Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
weather mary 27° C Mary
weather mary 27° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

558 30.11.2024

Düyn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Onda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, maslahatyň gün tertibine administratiw hukuk bozulmalary, zähmet gatnaşyklary, Adalatçynyň hukuk ýagdaýy, döwlet gullugy, salgytlar, daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek, ýurdumyzyň halkara şertnamalary, daşary syýasy ugry boýunça gol çekilen ylalaşyklary tassyklamak, degişli konwensiýa goşulmak bilen bagly kanun taslamalary giriziler.

Daşary ýurtlaryň parlamentleri hem-de halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hem-de ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler bilen duşuşyklaryň geçirilendigi, deputatlaryň ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary hakynda habar berildi. Deputatlar döwlet syýasatyny we maksatnamalaýyn özgertmeleriň ähmiýetini giňden wagyz etmek, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň “Karz edaralary we bank işi hakynda” we “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy. Munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge, bank işiniň ugurlaryna we maliýe töwekgelçiliklerine baha bermäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegi we onuň hyzmatlaryny giňeltmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin degişli işleri alyp barmagyň, munuň üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, geljek ýyl üçin hasylyň düýbüni tutmak boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek babatda degişli işler geçirilýär. Ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak we sürüm işlerini geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnap almak boýunça zerur çäreler ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda galan hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri geçirmegiň, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg baglaryny, gülleri ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Köçeleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň arassaçylygyna berk gözegçilik edilýär, şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda merkezlerinde şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap baýramçylyk söwdalaryny geçirmek, ýurdumyz boýunça jemi 850-den gowrak göçme söwda nokadyny guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň, göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu çäräni Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 6-7-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gelerler. Öňde boljak duşuşygyň gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli senenamamyzyň şanly senesi — ýurdumyzda hem-de halkara derejede giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron žurnalyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, teklip edilýän žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça kesgitlän wezipelerine, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde ýetilen sepgitlere, bu ugurda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen üstünliklere, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmyndaky täzeliklere aýratyn orun berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmekde sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde esasy üç ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine garamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary we degişli resminamalary ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň”; BMG-niň agentlikleriniň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly bilelikdäki maksatnamasynyň; “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”; Howanyň üýtgemegi, metan zyňyndylaryny azaltmak, “ýaşyl” energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalarynyň taslamalary bar.

2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksadyndan ugur alyp, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilelikde taýýarlan «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny» maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Mejlisiň çäklerinde BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezine, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen bagly döwletimiziň üstünliklerine, şol sanda zerur bolan maglumatlary alyşmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan hasabatlary ýurdumyzda durnukly ösüşde ýetilen sepgitler baradaky maglumatlar bilen üpjün etmegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen maksatnamalaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň işine uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine geňeşiň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli awiasiýa pudagynda awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, raýat awiasiýasynyň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilendigini aýtdy. Kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Milli Liderimizi we mejlise gatnaşyjylaryň ählisini «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

238
238 28.07.2026
Sagdynlyk we abadançylyk ugrunda belent sepgitler

        Mary welaýat Saglygy goraýyş we Dermanhana müdirlikleriniň, welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirilip, ol ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanşykly boldy. Bu ýerde çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler we onda il-halk, döwlet bähbitli çözgütleriň kabul ediljekligi dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Esasan hem bu syýasy jemgyýetçilik çäresinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly saglygy goraýyş ulgamynda hem gazanylan üstünlikler we ulgamy ösdürmekde öňde durýan wezipelere hem garaljaklygy barada-da maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda, olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda uly işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.  Merjen Çaryýarowa.

264
264 27.07.2026
Kämil döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmagy

 ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine, şeýle hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanşykly Mary etrap häkimliginiň, etrap halk maslahatynyň, Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň Mary etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem çuň mana eýe boldy. Bu ýerde Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy has-da ösdürmek boýunça garaljak meseleler we onuň ähmiýeti dogrusynda çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. Maslahatda çykyş edenler Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine raýatlardan gelýän teklipleri öwrenmekde we halk maslahatynyň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna görülýän taýýarlyklar bilen bagly täsirli gürrüňler etdiler. Parahat Watanymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň abadan we bolelin durmuşuny üpjün etmekde, halkymyzyň agzybirligini jebisleşdirmekde Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda-da  bu ýerde çykyş edenler aýratyn buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşanlar halkymyza baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany bagyş eden türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.   Merjen Çaryýarowa

