Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden “Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň jemleýji Mary welaýat tapgyry Mary şäheriniň “Bagt köşk” toý dabaralar merkezinde geçirildi. Mary welaýat zenanlar bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu bäsleşige bäsleşigiň saýlama tapgyrlarynda ýeňiji bolan dürli pudaklarda zähmet çekýän elli çeper zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda dünýä nusgalyk bolan türkmen keşdeçilik sungatyny we bäsleşik üçin saýlap alan keşdelerini giňişleýin wasp etdiler. Ýokary işjeňlik derejesinde geçirilen bäsleşigiň jemleri boýunça tapawutlanan ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşikde çykyş edenler halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








