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Göwher KAKAGELDIÝEWA.

67
67 11.10.2026
Ösüşli Watanymyzda halk bähbitli çözgütler

Golaýda Peşanaly şäherçesindäki medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine bagyşlanylyp, “Ösüşli Watanymyzda halk bähbitli çözgütler” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, etrabyň Jemgyýet geňeşliginiň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Çary Saparow, etrabyň ýaşaýjysy, mährem ene Aýnagözel Baýramowa, etrap häkimliginiň bölüm müdiri, etrap halk maslahatynyň başlygy Oraz Nepesow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigi, halk bähbitli çözgütleriň kabul edilendigi, şeýle-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Muhammetgylyç NEPESOW.

70
70 11.10.2026
Milli jebisligiň nyşany

Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, etrabymyzda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan çözgütleri ilatyň arasynda düşündirmek boýunça wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Etrabymyzyň Mollanepes şäherçesindäki medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda etrap häkiminiň orunbasary Akgözel Muradowa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, etrabyň Mülkýusup geňeşliginiň Parahatlyk obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Berdi Şirow, etrabyň Mülkamaşa geňeşliginiň ýaşaýjysy Ejekeýik Nurýagdyýewa, etrapdaky 35-nji orta mekdebiň müdiri Juma Şirmämmedow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli möhüm wezipelerini, ara alyp maslahatlaşmak, eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek barada gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-bilimli ýaşlary ýetişdirmek, olaryň döredijilik başlangyçlaryny goldamak babatda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda durup geçdiler. Çykyşlarda Watanymyzy, halkymyzy nurana geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Oguljan ORAZGELDIÝEWA.

71
71 10.10.2026
Taryhy waka bagyşlanyldy

Golaýda etrabymyzyň merkezi kitaphanasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty — taryhy özgertmeleriň başlangyjy” atly maslahat geçirildi. Maslahat sentýabr aýynda guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanyldy. Wagyz-nesihat çäresini TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Muhammetnazar Täşliýew, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Tylla Rahmedowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar ählumumy forumyň ýokary derejede geçendigi, onda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada gürrüň etdiler. Öňde durýan wajyp wezipeleri durmuşa geçirmegiň çözgütleriniň maslahatlaşylandygy dogrusynda durup geçdiler. Babajan MUHAMMEDOW.

130
130 06.10.2026
Halk gahrymanlarynyň hatyrasy ebedidir

      Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni giňden bellenilip geçilýär. Hatyra gününde Watanymyzyň azatlygy, erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolan ildeşlerimizi hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan merhumlary hatyralamaklyga bagyşlanan çäreler geçirilýär. Şu gün Mary welaýatynda-da Hatyra çäreleri geçirildi. Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň Mary Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenji guraldy. Muzeý işgärleri talyp ýaşlary 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylygyny hem-de mertligini aňladýan muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdylar. Bu muzeý gymmatlyklarynyň ýaş neslimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, halkymyzyň milli däp – dessurlaryna, ýol – ýörelgelerine hormat goýmakdaky ähmiýeti dogrusynda beren çuň mazmunly gürrüňleri talyp ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy. Gezelenç wagtynda muzeý işgärleri 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimizi hatyralap, olary ýagşylykda ýatladylar. Sapardurdy Ýaýlyýew.

