Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
weather mary 2° C Mary
weather mary 2° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy

1194 20.05.2025

2025-nji ýylyň 17-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak bilen duşuşdy.

Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri abraýly halkara maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň uzak wagtdan bäri ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde halkara maliýe institutlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy.

Aziýanyň ösüş bankynyň Dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň makullan 2024-2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt hyzmatdaşlyk strategiýasy bellärliklidir. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esas goýujy resminamasy bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hökümetiniň bu strategiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Aziýanyň ösüş banky bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Mundan başga-da, Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistanyň dürli pudaklaryna umumy möçberi 12 million amerikan dollaryna barabar tehniki kömek berýändigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmegi göz öňünde tutýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda, aýratyn-da, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtady.

Şeýle hem A.Andrisýak Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanýan hem-de halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen AÖB-niň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga 25 ýyl dolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün gol çekiljek resminamanyň energiýa tygşytlaýjy akylly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň umumy maksatlara ýetmekde ähmiýetlidigini belläp, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmekde hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigine ünsi çekdi we abraýly halkara maliýe düzüminiň ýolbaşçylaryna hem-de işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nazara alyp, bu ýerde lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýalary üçin okuw merkezini açmak baradaky teklip öňe sürüldi. Munuň özi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň alyp barýan işiniň üstünlikli dowam edýändiginiň netijesidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýol-ulag düzümine degişli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygyny, täze iş orunlarynyň döredilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine, geljegi uly ýokary tehnologiýaly taslamalar amala aşyrylyp, olaryň ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gol çekilen resminama häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ornaşdyrylan “akylly” we “ýaşyl” şäher konsepsiýasyna laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi we şäher gürluşygy pudaklaryny ösdürmäge, bu babatda zerur bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwy we energiýany tygşytlamaga, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we suwy gaýtadan ulanmaga, agzalan ugurlarda täze taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.

Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy çykyş edip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň ilerlemeginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýratyn tagallalarynyň bardygyny nygtady. Şeýle hem ol sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygy mynasybetli dabarany guramak baradaky teklibini öňe sürdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri aýdylan teklibi oňlady we şu günki gol çekilen resminamanyň beýik maksatlaryň amala aşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

16
16 13.01.2026
Täze awtoulaglar welaýatymyza gelip gowuşdy

    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny  düýpli ösdürmek we edara-kärhanalaryň tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen daşary döwletlerden kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Gadam basan täze, 2026-njy – “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň başynda Mary welaýat häkimliginiň Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşigine Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alyp beren  ,,Zoomlion” kysymly awtoulaglarynyň we beýleki tehnikalaryň uly topary gelip gowuşmagy Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlaryna dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen täze tehnologiýaly enjamlary, innowasiýalary ornaşdyryp, şol ulgamlaryň edara – kärhanalarynyň tehniki binýady täzelenýär. Täze tehnikalaryň gelip gowuşmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrmakda amala aşyrýan il – ýurt bähbitli işleriniň aýdyň netijesidir. Täze ýokary basyşly lagym sorujy ulgamlary arassalaýjy, zeý suw sorujy, süpüriji, ýuwujy, zir – zibil gapdalyndan ýükleýji, konteýnerli zir – zibil daşaýan awtoulaglar, ýol ýuwujy – süpüriji kiçi awtoulaglar, ýük göteriji, suw daşaýjy we ýol ýuwujy, gidrogaldyryjy, göteriji enjamly ýol ýuwujy, göçme ussahana awtoulaglar, awtobuslar, ýükleýji ekskowatorlar, öň tarapyndan ýükleýji traktorlar, tekerli ekskowatorlar, aýratyn dakylýan enjamlar Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işgärlerine işleri ýokary derejede guramaklyga ýardam eder. Welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşigine gelip gowşan täze awtoulaglary türkmen halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän üzärlik tütetmek, un sepmek we alaja daňmak ýaly ajaýyp däp-dessurlaryna eýerilip, ýagşy dileg – arzuwlar bilen garşyladylar. Welaýatyň il sylagly ýaşulylary bu täze awtoulaglary sowgat beren Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň rowaç işleriniň üstünliklere beslenmegini beýik biribardan dileg etdiler. Dünýä ölçegleriniň derejesinde öndürilen bu kämil, ýöriteleşdirilen awtoulaglar welaýatyň ilatyna Jemagat hyzmatlaryny ýokary derejede guramaklyga, welaýatyň şäherleriniň, şäherçeleriniň abadançylygyny has-da gowulandyrmaklyga niýetlenilendir. Gelip gowşan täze awtoulaglar ozaldan bar bolan tehnikalaryň üstüni ýetirdi. Şu kuwwatly hem-de ýokary öndürijilikli awtoulaglaryň iň tejribeli sürüjilere berkidilmegi bu gymmatly mehanizmleriň aýawly hem netijeli peýdalanylyp, uzak möhletleýin hyzmat etmegini  üpjün  eder. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir gününi zähmet üstünliklerine besleýän Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylary hem-de Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işgärleri täze taryhy eýýamda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda, edara-kärhanalaryň tehniki binýadyny pugtalandyrmakda  alyp barýan döwlet bähbitli  işleri üçin  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýmyrat Gurbanow.

