Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy
weather mary 10° C Mary
weather mary 10° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy

519 14.11.2024

Düyn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana “Gorkut ata” kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi gowşurylypdy.

Ýurdumyzda kinematografiýa işini ösdürmäge, kinoforumlaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlardaky ugurdaş halkara çärelere yzygiderli gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäherinde geçen ýyl “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etdi.

...Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, türki döwletleriň aktýorlary, režissýorlary, kinematografiýa işgärleri gatnaşdylar. Däp bolşy ýaly, hormatly myhmanlar gyzyl haly düşelen ýodajykdan ýöräp geçýärler. Bu ýere ýygnananlar çeper we dokumental filmleriň bäsleşiginiň eminlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen mübärekleýärler. Soňra Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalary geçýärler.

Mukamlar köşgüniň baýramçylyk äheňinde bezelen eýwanynda türkmen kinematografiýasynyň taryhyndan söz açýan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren halk aýdym-sazlary dabara milli öwüşgin çaýdy. Kinofestiwal Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň we ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmen dünýäsi” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.

Soňra “Gorkut ata” halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Gutlagda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň mekanyna öwrülendigi bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. “Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň Aşgabat şäherinde geçirilmeginde hem uly many bardyr. Bu günki gün ak mermerli paýtagtymyzda halkara festiwallary, konsertleri we forumlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bütin dünýäde ykrar edilýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew gutlag sözünde guramanyň bu kinofestiwal arkaly türki dünýäniň gymmatlyklaryny tutuş Ýer ýüzüne görkezmäge, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny belledi hem-de festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Dabara Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan taýýarlanan “Gorkut ata” atly wideoroligiň görkezilmegi bilen dowam etdi.

Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň, sungatyň, ylym-bilimiň ojagy hasaplanypdyr. Taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetler onuň şan-şöhratyny artdyrypdyrlar. Watanymyz Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly meşhur seljuk soltanlarynyň ýaşap geçen topragydyr. Häzirki wagtda şöhratly ata-babalarymyzyň bize miras galdyran milli medeniýeti has-da baýlaşdyrylýar. “Türkmenfilm” birleşigine Oguz hanyň adynyň dakylmagy hem edermen ata-babalarymyza, beýik taryhymyza uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Soňra milli lybasly oglan “Durna” heýkeljigini getirýär. Türkmenistan şu ýyl bu göçme nyşany Gazagystana geçirýär. Soňra myhmanlar çeper we dokumental filmlere baha berýän eminler topary bilen tanyşdyryldy.

Medeni dialogyň esasy wezipesi medeniýetleriň arasyndaky toplumlaýyn, köptaraply gatnaşyklary ýola goýmakdan, türki halklaryň baý medeni taryhy mirasyny, sungatda, kinematografiýada gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekden, döredijilik gatnaşyklaryny höweslendirmekden ybaratdyr.

“Meňli” we “Aşgabat” toparlarynyň çykyşy milli däp-dessurlary wagyz edýän aýdym-sazlar bilen utgaşyp, nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrdy. Türkmen kinofilmlerindäki aýdymlar kino sungatynyň bu giň gerimli çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra “Gorkut ata” kinofestiwalyna gatnaşýan çeper, dokumental filmler bilen tanyşdyrýan gysga görnüşli wideorolikleriň görkezilişi boldy. Şeýle-de festiwala gatnaşyjylar Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň surata düşüren filmleri barada gysgaça maglumat berýän wideoşekillere tomaşa etdiler. Tomaşaçylar umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan “küştdepdi” tansyny ýerine ýetiren “Miras” folklor toparynyň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar

Kinoforumyň birinji gününiň wakalary ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary bilen tamamlandy.

Medeni çäräniň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler. Bu orta asyr ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ussatlygynyň we şol döwrüň binagärlik sungatynyň ösen derejesiniň aýdyň nyşanydyr. 1948-nji ýyldaky weýrançylykly ýertitreme oňa zeper ýetiripdir. Muňa garamazdan, ol zyýaratçylar üçin özüne çekiji ýerleriň biri bolmagynda galýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eser Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi bilen türki dünýäniň beýik şahyrynyň we akyldarynyň ýyly hökmünde bellenilýän şu ýylda türkmen halky üçin ajaýyp sowgat boldy.

