Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden “Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň Wekilbazar etrap tapgyry geçirildi. Wekilbazar etrap zenanlar bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu bäsleşige etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän elli çeper zenanlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda dünýä nusgalyk bolan türkmen keşdeçilik sungatyny we bäsleşik üçin saýlap alan keşdelerini giňişleýin wasp etdiler. Ýokary işjeňlik derejesinde geçirilen bäsleşigiň jemleri boýunça tapawutlanan ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşikde çykyş edenler halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Aýgül Berdiliýewa.