239
239 26.07.2026
Beýik sepgitlere tarap ynamly gadamlar

         Taryhy wakalara baý bolan asuda Watanymyzda şu günler şeýle uly taryhy wakalara, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna görülýän taýýarlyklar babatynda welaýat merkezlerinde ähli şäherdir, etraplarda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklar yzygiderli guramaçylykly alynyp barylýar. Şeýle taryhy ähmiýetli wakalar mynasybetli maslahatlaryň biri hem Mary welaýatynyň Türkmengala etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň,  kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň gurnamaklarynda geçirildi. Oňa etrabyň il sylagly ýaşulylary, kümüş saçly eneleri, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda täsirli çykyşlar edilip, onda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüji we bedew bady bilen ösýän döwlet hökmünde tanalýandygy hemem Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda beýan edildi. Halk maslahaty – bu halkyň öz ykbalyny öz eline alyp, döwlet derejesindäki möhüm kararlary bilelikde kabul edýän beýik maslahatdyr. Garaşsyzlyk bolsa türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, agzybirliginiň we döwletlilik ýörelgeleriniň edebiligi hem-de geljekki nesiller üçin beýik mirasydyr. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy we türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň agzybirligini, döwletimiziň kuwwatyny hem beýik geljege bolan ynamyny ýene bir gezek dabaralandyrýan taryhy basgançak bolup taryha ýazylar – diýip, uly buýsan bilen aýdyldy. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarynyň çäksizdigini beýan etdiler. Azat Beglanow

262
262 26.07.2026
Türkmenistanyň Halk Maslahaty — parahatçylygyň we ösüşiň binýady

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwrinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini  ilat arasynda giňden düşündirmek  maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda hem Türkmenistanyň Halk maslahatynyň jemgyýetçilik – syýasy durmuşymyzyň kämilleşdirilmegindäki we döwletimiziň ösiş strategiýasynyň durmuşa geçirilmegindäki eýeleýän ornuny hem-de ähmiýetini düşündirmek maksady bilen wagyz –nesihat maslahaty geçirildi. Halk maslahatynyň öňindäki bu duşuşyk milli demokratiýanyň taryhy ýoly , jemgyýetiň agzybirligi we döwlet dolandyrşyndaky halk häkimiýetlilik ýörelgeleri giňden delillendirýär.  Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň  nobatdaky mejlisine taýýarlyk mynasybetli Oguzhan etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik  partiýasynyň Oguzhan etrap komitetiniň ,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň  Oguzhan etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň şeýle-de Oguzhan etrap medeniýet bölüminiň  bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty-Ähmiýeti” ady bilen duşuşyk maslahaty  geçirildi . Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistan yň Halk Maslahatynyň döwlet dolandyryşyndaky hem-de halkynyň  bähbitlerini goramakdaky orny, ýurdumyzda alynylyp barylýan belent özgerişleri giňden wagyz etdiler. Çärede Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýylynda ýetilen sepgitler hem-de öňde duran möhüm wezipeler barada buýsançly sözler aýtdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzy durnukly ösişler bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarmyza özleriniň çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar ! Ülker Orazgeldiýewa

95
95 25.07.2026
Bagy-bossanly Diýarymyz

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen topragynyň tebigatyny goramakda, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmakda giň möçberli işlere badalga berilýär. Bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilip, bu babatda öňde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerine giň ýol açyldy. Hakykatdanam, gözel tebigatymyz öýümiz bolany üçin onuň baý we gaýtalanmajak haýwanat hem-de ösümlik dünýäsini aýawly saklamaga çalyşmalydyrys.  Bu wezipe juda derwaýys bolany üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar. Onsoňam, tebigatymyzy aýawly saklamakda her birimiziň saldamly goşandymyz bolmalydyr. Sebäbi, gözel ülkämiziň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini saklap, ony geljekki nesillere ýetirmek şu günki nesliň derwaýys wezipesidir.  Güneşli Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsini, köpdürlüligini aýawly saklamak bilen tutumly işlere, bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu babatda ençeme kanunlar hereket edip, tebigaty goramagyň, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmagyň kanunçylygyny kesgitleýär. Bu bolsa bagy-bossanly geljegimiziň wajyp meselesiniň bähbitli çözgüdine ýardam edýär. Tebigatymyza söýgini, oňa örän aýawly çemeleşmegi terbiýelemek hem wajyp wezipe bolmagynda galýar. Şol bir wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bagly döwletimiz boýunça geçirilýän çäreleriňem ähmiýeti uludyr. Tebigaty goramak her birimiziň jana-jan borjumyz bolany üçin bu işden hiç birimiz çetde galmaly däldiris.  Maýsa KURBANOWA.  