Şeýle hem myhmanlar ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp gördüler. Häzirki wagtda “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen Aşgabat dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar.

Üç günüň dowamynda giň tomaşaçylar köpçüligine paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda, “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kino ussatlary tarapyndan döredilen filmler görkeziler. Kinofestiwalyň ikinji gününiň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklary geçiriler. Mundan başga-da, şol gün “Aşgabat” myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy bolar, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gezelenç guralar.

Şeýlelikde, sungatyň güýji kalplary birleşdirýän gudrata öwrülýär. “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň çäklerinde geçiriljek çäreler bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşar.

10
10 02.03.2026
Şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar

    Ýurdumyzda şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyny tassyklap, onda bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak babatda tabşyryklary berdi.  Şunuň bilen baglylykda Mary welaýatynyň Mary şäherinde degişli Maksatnama laýyklykda ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara giňişliginde gazanan nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabara geçirildi.  “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň başynda ýurdumyza getiren uly abraýy, şöhrat – şany ähli halkymyzy buýsandyrýar. Olaryň sirk sungatyny ösdürmekde gazanan şöhraty diňe türkmen halkyny däl, eýsem dünýäniň halklaryny, atşynaslaryny, sirkçilerini haýrana goýýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ilkinji aýynda ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Monako Knýazlygynyň Monte – Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy türkmen bedewleriniň dünýädäki şan – şöhratynyň barha artýandygynyň ýene bir aýdyň güwäsine öwrüldi. Şu ajaýyp waka mynasybetli Mary welaýatynda giň gerimde ýaýbaňlanan dabaralar uly ruhubelentlige beslendi. Halkymyzyň milli buýsanjy we guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň owazasyny äleme ýaýýan ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Mary welaýatynyň merkezi Mary şäherinde dabaraly garşylandy. Toparyň agzalary şäheriň görkana köçeleri boýunça toý ýörişini amala aşyryp,  Mary şäheriniň merkezindäki Mary welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada guralan dabara gatnaşdylar. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň ajaýyp çykyşlaryny görkezdiler. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il – halk, döwlet hem-de bütin adamzat bähbitli beýik hem-de rowaç işleri,  halkymyzyň guwanjyna hem buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerimiz wasp edildi. Soňra myhmanlar binanyň içine girip, bu ýerde guralan sergi bilen ýakyndan tanyşdylar.  Şeýle-de paýhas ojagynyň beýleki bölümlerine  aýlanyp gördiler. Myhmanlar şäheriň merkezindäki Baş baýdak meýdançasynyň hem-de welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň öňündäki dabaralara gatnaşyp, joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlara uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Şäheriň medeni ojaklarynyň öňündäki meýdançalarda guralan dabaralara gatnaşan meşhur ,,Galkynyş” at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary soňra ,,Türkmeniň ak öýi” binasyna bardylar.      ,,Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki toý meýdançasynda at üstündäki oýunlar  toparynyň agzalary uly toý şatlygy bilen garşylandy. Binanyň çar ýanynda milli mirasymyza degişli şaý-sepler, at esbaplary, altyn kümüşden ýasalan bezeg serişdeleri, amaly haşam we şekillendiriş sungatyna degişli saýlama eserler ýerleşdirilipdir. Şanly waka mynasybetli bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny görkezip, bu ýere gelen adamlara ruhy lezzet paýladylar. Görkezilen sahna çykyşlaryndan göwünleri galkynan myhmanlar “Türkmeniň ak öýi” binasynyň girelgesinde giňden ýaýbaňlandyrylan sergini synlamakdan hem ruhy lezzet aldylar. Sergide milli mirasymyzyň, amaly-haşam we şekillendiriş sungaty hem-de surat, nakgaşçylyk  eserleriniň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary ýerleşdirilipdir. Sergini synlan her bir adam türkmen milletiniň özüniň ebedi mirasyna, behişdi bedewlerine nä derejede ýokary baha berýändigine göz ýetirdiler.       