130
130 02.10.2026
Garaşsyz Watanymyz batly ösüşler ýolunda

     Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilmegi şu toý dabaralara beslenen günlerde Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Her bir güni şanly dabaralara, toý baýramlara beslenýän ýylymyzda geçirlen bu hoşallyk maslahaty “Garaşsyz Türkmenistan bedew batly ösüşler ýolunda” – diýlip atlandyryldy. Ýokary ruhubelentlige beslenen bu hoşallyk maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň we edara – kärhanalaryň ýolbaşçylary, ussat atşynaslar hem-de bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatyndaky çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyz nurana geljege, ýagty ertirlere tarap batly gadamlar bilen öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejeleri yzygiderli ýokarlanyp, jemgyýetçilik syýasy durmuşymyzda täze sahypalar açylýar. Ata – Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirilýär – diýlip buýsançly sözler beýan edildi. Şu şanly taryhy döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde kabul edilen il – ýurt bähbitli çözgütler, giň gerimde bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň dabaralary, toý baýramly günlerde Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan 1200 orunlyk ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy bu şanly ýylymyzy täze many – mazmun bilen baýlaşdyryp, halkymyzyň buýsançly başlaryny hasam belende göterdi – diýlip, hoşallyk maslahatyndaky çykyşlarda nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi keremli toprakda kemala gelen, owadanlygy, ýyndamlygy bilen ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerimiziň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan döwlet bähbitli işleriniň aýdyň nyşany boldy. Bu dabara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy, bu ýerde ussat halypa çapyksuwarlaryň arasynda toý ýaryşynyň geçirilmegi hem diýseň täsirli bolup, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz täze toplumda halypa hem ussat çapyksuwarlaryň  arasynda geçirilen ýaryşda öz agtygy Kerimgulynyň seýislän “Daghan” atly atyna atlanyp, ýaryşa goşulmagy özüniň at çapmakda ýokary ussatlygy görkezip, pellehana ilkinji bolup gelmegi hem-de baş baýraga mynasyp bolmagy bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy – diýlip hoşallyk maslahatynda aýratyn nygtalyp geçildi. Mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, olaryň şan – şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Täze taryhy döwürde ady rowaýata öwrülen behişti bedewleriň arasynda halkara atly sport we gözellik bäsleşikleriniň, festiwallaryň, maslahatlaryň geçirilmegi, ýurdumyzyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary döwletlerde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaňy – ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi-de munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Behişti bedewlerimiz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmen seýisleri müňýyllyklaryň dowamynda gözellikde deňi – taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir we söýgi bilen ösdürip ýetişdiripdirler hem-de kemala getiripdirler – diýlip hoşallyk maslahatynda buýsançly sözleri beýan edildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda ahalteke bedewlerini ösdürmekde, baş sanyny artdyrmakda, olaryň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Hoşallyk maslahatyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň zehinli ýaşlarynyň aýdym – sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym – sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il – ýurt bähbitli rowaç işleri, ahalteke bedewlerimize goýýan belent hormat sarpalary, behişti bedewlerimiziň gözelligi, atşynaslaryň çekýän päk zähmetleri joşgunly wasp edildi. Hoşallyk maslahatynda welaýatyň ähli ilatynyň we maslahata gatnaşanlaryň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Ýüzlenme kabul edildi. Soňra welaýatyň gözel künjegindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky Mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk toýunyň giň gerimde bellenilmegi hem-de Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Toý – sadakasynda okalan töwirde il agzybirligi, ýurt abadançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak, amala aşyrýan döwletli işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi. Çarymuhammet Saparow.