14
14 13.01.2026
Ajaýyp kitaplaryň aýdyň beýany

 Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen  23-nji orta mekdebinde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplaryny ýaşlara ýetirmek maksady bilen çäre geçirildi. Mekdebiň okuwçylary özleriniň dynç alyş günlerini bisarpa geçirmän mekdebiň baý kitaphanasyna gelip Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplaryny, mundan başga-da özlerini gyzyklandyrýan çeper eserlerdir, mekdep derslerine degişli kitaplary okap öz bilimlerini has-da artdyrýarlar. Mekdep kitaphanasynyň baý hazynasy ýaş nesli terbiýelemekde ýol-ýörelge bolýar. Çeper okaýyş boýunça geçirilen göwünaçma çäresi hem ösüp gelýän ýaş nesliň yzygiderli kitap okap, bu ugurdaky başarnyklaryny baýlaşdyrýandyklaryny hem-de öz bilimlerini artdyrýandyklaryny aýdyň görkezdi. Soňra mekdep okuwçylary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan atalyk kitaplaryny wasp edýän çykyşlaryny, bu ajaýyp kitaplardan sahna oýunlaryny, tanslary ýerine ýetirmekde özleriniň başarnyklaryny açyp görkezdiler. Çäräniň ahrynda döwrebap mekdeplerde okap, bilim almaga, geljekde ata Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmekde döredip berýän şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Dursun Ilbegiýewa.

37
37 13.01.2026
Ajaýyp ýylymyza bagyşlanyldy

  Ýurdumyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrülişi ýaly, täze başlan 2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabaraly maslahatlaryň biri hem  Wekilbazar etrap medeniýet öýünde Wekilbazar etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň, Wekilbazar etrap zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Ýylyň şanly şygaryna bagyşlanyp geçirilen bu aýdym-sazly dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, etrabyň saglyk, medeniýet we bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ýylyň şanly şygarynyň we nyşanynyň ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onuň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahatyň dowamy aýdym-sazlara utgaşyp, onda ýylyň şanly şygaryna bagyşlanan, asuda, abadan Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň röwşen gelejegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.