Bezemen binanyň tomaşa zalynda guralan dabaralar ähli medeni çäreleriň seresi boldy. ,,Türkmeniň ak öýi” binasynyň sahnasynda şowhunly çykyşlar giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlarda halkara festiwallaryň, bäsleşikleriň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup gelýän ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy barada nygtaldy. Çykyş edenler ,,Garaşsyz, baky Bitarap – Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynda topara Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy tutuş halkymyzy buýsandyrandygyny aýratyn bellediler. Türkmen bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjy, guwanjy, mertligiň, wepalylygyň nyşanydyr. Ýurdumyzda berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmäge, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ähli zerur şertler döredilýär. Ata – babalarymyzyň atşynaslyk däpleri gaýtadan dikeldilýär we türkmen bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýy has-da belende galýar. Bu ýerde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerimize bagyşlap döreden eserlerinde türkmen bedewleriniň gelip çykyşy, taryhy ösüş ýoly, tohum aýratynlyklary hem-de olaryň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny giňden açylyp görkezilýär – diýip, aýratyn bellediler. Mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyz ýakynda Arkadag şäherine gelip, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ,,At – myrat” okuw merkezine, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr – sahawat gaznasynyň adyndan bir million bäş ýüz müň manat hem-de Hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdi esasynda ,,Galkynyş”milli at üstündäki oýunlar toparyna üç million manat pul baýragyny  we toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini sowgat beripdi. Mälim bolşy ýaly geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at - myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýdyp, degişli resminama gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň Mary şäherinde degişli Maksatnama laýyklykda, şu ýylyň esasy çäreleriniň biri bolan ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara giňişlikde gazanan nobatdaky üstünligine bagyşlanyp geçirilen dabaralar buýsançly başlary hasam belende göterdi. Bu bolsa milli sirk sungatynyň ösmeginde mynasyp paýy bolan toparyň agzalarynyň ýurdumyzyň sebitleri boýunça guraýan baýramçylyk ýörişiniň dowamyna öwrüldi – diýip, bu ýerde çykyş edenler aýratyn bellediler.  Ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Binanyň tomaşaçylar zalynda görkezilen aýdym-sazly çykyşlar hem öz şowhuny bilen köplerde täsir galdyrdy. Dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şowhunly çykyşlarynda gamyşgulak bedewlerimizi, olaryň ýyndamlygyny, owadanlygyny wasp edýän aýdymdyr sazlary belentden ýaňlandy. Medeniýet işgärleriniň ýerine ýetiren her bir joşgunly çykyşlaryny tomaşaçylar dowamly el çarpmak bilen garşyladylar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň görkezen sirk oýunlaryna tomaşaçylar uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Toparyň oglan – gyzlarynyň welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylaryna görkezen çylşyrymlydan täsin we täsirli oýunlary, çapyp barýan atyň üstünde amala aşyran tilsimleri her bir adamyny haýrana goýdy. Sahna çykan atlaryň dürli oýunlaryny tomaşaçylar dowamly el çarpmak bilen mübäreklediler. At üstünde görkezen her bir oýunlar sirk sungatynyň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekip, olarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Görkezilen çykyşlardan soňra dabara gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüzlenme kabul etdiler.   ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň halkara giňişliginde gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabaralardan  soň agzaçar wagtynda toý sadakasy berildi. Onda okalan aýat-töwirlerde Berkarar Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi. Toýmyrat Gurbanow, Çarymuhammet  Saparow.