138
138 01.10.2026
Ýaşuly nesle goýulýan hormat-sarpa

        Halkara ýaşulular güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda welaýatyň Baýramaly şäheriniň medeniýet öýünde baýramçylyk dabarasy geçirildi.Hormatly myhmanlary çagalar sungat mekdebiniň ýaş sazandalary özleriniň çalýan şirin mukamlary bilen garşy aldylar.Bu ýerde ýaş suratkeşleriň döreden ýokary çeperçilikli surat eserleriniň giň sergileri ýaýbaňlandyryldy.Dabarada hormatly Prezidentimiz,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Halkara ýaşulular güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşulularyna,mährem enelerimize iberen mähirli gutlagynyň okalmagy hemmelerde ýokary ruhubelentligi döretdi.Baýramçylykda edilen çykyşlarda ömri nusgalyk mekdebe öwrülen ýaşuly nesliň wekillerine gutlag sözleri aýdyldy. Dabarada çykyş eden ýaşulular,kümüş saçly mährem eneler özleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak,saglygyny pugtalandyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän bimöçber aladalar üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp,Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,il-halk, döwlet bähbitli belent tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.Baýramçylykda hormatly myhmanlara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň,syýasy partiýalaryň adyndan ýadygärlik sowgatlaryny,bagtyýar körpeler tarapyndan ter gül desseleriniň gowşurylmagy şu günki çäräniň iň dabaraly pursatlary boldy. Bu ýerde welaýat medeniýet müdirliginiň bagşy sazandalarynyň,meşhur estrada aýdymçylarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary hemmelere ruhy lezzet berdi.Asuda,parahat Watanymyzy,türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan rowaç işlerini,halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerini,bagtyýar garrylygy wasp edýän aýdymlar belent heňlerde ýerne ýetirildi.Ýaşuly nesliň wekilleri Mary welaýat kitaphanasynda gezelençde bolup,medeniýet ojagynyň okalga zallarynda döredilen şertler,täze neşir edilen kitaplar bilen tanyşdylar,Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň zehin ylhamyndan dörän gymmatly eserleriniň baý sergilerini höwes bilen synladylar.Kitaphanadaky asman jisimlerini öwrenýän obserwatoriýa hem myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.Garaşsyz,baky Bitarap Diýarymyzda ýaşuly nesle goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň alamaty bolan şu günki baýramçylykda toý mekanynda-da aýdym-sazly dabara geçirildi.Dabaranyň dowamynda hormatly myhmanlara baýramçylyk duz-tagamlary hödür edildi.  Sapardurdy Ýaýlymow.

81
81 27.09.2026
Uludan bellenen mukaddes baýramçylyk

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygy Mary welaýatynda-da mynasyp belent toý tutumlary bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabaralary welaýatyň ähli etrap, şäher merkezlerinde, obalarynda toý şatlygy bilen utgaşyp, şowhunly çärelere giň gerim berildi. Baýramçylyk gününde welaýat merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynyň töweregi ir säherden hasam köp adamly boldy. Mary welaýat, Mary şäher häkimlikleriniň, Demokratik, Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň, welaýatyň Bilim, Saglygy goraýyş we Medeniýet bölümleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasy egsilmejek toý şatlyklaryna beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň dabarasy baş Baýdak meýdançasynda döwlet Senamyzyň ýerine ýetirilmeginde, mukaddes döwlet Baýdagymyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy. Welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat Halk maslahatynyň agzalarynyň, welaýatyň ýaşuly nesliniň, kümüş saçly mährem eneleriň, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň,bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabarada baýramçylyk mynasybeli gutlag sözleri aýdyldy. Bu ýerdäki baýramçylyk çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk beýik başlangyçlary barada buýsançly sözler beýan edildi. Baýramçylyk dabarasynda parahatçylygyň we asudalygyň nyşany bolan ak kepderileriň we dürli gornüşli şarlaryň asmana uçurylmagy toý şatlygyny hasam artdyrdy. Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdymdyr sazlary, tanslary, edebi sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandy. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan aýdym – sazlaryň owazy uzaklara ýaň saldy. Ýerine ýetirilen göwün göteriji çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň il-halk, umumyadamzat bähbitli rowaç işleriniň hem-de uly toý – dabaralara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň waspy belentden ýetirildi. Baýramçylyk öwüşgininde bezelen baş Baýdak meýdançasynda şirinden – şirin mukamlaryň ýaňlanmagynda ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlar, joşgunly tanslar bu ýere ýygnanan bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, göwün guşuny ganatlandyrdy. Döwletiiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýurdumyzy batly gadamlaryň ösüşli ýollary bilen öňe alyp barýan we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Çarymuhammet Saparow

2227
2227 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2056
2056 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2301
2301 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2242
2242 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2145
2145 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2612
2612 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2029
2029 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2399
2399 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.