Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
weather mary 2° C Mary
weather mary 2° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

307 12.01.2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa täze şäheriň toplumlaýyn esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.

Ir säher bilen, Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän we milli binagärligiň häzirki zaman nusgasyna öwrülen täze şähere geldi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda», «Arkadag şäheriniň içerki we daşarky agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suw, ýapyk drenaž geçiriji ulgamlaryny, ýollary, içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we gaz ulgamlaryny we desgalaryny gurmak hakynda hakynda», şeýle hem «Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ilki bilen, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary we bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň, köpriniň sütünleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegini özünde jemleýän şertleriň döredilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Ýol-ulag düzümine degişli möhüm desgany döwrebaplaşdyrmak işlerine häzirki zamanyň talabyna laýyk derejede çemeleşilmelidir, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline, berkligine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, durky täzelenýän, şeýle hem gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän we teklip edilýän önümçilik toplumlarynyň, beýleki desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäher lukmançylyk klasteriniň, söwda we işewürler merkeziniň, lukmançylyk klasteriniň edara binasynyň we sanjym önümleriniň önümçilik desgasynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň, türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň şekil taslamalary, gurulmagy teklip edilýän täze medeni-dynç alyş merkezi üçin niýetlenen ýer böleginiň çyzgylary bar.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen täze binalaryň we desgalaryň gurluşygyna häzirki zamanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Alym Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulmagy teklip edilýän desgalaryň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine we oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna üns berilmelidigini aýtdy. Aýratyn-da, şäheriň täze medeni-dynç alyş merkezinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.

Iň esasy bolsa millilige möhüm orun degişli bolmalydyr. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyz geçmişde suwy tygşytly peýdalanmak babatda baý tejribe toplady. Birnäçe guýularydyr, kärizleri gazyp, ekinleri netijeli suwardy. Umuman, suwuň her damjasyny altyna deňedi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, bu asylly ýol-ýörelgeler häzirki wagtda hem mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz guruljak medeni dynç-alyş merkeziniň çäginden geçjek ýap suwunyň ýeri kesgitlenende örän oýlanyşykly we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle-de, «Bu merkeziň çäginiň özboluşlylygy, onuň bezeg aýratynlygy ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyk bolmaly» diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etmek bilen, bu ýerde ýörite myhmanhananyň we naharhananyň gurulmalydygyny aýtdy we onda hakyky türkmen dünýäsiniň açylyp görkezilmelidigini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Halkymyzyň myhmansöýerliginden ugur alyp, bu ýerde türkmeniň milli tagamlary, datlydan-datly nygmatlary hödür-kerem edilmeli. Halkymyzyň gadymdan gelýän durmuşyna mahsus ebedi mizemez millilikleri janlandyrylmaly. Bu ýerde geljek myhmanlarda halkymyzyň täsin gymmatlyklary uly täsir galdyrmalydygy bellenildi.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz seýilgähiň çäklerinde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde belent şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetlidigini belledi. Şunda her bir bedewiň haýsy nesil ugruna degişlidigi, olaryň taryhy we atçapyşyklarynda gazanan ýeňişleri baradaky maglumatlar jemlenmelidir hem-de olaryň sanly ulgam arkaly uly ekranly elektron enjamynda beýan edilmelidir.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ekologiýa ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagy, binalaryň Arkadag şäheriniň ruhuna kybap derejede bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi bilen baglanyşykly meselelere häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda we şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi. 

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdiIş maslahatyna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan ýerli gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda ýerli çig mallar esasynda ýola goýulýan önümçiligiň sazlaşykly hereketi üpjün edilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň döwrebap derejede alnyp barylmagynyň, önümçilik toplumlarynyň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik maksatly desgalaryň, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň binalaryny enjamlaşdyrmak işleri täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydyr.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, täze şäherde degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we onuň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanýar.

Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen täze şäheriň ekologiýa derejesiniň birnäçe halkara Güwänamalaryna mynasyp bolandygyny belläp, Arkadag şäherinde degişli ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan «Garagum», «Saýaly menzil», «Dost gurluşyk, «Ýedi ýer söwda-önümçilik», «Ajaýyp gurluşyk» hojalyk jemgyýetleriniň, «Mukaddes gün», «Ak tab», «Berk teker» hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary alyp barýan işleri barada hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary ilki bilen, häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri we täze gurluşyklara başlamak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdiler. Şeýle hem olar häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.

Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerine gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtap, telekeçiler daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alşyp, bu ugurda baý tejribe toplandyklaryny bellediler.

Gurluşykda telekeçiler öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ýerli telekeçileriň ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýandygyny, olaryň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we döwrebap usullarynyň ulanylmalydygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşykçy telekeçilere bu ýerde uzak geljegi nazarlaýan taslamalaryň ynanylandygyny belläp, olaryň il içinde bina galdyrmak, köpri gurmak ýaly sogap hasaplanylýan işleri ýerine ýetirmek arkaly taryhda möhüm orun eýelejekdiklerine we asylly işleriň netijelerini geljek nesillere ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalarynda kesgitlenen önümçilik toplumlarynyň we durmuş maksatly binalarynyň gurluşygyny ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerinde telekeçilere üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ýüzlenip, olara täze şäheriň nobatdaky gurluşyklarynyň işini sazlaşykly ýola goýmak we olaryň depginlerini ýokarlandyrmak babatda telekeçiler bilen bilelikde işlemegi tabşyrdy.

