Ýakynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, TDMG-niň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň hem-de şäher polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow çykyş etdi we duşuşygy alyp bardy. Soňra duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Atamyrat Ballybaýew, Türkmenistanyň Döwlet m igrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň uly gözegçisi Kümüş Kalinowa, şäher polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi Mahym Mämmetdurdyýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde döwletleriň arasynda işjeň gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulýandygy barada nygtadylar. Şeýle-de, olar daşary ýurtlara okamak, işlemek, syýahat etmek maksady bilen gitmek isleýän raýatlara şol ýurda barmak üçin wizanyň ýa-da degişli rugsatnamanyň zerurdygy we ony resmileşdirmegiň tertibi barada anyk maglumatlary, degerli maslahatlary berdiler.
Annagözel SARYÝEWA.