24
24 27.02.2026
Saýlawlara taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek syýasy jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülip, häzirki wagtda dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. 102-nji “Jemgyýet” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär Mary welaýatynyň Mary şäher Salgyt bölüminiň Hasap we hasabat  bölüminiň başlygy Jumamyradow Atajan Çarymyradowiç, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bili, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni Nepesowa Zyba Serdarowna, 104-nji “Peşanaly” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni Myradowa Jahangül Mämmetorazowna, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň müdiri Alyýew Begenç Berdimyradowiç we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat Mary şäher komitetiniň başlygy Annadurdyýew Mekan Çarymyradowiç dagylar bilen duşuşygy Mary etrabynyň 38-nji orta mekdebinde hem-de etrabyň medeniýet öýünde duşuşyklar geçirildi. Bu ýerde ilki bilen dalaşgärleriň ynanlan wekilleri çykyş edip, olar 102-nji “Jemgyýet”, 104-nji “Peşanaly saýlaw okruklary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärleriň terjimehallary hem-de durmuş ýollary barada gürrüň berdiler. Soňra dalaşgäriň özileri hem çykyş edip öz maksatnamalary bilen saýlawçylary giňden tanyşdyrdylar.

58
58 26.02.2026
Dostlukly gatnaşyklaryň beýany

      Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň netijelerine we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, duşuşyklaryň ýurdumyzy ösdürmekdäki ähmiýet we bu döwlet bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda diýarymyzda gazanylýan üstünlikler we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Bitarap watanymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklary barada-da aýratyn nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.  

27
27 26.02.2026
Wagyz-nesihat çäresi örän täsirli boldy

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çärelerine, okuw sapaklaryna kiçi ýaşly çagalardan başlap, ýaşuly nesliň wekillerine çenli uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar. Köçelerde we ýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda gözegçilik güýçlendirilip, wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle guramaçylykly wagyz-nesihat çäresi Marynyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurnamagynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça welaýat polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullygynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleriniň, Marynyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň professor mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň ýollarda awtoulaglar we pyýadalar bilen hereketiň sazlaşygyny  giňden beýan edýän we howpsuz hereketi  ündeýän şeýle hem ýangyn bilen baglanşykly ýüze çykýan we dürli tebigy hadysalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli zerur çäreler barada giňişleýin söhbet etdiler. Bilim berýän ulgamlarda ýangyn howpsuzlyk talaplary, talyplaryň arasyna ýangyn söndürmegiň usullary dogrusynda hem çykyşlarda aýratyn nygtaldy. Bu ýerdäki çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan belent maksatly işleri dogrusyndaky çykyşlara hem giň orun berildi. Şeýle-de  bu ýerde çykyş edenler ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, watanymyza, Hormatly   Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar. Göwher Ataýewa.

54
54 26.02.2026
“Kompozitor” filmi halkyň söýgüsini gazandy

Asuda Watanymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrülişi 2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem toý baýramlar, dabaralar, maslahatlar giň gerime eýe bolup, şeýle çäreleriň biri hem welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň medeniýet öýünde Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen milli kino hepdeliginiň çäklerinde “Kompozitor” türkmen filmine etrabyň jemgyýetçilik we syýasy guramalarynyň, birnäçe edara kärhanalarynyň işgärleri bilen bilelikde tomaşa edildi. Halkara derejede birnäçe baýraga mynasyp bolan bu çeper film, türkmen milli saz sungatynyň jadylaýjy güýjüni, medeni mirasyny we saz eserleri arkaly gahrymanlaryň içki dünýäsini açyp görkezýär.  Kerim Berdimuhamedowyň sazlaryndan peýdalanylan bu eser, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda möhüm oruna eýe. Filmde türkmen saz medeniýetiniň baý däpleri, milli saz gurallary we türkmen halkynyň ruhy dünýäsi içinde suratlandyrylýar. Tutuş filmiň dowamynda wakalar sazyň utgaşdyrylmagynda beýan edilip, saz esasy gural hökmünde çykyş edýär. “Kompozitor” filmi tomaşaçylaryň söýgüsine we gyzgyn elçalpyşmalaryna mynasyp bolup, olarda ýatdan çykmajak ajaýyp täsirleri galdyrdy. Tomaşaçylar ýurdumyzda milli kino sungatynyň ösmegi üçin giň ýol açýan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Azat Beglanow.

24
24 26.02.2026
Sporta höwesek  türgen

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlary sporta çekmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşlar bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny ösdürmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle sporta höwesek ýaşlaryň biri-de Baýramaly şäherindäki 10-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Agajan Esenowdyr. Agajan erkin göreşe aýratyn üns berýär. Ol bäş ýaşyndan bäri Baýramaly şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň ussat tälimçisi Atajan Mämmedowdan tälim alýar.  A. Esenow häzirki wagta çenli etrap, şäher, welaýat, döwlet derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen ýaryşlarda öz ussatlygyny görkezip, Hormat hatlarynyň 18-sine, on dört kümüş hem-de iki bürünç medallara mynasyp boldy. Ýaşajyk türgeniň şeýle üstünlikleri diňe bir özüni däl, eýsem, mugallymlaryny, tälimçilerini, ene-atasyny hem guwandyrýar.  