42
42 13.01.2026
Dabaraly maslahatda

     Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça asylly däbi dowam etdirmek bilen bu ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, maslahat-duşuşyklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaraly maslahatlaryň biri hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda “Ösüşlere beslenýän bedew batly at-myratly Watanym” ady bilen geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda her gelýän ajaýyp ýyllary döwrebap atlandyrmak däbine eýerip 2026-njy ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmuny dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi. Soňra Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň estrada aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdym-sazlaryny, çykyşlaryny diňlän dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

33
33 13.01.2026
Taryhy ýerlere gezelenç edildi

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmäge hem-de olary gorap saklamaga  uly  mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň şöhratly geçmiş taryhyny özünde jemleýän bu ýadygärlikler aýratynam mekdep okuwçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde Mary welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Baýramaly etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda mekdep okuwçylary “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän ýadygärliklere gezelenç etdiler. Olar gezelenjiň dowamynda bu ýerde bar bolan gadymy galalara aýlanyp gördüler we taryh sapagyndan alan bilimlerini has-da çuňlaşdyrdylar. Özboluşly binagärlik keşpleri bilen biri-birinden tapawutlanýan bu  gadymy ymaratlaryň mizemän, şu günlere çenli saklanyp galandyklary baradaky gürrüňler okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýadygärlikleriň döreýiş taryhy mekdep okuwçylarynda ýatdan çykmajak täsirler galdyryp, olaryň şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Toýmyrat Gurbanow.

31
31 13.01.2026
Zenanlaryň arasyndaky maslahat

      Zenanlar birleşmesiniň Ýolöten etrap zenanlar bölüminiň gurnamagynda “Bedew batly Diýarymyzyň bagtyýar zenanlary” atly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu maslahata kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri şeýle hem mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler aýdyň geljege ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Watany söýmek, halka hyzmat etmek ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýan türkmen zenanlaryna goýulýan belent sarpa dogrusynda şeýle hem olaryň ýurdumyzyň dürli pudaklarynda halal zähmet çekmeklerine döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de Watanmyzyň röwşen geljeginiň eýeleri kalby ylhamly, zehin döredijilikli  ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermek, dünýä dillerini öwretmek, ösen tehnologiýaly enjamlar arkaly bilim endiklerini ösdürmek  ugrunda Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik tutumly işleri dogrusynda aýratyn nygtap geçdiler. Şeýle hem şöhratly taryhy bolan halkymyzyň däp-dessurlarynda päk ahlakly, berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana, halka wepaly nesilleri ýetişdirmekde, maşgala mukaddesligini goramakda türkmen zenanlarynyň tutýan orny dogrusynda aýratyn bellediler. Edep-terbiýä ýugrulan bu maslahatda asuda we parahat watanymyzda zenan mertebesini belende göterip, ýurdumyzy ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belet maksatly işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýna Annagurbanowa .

30
30 13.01.2026
Bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

     Mary şäherindäki 36-njy orta mekdepde Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda bilim işgärleriniň 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipelere bagyşlanyp maslahat geçirildi.  ,,Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr” diýen şygar bilen geçirilen bu maslahat işjeň häsiýete eýe bolup, onda tejribeli bilim işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeler, okatmagyň täze işjeň usullary dogrusynda gürrüň edildi. Bu ýere ýygnanan bilim işgärleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak barada-da özara pikir alyşdylar. Maslahata gatnaşan bilim işgärleri bilim ulgamyny hem-de mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmekde alyp barýan  ägirt uly işleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza  alkyş sözlerini aýtdylar. Bu ýerde tejribeli bilim işgärleriniň okuw-görkezme esbaplary boýunça  taýýarlan sergisi hem giňden ýaýbaňlandy. Bu sergini synlanlar okuw-görkezme esbaplary arkaly okuwçylara bilim we terbiýe bermekligiň täzeçe usullary bilen ýakyndan tanyşdylar. Toýmyrat  Gurbanow.

17
17 13.01.2026
Bedew batly ösüşler – güller açýan Diýarda

      2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirlen wagyz-nesihat çäresi işjeň häsiýete eýe boldy. Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we ýaşlar guramasynyň geçiren bu wagyz-nesihat çäresi “ Bedew batly ösüşler – güller açýan Diýarda” diýlip atlandyryldy. Wagyz-nesihat çäresindäki çykyşlarda 2026-njy ýylyň  “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda uly many-mazmun bar. Bu ýyl bedew batly öňe barýan ýurdumyzda päk arzuwlar bilen uly üstünlikleriň amala aşýan ýyly bolar. Belent şygar astynda öňe barýan döwletimiziň hususy ulgamynda we beýleki ähli pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, belent maksatly işleri rowaçlyklara beslenip, uly ösüşlere eýe bolunar diýlip buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle hem wagyz-nesihat çäresinde halkymyzy nurana geljege, ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere tarap batly gadamlar bilen alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.                                                Çarymuhammet Saparow.