90
90 24.07.2026
Sagdynlygyň gözbaşy

Her bir güni beýik ösüşlere beslenýän gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri giň gerime eýe bolýar, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany gün geçdigiçe artýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda geçirilýän sport çäreleridir ýaryşlary halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça çäreler milli taglyma öwrüldi. Sport — bu ynsan durmuşynyň bezegidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli türgenleşmek adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onda erkinlik, zähmetsöýerlik, maksadaokgunlylyk duýgusyny ýokarlandyrýar. Her bir raýatyň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sport ulgamyny ösdürmekde uly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap sport desgalary köpçülikleýin gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen sport desgalary häzirki döwürde ulynyň-kiçiniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Şäherdir obalaryň keşbini bezäp oturan sport binalary hemmeleriň kalbyna ruhy baýlyk paýlaýar.  Sporty, bedenterbiýäni söýmegiň belent nusgasyny görkezýän, ýurdumyzda sporty ösdürmäge giň ýol açýan Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys. Sülgün AKMYRADOWA.  

88
88 24.07.2026
Täze üstünliklere ruhlandyrýar

  Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasaty ýurdumyzda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýörelgesiniň rowaçlanmagyna ýol açýar. Halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň bähbitli netijesine uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen Garaşsyz döwletimizde ilaty sporta köpçülikleýin çekmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle tagallalar özüniň oňyn netijesinem berýär.  Döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň gadamynyň batlanýandygyna türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda döredilen giň mümkinçilikler türgenlerimiziň ýeňişli menzillerine oňyn täsirini ýetirýär. Garaşsyz döwletimiziň sporty ösdürmäge gönükdirilen halkara ähmiýetli başlangyçlaram bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Aýratynam, dünýä çempionatlarynda we halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanýan türgenlerimiziň üstünliklerine ýokary baha berilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň başa-baş söweş sungaty sport toplumynda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere we tälimçilere gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy türkmen türgenlerini täze üstünliklere ruhlandyrdy.  Begenç MOŞALAKOW.

87
87 24.07.2026
Jümleler näme diýýär?!

Bagryň ýanmak — nebsiň agyrmak, haýpyň gelmek, gynanmak. Bagryňy kebap etmek — biriniň ýa-da bir zadyň ugrunda jepa çekmek, azap görmek, ýanyp bişmek, horlanmak. Bagryň ezilmek — örän gynanmak, rehmiň gelmek, haýpyň gelmek. Bagta töwekgellik etmek — bagty synap görmek, bir işi etmäge synanyşmak. Bagtyňa boran (gar) ýagmak — şowsuzlyga sezewar bolmak, işiň şowsuz bolmak, işiň gaýtmak. Bagtyň daş ýarmak — bagtyň getirmek, işiň şowuna bolmak, edeniň oňuna bolmak.  Bazar gurmak — 1. Köp bolup üýşmek, ýygnanyşmak. 2. Jedel, dawa döretmek, gykylyk turuzmak. “Türkmen diliniň frazeologik  sözlügi” kitabyndan.