20
20 26.02.2026
Täze  usullar  ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesle bilim-terbiýe bermek döwrebaplaşdyrylýar. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, hilini ýokarlandyrmakda netijeli işlere badalga berilýär. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça  okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy kabul  edildi.   Bu resminamalaryň maksady bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine  laýyk getirmekden, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden, innowasion usullary okuw işine ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem resminamada mugallymlaryň döredijilikli başarnyklaryny we ussatlygyny ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu Konsepsiýada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde etrabymyzyň bilim edaralarynda degerli işler alnyp barylýar.  Şeýle çäreleriň täsirliligini gazanmak maksady bilen geňeşimiz tarapyndan goldaw-ýardam berilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da bilim-terbiýäniň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini has-da gowulandyrmaga itergi berýär. Çarymyrat ESENOW.  

23
23 26.02.2026
Bilimli nesil — kuwwatly Watan

  Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän çagalar baglarynda körpe nesillere döwrebap bilim hem terbiýe berilýär. Çagalaryň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmeginde irginsiz aladalanýan, işine ökde terbiýeçileriň biri-de Ýolöten etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Arzygül Hojanyýazowadyr. Arzygül 2020-nji ýylda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebini tamamlap, Türkmenabat şäherindäki 64-nji çagalar bagynda işe başlaýar. Soňra 2022-nji ýylda Ýolöten etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynda zähmet ýoluny dowam etdirýär. Ol ýaşlygyna garamazdan, okatmagyň täze usullaryndan peýdalanyp, çagalara sowat öwretmekde, matematikanyň ilkinji düşünjelerini bermekde, dilleri öwretmekde, olary daşky gurşaw, tebigat bilen tanyşdyrmakda yhlasyny gaýgyrman işleýär.  A.Hojanyýazowa 2025-nji ýylda “Ýylyň terbiýeçisi” bäsleşigine gatnaşyp, onuň etrap tapgyrynda baş baýraga, welaýat tapgyrynda bolsa 3-nji orna, ýene-de şol ýylda “Daşary ýurt dillerini öwretmek döwrüň talabydyr” atly bäsleşigiň etrap tapgyrynda 1-nji orna mynasyp boldy. Şeýle-de, Arzygülüň bilim berýän çagalary dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.

23
23 26.02.2026
Berekede  beslenýär daýhan  yhlasy

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaşyl ýaýlalary ýadyňa salýan bugdaý maýsalary töwerege özboluşly görk goşýar. Kärendeçi daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen geçen ýylyň güýzünde topraga sepilen bugdaý däneleri gyradeň gögerip çykdy. Gallaçy kärendeçiler şu günlerde ak ekine ideg etmek işini guramaçylykly alyp barýarlar.  Gallaçy daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmeginiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň olar üçin döredýän mümkinçilikleri, berýän goldawlary bar. Daşary ýurtlardan satyn alnyp, etrap “Obahyzmat” önümçilik kärhanalaryna berkidilen kuwwatly traktorlaryň kömegi bilen irgözinden ýerler sürlüp, tekizlenip, ekişiň ýokary hilli geçirilmegi kadaly gögeriş gazanylmagyna getirdi. Şeýle aladalar, kömek-goldawlar üçin welaýatymyzyň gallaçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny aýdýarlar.  Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda: “Oba hojalygynda geçirýän özgertmelerimiz hem rowaçlyklara beslenýär. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçireris” diýip, bellemeginde topraga yhlasly daýhanlaryň ýadawsyz zähmetine belent hormat bar. Gallaçy kärendeçiler häzirki günleriň amatly pursatlaryndan peýdalanyp, bugdaý ekilen ýerlere ýerli hem-de mineral dökünleri bermek, ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä, alyp barýarlar. Bu bolsa, bugdaýyň düýpleriniň gurplanmagyna ýardam edýär. “Ak ekine — ýokardan, gök ekine — akardan” diýlişi ýaly, şu günlerde ýagýan ýagyş-ýagmyryň hem bugdaýa örän peýdaly täsiri bar. Nesip bolsa, edilýän aladalaryň netijesinde bugdaýlar ir bahardan ösüp, boý alyp, bereketli hasyl toplar. Orak möwsüminde zähmetsöýer daýhanlar bellenilen meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirerler. Daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän, yzygiderli hemaýat-goldawlary berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!  Durdynabat BAÝRAMOWA.  