22
22 09.01.2026
Welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda maslahat duşuşygy geçirildi

   Bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen 2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýilip atlandyrylmagy  mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat,şäher we etrap Geňeşleriniň Türkmen döwlet energetika institutynyň gurnamaklarynda  Mary welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda maslahat duşuşygy geçirildi bu duşuşyga ýaş sport türgenleri, talyp ýaşlar hem gatnaşdylar maslahatyň dowamynda Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni, il – halk, döwlet bähbitli rowaç işlerini wasp edip sagbolsunlaryny aýtdylar. Suwhan Kulyýew.

37
37 13.01.2026
Ajaýyp ýylymyza bagyşlanyldy

  Ýurdumyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrülişi ýaly, täze başlan 2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabaraly maslahatlaryň biri hem  Wekilbazar etrap medeniýet öýünde Wekilbazar etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň, Wekilbazar etrap zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Ýylyň şanly şygaryna bagyşlanyp geçirilen bu aýdym-sazly dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, etrabyň saglyk, medeniýet we bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ýylyň şanly şygarynyň we nyşanynyň ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onuň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahatyň dowamy aýdym-sazlara utgaşyp, onda ýylyň şanly şygaryna bagyşlanan, asuda, abadan Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň röwşen gelejegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.

42
42 13.01.2026
Dabaraly maslahatda

     Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça asylly däbi dowam etdirmek bilen bu ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, maslahat-duşuşyklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaraly maslahatlaryň biri hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda “Ösüşlere beslenýän bedew batly at-myratly Watanym” ady bilen geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda her gelýän ajaýyp ýyllary döwrebap atlandyrmak däbine eýerip 2026-njy ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmuny dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi. Soňra Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň estrada aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdym-sazlaryny, çykyşlaryny diňlän dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

17
17 13.01.2026
Bedew batly ösüşler – güller açýan Diýarda

      2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirlen wagyz-nesihat çäresi işjeň häsiýete eýe boldy. Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we ýaşlar guramasynyň geçiren bu wagyz-nesihat çäresi “ Bedew batly ösüşler – güller açýan Diýarda” diýlip atlandyryldy. Wagyz-nesihat çäresindäki çykyşlarda 2026-njy ýylyň  “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda uly many-mazmun bar. Bu ýyl bedew batly öňe barýan ýurdumyzda päk arzuwlar bilen uly üstünlikleriň amala aşýan ýyly bolar. Belent şygar astynda öňe barýan döwletimiziň hususy ulgamynda we beýleki ähli pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, belent maksatly işleri rowaçlyklara beslenip, uly ösüşlere eýe bolunar diýlip buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle hem wagyz-nesihat çäresinde halkymyzy nurana geljege, ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere tarap batly gadamlar bilen alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.                                                Çarymuhammet Saparow.

22
22 09.01.2026
Welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda maslahat duşuşygy geçirildi

   Bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen 2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýilip atlandyrylmagy  mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat,şäher we etrap Geňeşleriniň Türkmen döwlet energetika institutynyň gurnamaklarynda  Mary welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda maslahat duşuşygy geçirildi bu duşuşyga ýaş sport türgenleri, talyp ýaşlar hem gatnaşdylar maslahatyň dowamynda Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni, il – halk, döwlet bähbitli rowaç işlerini wasp edip sagbolsunlaryny aýtdylar. Suwhan Kulyýew.