91
91 23.07.2026
Ýene-de  çöller  barada

 Awstraliýa “Çägelik yklym” hem diýilýär. Onuň tutýan meýdanynyň 60 göterimi, ýagny, 4 million inedördül kilometri çägelikdir. Bu ýerde Gibson, Uly Wiktoriýa, Simpson, Günorta Awstraliýa çöllükleri biri-birine sepleşip gidýär. “Çöl — bu ýylda ygalyň 100 millimetrden az düşýän, ota-çöpe garyp künjekdir” diýilýär. Garagum çölünde ýylda 130 — 200 millimetr möçberde ygal düşýär. Ol ösümlik dünýäsine baýdyr. Onda ösümlikleriň 1 müňden gowrak görnüşiniň bardygy ylmy taýdan subut edilen. Gadymy arap dilinde Sahara “çöllük sähra” diýmegi aňladýar. Onuň meýdany 11 million inedördül kilometre deňdir. Sahara çöli diýlende, oňa Liwiýa çöli, Arap çöli, Nubiý çöli degişlidir. Saharada 60 gradusa ýetýän epgekli jöwza bolýar. Sahara iň az ygal düşýän ýer bolup, onuň ýyllyk mukdary 20 millimetrden geçmeýär. Saharada ösümlikleriň 1200 görnüşi duş gelýär. Merkezi Sahara bolsa hakyt “Ýylan ýalan ýaly” diýilýäni. Alžiriň Uly Günbatar Erg hem-de Uly Gündogar Erg çöllüklerine fransuz alymy Anri Lot: “Gündogar Erg Ýer ýüzünde iň uly beýik çöllük, özem üznüksiz öwüsýän ýellerden ýaňa hemişe çäge üfläp duran ýowuz ýer” diýen bahany beripdir. Tar çöli Hind derýasynyň goşundylarynyň arasynda ýerleşip, 300 müň inedördül kilometre uzalyp gidýär. Eýranyň günorta-gündogaryndaky Lut çöli iki bölekden ybarat. Uly Lutuň ululygy uzynlygyna 650 kilometre, ini 150 kilometre ýetýär. Metbugat materiallary esasynda taýýarlan Sähet HOJAGELDIÝEW.  

264
264 27.07.2026
Kämil döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmagy

 ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine, şeýle hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanşykly Mary etrap häkimliginiň, etrap halk maslahatynyň, Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň Mary etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem çuň mana eýe boldy. Bu ýerde Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy has-da ösdürmek boýunça garaljak meseleler we onuň ähmiýeti dogrusynda çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. Maslahatda çykyş edenler Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine raýatlardan gelýän teklipleri öwrenmekde we halk maslahatynyň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna görülýän taýýarlyklar bilen bagly täsirli gürrüňler etdiler. Parahat Watanymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň abadan we bolelin durmuşuny üpjün etmekde, halkymyzyň agzybirligini jebisleşdirmekde Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda-da  bu ýerde çykyş edenler aýratyn buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşanlar halkymyza baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany bagyş eden türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.   Merjen Çaryýarowa

239
239 26.07.2026
Beýik sepgitlere tarap ynamly gadamlar

         Taryhy wakalara baý bolan asuda Watanymyzda şu günler şeýle uly taryhy wakalara, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna görülýän taýýarlyklar babatynda welaýat merkezlerinde ähli şäherdir, etraplarda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklar yzygiderli guramaçylykly alynyp barylýar. Şeýle taryhy ähmiýetli wakalar mynasybetli maslahatlaryň biri hem Mary welaýatynyň Türkmengala etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň,  kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň gurnamaklarynda geçirildi. Oňa etrabyň il sylagly ýaşulylary, kümüş saçly eneleri, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda täsirli çykyşlar edilip, onda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüji we bedew bady bilen ösýän döwlet hökmünde tanalýandygy hemem Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda beýan edildi. Halk maslahaty – bu halkyň öz ykbalyny öz eline alyp, döwlet derejesindäki möhüm kararlary bilelikde kabul edýän beýik maslahatdyr. Garaşsyzlyk bolsa türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, agzybirliginiň we döwletlilik ýörelgeleriniň edebiligi hem-de geljekki nesiller üçin beýik mirasydyr. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy we türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň agzybirligini, döwletimiziň kuwwatyny hem beýik geljege bolan ynamyny ýene bir gezek dabaralandyrýan taryhy basgançak bolup taryha ýazylar – diýip, uly buýsan bilen aýdyldy. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarynyň çäksizdigini beýan etdiler. Azat Beglanow

262
262 26.07.2026
Türkmenistanyň Halk Maslahaty — parahatçylygyň we ösüşiň binýady