24
24 27.02.2026
Saýlawlara taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek syýasy jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülip, häzirki wagtda dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. 102-nji “Jemgyýet” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär Mary welaýatynyň Mary şäher Salgyt bölüminiň Hasap we hasabat  bölüminiň başlygy Jumamyradow Atajan Çarymyradowiç, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bili, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni Nepesowa Zyba Serdarowna, 104-nji “Peşanaly” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni Myradowa Jahangül Mämmetorazowna, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň müdiri Alyýew Begenç Berdimyradowiç we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat Mary şäher komitetiniň başlygy Annadurdyýew Mekan Çarymyradowiç dagylar bilen duşuşygy Mary etrabynyň 38-nji orta mekdebinde hem-de etrabyň medeniýet öýünde duşuşyklar geçirildi. Bu ýerde ilki bilen dalaşgärleriň ynanlan wekilleri çykyş edip, olar 102-nji “Jemgyýet”, 104-nji “Peşanaly saýlaw okruklary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärleriň terjimehallary hem-de durmuş ýollary barada gürrüň berdiler. Soňra dalaşgäriň özileri hem çykyş edip öz maksatnamalary bilen saýlawçylary giňden tanyşdyrdylar.

58
58 26.02.2026
Dostlukly gatnaşyklaryň beýany

      Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň netijelerine we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, duşuşyklaryň ýurdumyzy ösdürmekdäki ähmiýet we bu döwlet bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda diýarymyzda gazanylýan üstünlikler we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Bitarap watanymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklary barada-da aýratyn nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.  

26
26 26.02.2026
Toý-baýramyň  ýaraşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany boldy. Bu şygar halkymyzyň taryhy ykbalynyň, ruhy dünýäsiniň hem-de ýaşaýyş pelsepesiniň jemlenmesi hökmünde ulus-ilimizi galkyndyrdy. Bedew ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden baýram ediljekdigi buýsanjymyzy artdyrýar. Toýlaryň bezegi hasaplanylýan behişdi bedewlerimiz öz gözelligi, okgunly bady şan-şöhratymyzy dünýä ýaýýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerini görkezmek bolar. Bu festiwalda topar sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar bilen sylaglanyldy. Bu waka şanly ýylyň özboluşly badalgasyna öwrüldi. Şeýle-de, golaýda Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna we “Görogly” adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baryp görmegi, şol ýerde “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşmagy ildeşlerimizde uly guwanç we hoşallyk duýgusyny döretdi. Bu duşuşyklar ýaşlaryň bedewlere bolan gyzyklanmasyny has-da güýçlendirdi. Milli Liderimiziň “At — myrat” okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde sowgat berilýändigini aýtmagy jemgyýetimizde gyzgyn goldaw tapdy. Bu sahawatly ädim çagalaryň bedewlere bolan söýgüsini artdyrmakda, olaryň kalbynda mähir we watansöýüjilik duýgularyny terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen bu topary 3 million manat bilen sylaglamak baradaky Karary halkymyzyň göwün guşuny göge göterdi. Bu goldaw toparyň döredijilik mümkinçiliklerini has-da giňeldip, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Behişdi bedewlerimiziň şöhratyna şan goşýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Maksat JANMYRADOW.  

26
26 26.02.2026
Taryha ýazylýan ýyllar

Ajaýyp ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda giň many-mazmun bar. Çünki türkmen halky bedew atyny sarpalaýar, hormatlaýar. Milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halkynyň gymmatly medeni mirasydyr. Häzirki wagtda ajaýyp bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň abraýyny dünýä ýaýmak boýunça mynasyp işler alnyp barylýar.  Üstümizdäki ýylyň 16-25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli türkmen halkyny buýsandyrdy. Bu waka 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle buýsançly wakalara beslenýän Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere beslenmegini arzuwlaýarys. Tawus DURDYÝEWA.