25
25 08.01.2026
Buýsanç duýgusyny döredýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi il-günümizi galkyndyrdy. Täze ýylymyz hem hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhratly ýyllarynyň biri boljakdygy guwandyrýar. Çünki, üstümizdäki ýylda-da Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmegiň wajyp wezipeleri durýar.  Şol wezipeleriň üstünlikli amal edilmegi üçin bolsa, ýaňy başlanan ýylyň ilkinji günlerinden döredijilikli zähmet çekmeli. Şeýle tutanýerli zähmetiň ösüş-özgerişli Watanymyzyň bedew badyna bat goşjakdygy şübhesizdir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan şygar kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Şundan ugur alyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmaga her birimiziň mynasyp goşandymyz bolmalydyr.  Merdan ORAZMEREDOW.  

22
22 08.01.2026
“Bir  belent  ykbal  sen, illere  bedew!”

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny halkara derejesinde dabaralandyran Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyz täze — 2026-njy ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipler esasynda we Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at- -myradyň mekany” diýlip atlandyryldy. Elbetde, bu şygar türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň keşbinde jemlenen ajaýyp ösüşleriň, şanly ýeňişleriň nyşanydyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi sagdynlygyň we gözelligiň mysalydyr. Ahalteke bedewleri biziň buýsanjymyz, şöhrat-şanymyzdyr. Türkmen atlarynyň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär. Behişdi bedewlerimize häzirki döwürde aýratyn sarpa goýulýar. Türkmen bedewleri umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygydyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda arassa ganly ahalteke atlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da beýgeldýär. Ata-babalarymyz: “At — myrat”, “At dosty — ata dosty”, “Ataň barka dost gazan, atyň barka — ýol”, “At — ýigidiň diregi, haly — gyzyň ýüregi”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Atym  bar — ganatym bar” ýaly çuňňur parasada ýugrulan nakyllary, atalar sözlerini döredipdirler. Ýigidiň ýoldaşy, syrdaşy hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monta-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we ýörite baýraklara mynasyp bolmagyny görkezip bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bedewlerimizi wasp edýän “Ahalteke bedewi — biziň  buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”,  «Gadamy batly bedew» ýaly ajaýyp eserlerini halkymyza peşgeş berdi. Bu bolsa ahalteke bedewlerine çuňňur sarpa goýulýandygynyň özboluşly beýanydyr.  “At — myrat” diýlişi ýaly, täze şygarly ýylymyzda eziz Watanymyzyň ajaýyp ösüşlere, täze-täze ýeňişlere beslenjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. Çünki, halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly ýörelgeleri bilen röwşen geljege sary ynamly barýar. Ýurdumyz bu şanly ýylda halkymyzyň özygtyýarlylygynyň aýdyň beýany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny uludan baýram eder.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewlerimiziň sarpasy belent tutulyp, olara goýulýan hormat has-da artýar. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň abraýyny dünýä ýaýmak boýunça ýurdumyzda mynasyp işler alnyp barylýar. Bedewlerimiziň owadan keşbiniň döwlet Tugramyzda ýerleşdirilmegi hem uly mana eýedir. Halkymyz asyrlaryň dowamynda naýbaşy gymmatlyklary kemala getiripdir. Şol gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke bedewlerimizdir. Halkymyz at-owazasy asyrlaryň jümmüşine ýaň salýan bedewiň üstüni Süleýmanyň tagtyna deňäpdir.  Elbetde, at has gadymy döwürlerden bäri ýow güni ýigidiň ýoldaşy, ýakyn syrdaşy bolupdyr. Ynsanpisint, duýgur, çalasyn bedewler hemişe ynsanyň ýakyn hemaýatkäri bolupdyr. “Mal eýesiniň gözünden suw içer” diýlişi ýaly, at öz eýesiniň şatlygyny ýa-da gamgyn pursadyny aňyp bilýär. Halk arasynda “Aty ýoguň ady ýok” diýilýär. Çünki, ata-babalarymyz bedew aty öz wepaly ýürekdeşine, iň ýakyn dostuna, meňzedýär. Has gadymy döwürlerden bäri halkymyz iň gowy zatlary ata deňäpdir, meňzedipdirler. Il içinde aýdylýan “Bagt atyň büdremesin”, “Bagt atyň batly çapsyn” ýaly jümleler ýokarda aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşjak ajaýyp ýyllaryň biri boljakdygyna berk ynanýarys. Bedew batly ösüşleri bilen nurana geljege sary barýan halkymyza täze ýeňişler ýar bolsun! Aýparça AKYMOWA.