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwrinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini  ilat arasynda giňden düşündirmek  maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda hem Türkmenistanyň Halk maslahatynyň jemgyýetçilik – syýasy durmuşymyzyň kämilleşdirilmegindäki we döwletimiziň ösiş strategiýasynyň durmuşa geçirilmegindäki eýeleýän ornuny hem-de ähmiýetini düşündirmek maksady bilen wagyz –nesihat maslahaty geçirildi. Halk maslahatynyň öňindäki bu duşuşyk milli demokratiýanyň taryhy ýoly , jemgyýetiň agzybirligi we döwlet dolandyrşyndaky halk häkimiýetlilik ýörelgeleri giňden delillendirýär.  Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň  nobatdaky mejlisine taýýarlyk mynasybetli Oguzhan etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik  partiýasynyň Oguzhan etrap komitetiniň ,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň  Oguzhan etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň şeýle-de Oguzhan etrap medeniýet bölüminiň  bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty-Ähmiýeti” ady bilen duşuşyk maslahaty  geçirildi . Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistan yň Halk Maslahatynyň döwlet dolandyryşyndaky hem-de halkynyň  bähbitlerini goramakdaky orny, ýurdumyzda alynylyp barylýan belent özgerişleri giňden wagyz etdiler. Çärede Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýylynda ýetilen sepgitler hem-de öňde duran möhüm wezipeler barada buýsançly sözler aýtdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzy durnukly ösişler bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarmyza özleriniň çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar ! Ülker Orazgeldiýewa

198
198 21.07.2026
Derwaýys  wezipeler kesgitlenildi

Türkmen ili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ýeňişlere beslemek bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda  has-da bagtyýar geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan syýasy özgertmeler ykdysady ösüş-özgerişler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda, ilki bilen, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramyna taýýarlyk görülýändigini belledi. Bu senäniň taryhy ähmiýetini, onuň il-günümizi belent maksatlara galkyndyrýandygyny nygtady. Şeýle hem mejlisde Milli Liderimiz baýramçylyk günleriniň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi.  Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşli menzilleri, bolup geçen syýasy wakalar barada aýdyp, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem mejlisde degişli Kararlar kabul edildi. Şu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu taryhy waka mynasybetli taýýarlyk işleri bilen bagly tagallalar işjeň häsiýete eýe bolýar. Toýlary toýlara ulaşýan türkmen ili uly toýuna barýar. Möhüm taryhy wakanyň yz ýany  toýy uludan tutuljak Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýramçylygy halkymyzy belent sepgitlere ruhlandyrýar. Şu şanly wakalara welaýatymyzyň telekeçileri hem ykjam taýýarlykly barýarlar. Täzegül JUMADURDYÝEWA.  

217
217 20.07.2026
Bagtymyzyň  gözbaşy

Türkmen halky üçin Garaşsyzlyk asyrlaryň dowamynda pederlerimiziň köňlünde beslän, taryhyň ak säheri bolup dörän mukaddes bir gymmatlykdyr. Bu mukaddeslik parahatçylygyň, asudalygyň we kämil döwletlilik ýörelgesiniň belent owazydyr. Çünki, onda milletiň taryhy ýoly, şu günki galkynyşy hem-de geljekki nesilleriň abadan durmuşy jemlenendir. Şanly 35 ýyllyk menziliň sepgidinde bu owaz has-da belentden ýaňlanyp, döwletlilik binýadymyzyň sarsmazlygyny bütin dünýä äşgär edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylymyz hem beýik sepgitleriň hem-de belent maksatlara ýetmegiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.  Welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde guruljak täze, döwrebap şäherçe geljekki nesilleriň abadan durmuşyna goýlan iň uly maýadyr. 800 gektardan gowrak meýdany tutjak bu döwrebap şäherçede 22 müň 500-den gowrak ilat üçin 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy, mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi we metjit ýaly durmuş maksatly desgalar toplumy gurlar. Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim goruna eýe bolmagy, ylym-bilim kuwwatynyň berkidilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Geçen ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binasynyň açylmagy hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şonuň ýaly-da, şu ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisiniň suwa goýberilmegi halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmekde şanly waka öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze taryhy sepgitlere tarap okgunly öňe gitmegimiziň kepilidir. Garaşsyzlyk mukamy biziň geçmişimiziň mirasy, şu günümiziň ruhy kuwwaty we geljegimiziň egsilmez owazydyr. Gahryman Arkadagymyzyň                                pähim-paýhasy hem-de Arkadagly                                                            Gahryman Serdarymyzyň durnukly ösüş ýoly biziň bagtyýarlygymyzyň hemişelik badalgasydyr. Maksat JANMYRADOW.  