31
31 24.02.2026
Nusgalyk häsiýetler ündeldi

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda türkmen ili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tutanýerli zähmet çekýär. Şu tutumly işlere etrabymyzyň ýaşlary hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şol bir wagtda biz düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerine-de uly üns berýäris.  Golaýda “Marygazçykaryş” müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň ýygnaklar jaýynda “Ogul-atanyň dowamy, ini aganyň arkasy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony  TMÝG-niň etrap geňeşi TDP-niň etrap komiteti, “Marygazçykaryş” müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasy bilen bilelikde guradylar. Duşuşyga atlary agzalan guramalaryň we edaranyň işgärleri gatnaşdylar. Onda Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň başlygy Emir Gowkyýew, TDP-niň Oguzhan etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Rahmanberdi Mämmeýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Sähra Ummalyýewa çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ýaşlar syýasatyndan gelip çykýan wezipeler hakda durup geçdiler. Ýaşlarda watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy, belent adamkärçiligi, halallygy, ynsaplylygy maşgala mukaddesliginiň ruhunda terbiýelemegiň hemişe derwaýysdygy barada täsirli gürrüň etdiler. Atageldi GURBANOW.

30
30 24.02.2026
Möhüm waka bagyşlanyldy

Bilşimiz ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, geçen Halkara we parahatçylyk ýylynyň jemini jemledi. Şu möhüm waka mynasybetli TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi we TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan maslahat geçirildi. Etrabymyzyň medeniýet öýünde geçirilen maslahata atlary agzalan guramalaryň işgärleri gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow çykyş etdiler. Olar 2025-nji ýylyň jemine bagyşlanan mejlisde bellenilişi ýaly, geçen ýylyň ýokary zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenendigi barada gürrüň etdiler. Şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda öňümizde has jogapkärli wezipeleriň durýandygy dogrusynda durup geçdiler. Parahat HAŞYMOW.  

29
29 24.02.2026
Bedew batly, şan-şöhratly Watanym!

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat, Mary şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda “Bedew batly, şan-şöhratly Watanym!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow alyp bardy. Maslahatda Murgap etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýjemal Allanowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TDP-niň Mary etrap komitetiniň başlygy Muhammetgylyç Nepesow, TDP-niň Murgap etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa çykyş etdiler. Çykyş edenler şanly ýylymyzyň mynasyp şygar bilen atlandyrylandygy, ýurdumyzyň buýsançly wakalary, türkmen bedewiniň sarpalanyşy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Aýparça AKYMOWA.

31
31 23.02.2026
Dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklary geçirilýär

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 29-njy martynda geçiriljek möhüm jemgyýetçilik – syýasy çäresi bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine hem giň gerim berildi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýerlerde dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklary yzygiderli geçirilýär.  Wekilbazar etrap medeniýet öýünde welaýat Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komiteti tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda dalaşgärleriň ynanylan wekilleri olaryň terjimehaly, şahsy iş başarnyklary bilen tanyşdyrdy. Soňra bu ýerde dalaşgärler aýry-aýry çykyş edip, özleriniň maksatnamalarynyň esasy ugurlaryny beýan etdiler. Duşuşygyň dowamynda dalaşgärler ýurdumyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşup, jan aýaman zähmet çekjekdiklerine  ynandyrdylar. Dursun Ilbegiýewa.

35
35 19.02.2026
Diplomatlaryň hünär baýramçylygyna bagyşlanyldy

Ýakynda welaýat kitaphanasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.  “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen” diýlip atlandyrylan dabaraly maslahatyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar kitaphananyň girelgesinde  medeni çykyşlara tomaşa etdiler we surat hem-de kitap sergilerini synladylar.  Dabaraly maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Çemen Akyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň üçünji sekretary Myrat Ýamşikow, Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Abdolmajid Kamjou, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, welaýat baş bilim müdirliginiň bölüm müdiri, welaýat halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary Ogulgerek Abdyllaýewa çykyş etdiler.  Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan diplomatik gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňeýändigi dogrusynda durup geçdiler. Dabaraly maslahatda çykyş edenler diplomatik işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlap, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  Sülgün ŞADYÝEWA.

1340
1340 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1122
1122 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1387
1387 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1288
1288 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1258
1258 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1445
1445 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1071
1071 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1273
1273 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.