Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden “Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň Mary şäher tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige dürli ulgamlarda zähmet çekýän, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan çeper elli, edepli, maşgala ojagynyň abraý-mertebesini belende galdyrýan zenanlar gatnaşyp, olar dünýä nusgalyk bolan türkmen keşdeçilik sungatyny w bäsleşik üçin saýlap alan keşdelerini giňişleýin wasp etdiler. Bäsleşikde çykyş edenler halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Nabat Berdiliýewa.