218
218 17.07.2026
Döwletliligiň we jebisligiň aýdyň nusgasy

  “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň her bir güni şanly senelere hem-de taryhy wakalara  beslenýär. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilýän şeýle duşuşyklar diňe bir baýramçylyk çäresi bolman, eýsem etraplardan gelip gowşan teklipleri, ilat ykdysady-durmuş ösişlerini we gelejekki meýilnamalary maslahatlaşmagyň möhüm tapgyrydyr .”Halk maslahatynyň öňindäki bu duşuşyk milli demokratiýanyň taryhy ýoly , jemgyýetiň agzybirligi we döwlet dolandyrşyndaky halk häkimiýetlilik ýörelgeleri giňden delillendirýär. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň  nobatdaky mejlisine taýýarlyk mynasybetli Wekilbazar etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Wekilbazar etrap zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty- döwletligiň we jebisligiň nusgasy” ady bilen aýdym-sazly  duşuşyk geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistan yň Halk Maslahatynyň döwlet dolandyryşyndaky hem-de halkynyň  bähbitlerini goramakdaky orny, ýurdumyzda alynylyp barylýan belent özgerdişler eri giňden wagyz etdiler. Çärede Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýylynda ýetilen sepgitler hem-de öňde duran möhüm wezipeler barada buýsançly sözler aýtdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzy durnukly ösüşler bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarmyza özleriniň ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar! Ülker Orazgeldiýewa.

239
239 16.07.2026
Zähmet üstünliklerine we ruhy gymmatlyklara bagyşlanan toý sadakasy

         Mary welaýatynyň Mary şäheriniň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binasynda ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri hem-de Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň “Arkadagyň ruhy” metjidi diýlip atlandyrylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Döwrebap Arkadag şäherinde gurulýan uly metjidiň il sylagly ýaşulularyň teklibi bilen “Arkadagyň ruhy” metjidi – diýlip atlandyrylmagy hem-de ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň adyndan berlen toý sadakasyna welaýatyň din wekilleri, mährem eneler, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, edara – kärhanalaryň ýolbaşçylary, bilim, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Toý sadakasyna gatnaşanlar Arkadag şäherinde gurulýan täze metjidiň mynasyp atlandyrylmagyny goldamak bilen ol ýerde geljekde mukaddes dinimiz bolan yslam dininiň ybadatlaryny ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatly işlerini üstünlikli durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap metjitler gurlup, milli däp – dessurlarymyzy berjaý etmäge giň ýollar açylýar. Yslam dünýäsinde metjit, köpri we ýol gurmak sogap hem-de parz işleriň biri hasaplanýar. Gahryman Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin edýän sogaply işleri il – günümiziň ýürek buýsanjyny hasam belende göterýär. Zähmetsöýer babadaýhanlaryň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri, akylly şäher hasaplanylýan Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň ýaşulularyň teklibi bilen “Arkadagyň ruhy” metjidi– diýlip atlandyrylmagy mynasybetli berlen toý sadakasynda tagam – duz dadylyp, aýat – töwir okaldy. Toý sadakasynyň dowamynda il agzybirligi, ýurt abadançylygy, Gahryman Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumyadamzat bähbitli işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi. Bu ýerde welaýatyň bagşy-sazandalarynyň bu şatlykly waka mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandy. Olaryň döwlet Berkararlygyny, ýurt asudalygyny, Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşlerini taryplap ýerine ýetiren şirin mukamlary toý sadakasyna gatnaşanlaryň buýsançly başlaryny belende göterdi. Sadakaňyz hakyň keremli dergähinde kabul bolsun Gahryman Hajy Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyz! Çarymuhammet Saparow