20
20 08.01.2026
Bähbitli  tagallalar rowaçlanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen halky 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýyla gadam basdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geçen — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly zähmet ýeňişleri, taryhy wakalary bilen şöhratlandy. 2025-nji ýylyň möhüm wakalary barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Şeýle-de bolsa, olaryň käbirini ýatlaman bolmaz. Mysal üçin, geçen ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama laýyklykda, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy üçünji gezek ykrar edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilen uly toýunyň dabarasy dünýä doldy. Bu taryhy waka hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini bütin dünýä äşgär etdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmekdäki başlangyçlary adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we giň goldawa eýe bolýar. Muňa mysal edip, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň soňky günlerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen Kararnamalar dünýäniň döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. “Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026-2035-nji ýyllar)” hem-de “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň kabul edilmegi geoykdysady ösüşi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Bu guwançly waka Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýynyň artyp, eýeleýän ornunyň has-da pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen ili täze — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýyla ýokary ruhubelentlik, ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basdy. Täze ýylyň ilkinji günlerinden döredijilikli zähmet çekýän halkymyz ýaňy başlanan ýylymyzy uly zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýär. At ýylynda bolsa, maksatlarymyzyň myrat boljakdygy täze sepgitlere ruhlandyrýar. Il-günümiziň tutanýerli zähmeti bolsa, şanly wakalara beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikleriň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Aýratynam, üstümizdäki ýylyň taryhy wakasy boljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasynyň dag aşjakdygy guwandyrýar. Şanly senä mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýän türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurýar we döredýär.  

26
26 07.01.2026
Şanly ýylymyza bagyşlanyldy

    Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynyň Murgap etrabynda  hem ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli geçirilýän maslahatlara, aýdym – sazly medeni çärelere giň gerim berilýär. Mary welaýatynyň Murgap etrabynda etrap häkimliginiň, etrabyň Demokratik partiýasynyň guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda hem dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Murgap etrabynyň medeniýet öýünde geçirilen bu çära Medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlary göwünlere şatlyk paýlaýan çykyşlaryny hem belent joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Ussat aýdymçylaryň, çykyşlary bu dabaranyň şatlygyny artdyrdy. Estrada aýdymçylar asuda, erkana Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni, il – halk, döwlet bähbitli rowaç işlerini wasp edýän aýdymlary belent heňlerde ýerine ýetirip, dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýladylar. Suwhan Kulyýew.

32
32 06.01.2026
Dabaraly maslahat hemmeler üçin örän täsirli boldy

Ýurdymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwürilişi ýaly täze başlan 2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabraly maslahatalyň biri hem Baýramaly şäher medeniýet merkezinde Baýramaly şäher, etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher, etrap komitetleriniň, Zenanlar birleşmesiniň şäher, etrap bölümleriniň we şäher medeniýet bölüminiň gurnamagynda geçirildi. Ýylyň şanly şygaryna bagyşlanyp geçirilen bu aýdym-sazly dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşalar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ýylyň şanly şygarynyň ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahatyň dowamy aýdym-sazlara utgaşyp, onda ýylyň şanly şygaryna bagyşlanan, asuda, abadan Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Dabrara gatnaşanlar halkymyzyň röwşen gelejegi ugrynda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny we alkyşlaryny beýan etdiler. Azat Beglanow.

1188
1188 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

966
966 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1232
1232 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1112
1112 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1115
1115 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1217
1217 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

922
922 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1106
1106 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.