254
254 16.07.2026
Halk Maslahaty — agzybirligiň we abadançylygyň kämil nusgasy

 Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak hem-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek babatda görülýän taýýarlyk işleriniň ähmiýetini wagyz – nesihat etmek bilen baglanyşykly maslahat geçirildi. Bu maslahat “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – geňeşli iliň döwletli ýoly” – diýlip atlandyryldy. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly syýasy taryhy waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine ykjam taýýarlyk görmek bilen bagly geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzasy, welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap – şäher häkimlikleriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, mährem eneler, edara – kärhanalaryň, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatdaky çykyşlarda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, watanymyzyň şan – şöhratyny belende götermekde, il – günümiziň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde jemgyýetiň wekilçilikli iň ýokary edarasy bolan halk maslahatynyň orny örän uludyr – diýlip bellenildi. Täze taryhy döwürde halkymyz türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşmek bilen nurana geljege, ýagty ertirlere tarap batly gadamlar bilen öňe barýar. Döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda orun alyp, halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejeleri ýokarlanýar. Amala aşyrylýan giň möçberli ykdysady özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny gurşamak bilen Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” hem-de Hormatly Prezidentimiziň “Watan halky bilen watandyr”, “Döwlet halky bilen döwletdir” diýen baş şygarlaryna esaslanyp, bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine gönükdirilýär – diýlip, maslahatdaky çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi. Döwletimizi uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty agzybirligiň we abadançylygyň kämil nusgasydyr. Halkymyz her bir işiň başyny tutanda il-güne geňeşip maslahat salýar. Ata – babalarymyzyň asyrlardan aşyp gelýän nusgalyk däplerinden ugur alnyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem taryhy çözgütler we il – ýurt bähbitli kararlar kabul edilýär. Raýatlarymyzdan we jemgyýetçilik guramalaryndan gelip gowuşýan teklipleriň nazara alnyp, bähbitli çözgütleriň kabul edilmegi bolsa halkymyzyň erk – isleglerine doly laýyk gelýär. Munuň özi halkymyzyň zähmet çekmäge bolan höweslerini ýokarlandyryp, olaryň ata – Watanymyza bolan buýsançlaryny hasam belende göterýär – diýlip çykyşlarda aýdyldy. Ýurdumyzyň bagtyýar ilaty döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edinip, ynamly gadamlar bilen şanly toýa barýar. Ýurdumyzyň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň şu ýyl döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmeklerem bu şanly toýa mynasyp toý sowgatlary boldy. Uly toý şatlyklaryna, dabaralara beslenjek günleriň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem halkymyzyň kalbynda ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri bolup, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu maslahat halkymyzyň durmuşynda täze sahypalar açar. Halkymyz öz aýdyň geljegini, bagtyýar we eşretli durmuşynyň hözirini Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk alyp barýan döwletli il – ýurt bähbitli işlerinde aýdyň görýär – diýip, çykyşlarda buýsanç sözler beýan edildi. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek bilen bagly beren tabşyryklary, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşy we beren gymmatly maslahatlary halkymyzyň kalbynda ýokary ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Munuň özi ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, belent sepgitlere ýetirmekde halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň şan – şöhrata beslenýän ýylynda halkymyzyň ykdysady ösüşlere goşýan mynasyp goşantlarydyr - diýlip, dabaraly maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda durlup geçildi. Maslahata gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy rowaçlyklaryň aýdyň ýollary bilen öňe alyp barýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

226
226 15.07.2026
Dünýä türkmenlerini birleşdirýän ynsanperwer ýörelgeler

      Mary welaýat häkimliginiň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu dabara “Garaşsyz eýýamly türkmen döwletim Tugumyz asmanda baky parlasyn” – diýlip atlandyryldy. Bu maslahata dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy agzalary, birleşigiň Mary welaýat bölüminiň köpçülikleýin agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatdaky çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine eýerip alyp baran döwlet syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenýändigini aýratyn nygtalyp geçildi. Ýurdumyz “Açyk gapylar” syýasatyndan ugur alyp daşary döwletlerde ýaşaýan türkmen doganlarymyza dost-doganlyk goluny uzadýar, olara yzygiderli ynsanperwer kömeklerini berýär. Häzirki döwürde dünýäniň çar künjegine ýaýran ildeşlerimiz ýurdumyzyň bedew bady bilen ösüşlerine, Watanymyzyň şan-şöhratyna çäksiz buýsanýarlar, Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerde ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ysnyşykly, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda uly işleri amala aşyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi hem birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Bu şanly toýa görülýän taýýarlyk işleriniň dabaralary birleşigiň ähli agzalarynyň köňül kalbyny diýseň joşdurýar – diýlip, çykyşlarda buýsançly sözler beýan edildi. Dabaraly maslahatyň dowamy welaýatyň medeniýet  we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýerine ýetirlen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ynsanperwerlik syýasaty, dost-doganlyk gatnaşyklary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri joşgunly wasp edildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar Çarymuhammet Saparow.

1949
1949 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1780
1780 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2029
2029 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1961
1961 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1907
1907 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2255
2255 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1740
1740 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2062
2062 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.