Iş maslahatyny tamamlap, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň jemagat hojalygy gullugynyň zerurlyklary üçin niýetlenip, Arkadag şäherine gelip gowşan täze tehnikalar, olaryň aýratynlyklary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren ýokary öndürijilikli kämil tehnikalarynyň netijeli ulanylmalydygyny, olary öz işine ussat kämil hünärmenleriň dolandyrmalydyklaryny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagy şäherde arassaçylyk işlerini ýokary derejede ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze tehnikalaryň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň gözegçilikde saklanyljakdygyny belläp, olar Arkadag şäherinde alnyp barylýan işlere yzygiderli goldaw berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza döwrebap tehnikalary satyn alyp berendigi üçin Arkadag şäheriniň ýolbaşçy düzümleriniň we ilatynyň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

4
4 16.01.2026
Ak bagta beslenýän ýyllar

 Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty TDP-niň welaýat, Mary şäher komitetleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilelikde guradylar. Maslahata TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda welaýat kitaphanasynyň başlygynyň orunbasary Gülbahar Nazarowa, institutyň mugallymlary Kerwen Berdiliýew, Merdan Nursähedow çykyş etdiler. Çykyş edenler üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy, döwrümiziň ajaýyp ösüşleri, ahalteke bedewleriniň sarpalanyşy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaraly maslahatyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Jumamyrat ATAÝEW.

5
5 16.01.2026
Ýylyň şygary — belent maksatlaryň myrady

 Golaýda Baýramaly etrabynyň merkezi kitaphanasynda ýokardaky at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TMÝG-niň welaýat we Baýramaly etrap geňeşleri, Baýramaly etrap merkezi kitaphanasy bilelikde guradylar. Bu çärä atlary agzalan guramalaryň we merkezi kitaphanaçysynyň işgärleri we okyjylar gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşykda Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Mähri Geldiýewa, TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Azat Muhiýew, şu kitaphananyň kitaphanaçysy Ejegyz Sopyýewa çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler ýaňy başlanan At ýylynyň şygarynyň ýerine düşendigini nygtap, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda öňümizde wajyp wezipeleriň durýandygy, şol wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin has tutanýerli zähmet çekmelidigi barada durup geçdiler. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň durmuşa geçirilmeginde türkmen ýaşlarynyň saldamly goşandynyň bolmalydygy dogrusynda durup geçdiler. Maksat BÄŞIMOW.

4
4 16.01.2026
Şanly ýylyň buýsanjy

2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Annagül Orazsähedowa, etrap bilim bölüminiň müdiri Guwanç Akmyradow, etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Aýbölek Beknepesowa çykyş etdiler. Çykyşlarda 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly üstünlikler bilen jemlenendigi, täze — 2026-njy  ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň mazmuny we wezipeleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bedew at täze menzillere, ösüşiň belentliklerine ymtylyşy alamatlandyrýar. Ol halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň iň naýbaşylarynyň biridir. Bu gün ahalteke atlarymyzyň  gözelligi, ýyndamlygy, şan-şöhraty bilen bütin dünýäde ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler.  Ýazmyrat Annagurbanow.

5
5 16.01.2026
Maslahat geçirildi

Ýakynda Wekilbazar etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, etrap zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, ýaşulular we eneler gatnaşdylar.  Dabaraly maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, etrapdaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Kakageldi Ataýew hem-de Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Begmuhammet Hojaberdiýew çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda bagtyýar türkmen halkymyzyň abadan durmuşy, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we durmuşa ornaşdyrmak boýunça täze ýylda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň ahyrynda parahat durmuşda işlemäge, döretmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.   Ogulşat BERKELIÝEWA.   

5
5 16.01.2026
Ýylymyzyň şygary kalbymyzyň kelamy

      Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynyň Mary etrabynda  hem ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly at myradyň mekany” ýyly mynasybetli ”Ýylymyzyň şygary kalbymyzyň kelamy” aýdym – sazly medeni çärelere giň gerim berilýär. Mary welaýatynyň Mary etrabynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary etrap geňeşiniň,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary etrap komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda hem maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Mary etrabynyň medeniýet öýünde geçirilen bu çärä Medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleriniň ak sakally il ýaşulylaryň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatyň dowamynda Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni, il – halk, döwlet bähbitli rowaç işlerini wasp edip sag bolsunlaryny aýtdylar. Suwhan Kulyýew.

15
15 16.01.2026
Öňe badalga berlen işler

  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän aýdym-sazly dabaraly maslahatlar ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem giň gerimde geçirilýär. Şeýle dabaraly maslahat Baýramaly şäher Medeniýet bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Baýramaly etrap Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda Baýramaly şypahanasynyň medeniýet öýünde “Öňe badalga berlen işler” ady bilen  hasabat maslahat ýygnagy geçirildi.  Bu  maslahata mährem enelerimiz, etrap Zenanlar guramalarynyň işewür  zenanlary, bilim, saglyk we medeniýet ulgamynyň wekilleri  gatnaşdylar. Bu wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan gylyk-häsiýetler, edep-ekramlylyk, zenan wepadarlygy, ahlak gözelligi, ene-mamalarymyzdan miras galan millilik ýoluny dowam etdirmekde alnyp barylýan beýik işler dogrusynda  täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle-de zenanlaryň çeper ellerinden dörän milli işlerini, ýürek buýsanjy siňen keşdeçilik sungatyny has-da kämilleşdirip geljekki nesillere miras goýulmagynda zenanlaryň, mährem eneleriň tutýan uly orny dogrusynda aýratyn nygtap geçdiler. Soňra maslahata gatnaşanlar ör turup bilelikde ýurdumyzda zenan mertebesine, zenanlaryň çekýän zähmetine uly hormat goýan Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly maslahatyň  dowamynda etrabyň  medeniýet-sungat ussatlary, şirin labyzly aýdym-sazlary bilen şowhunly çykyş etdiler. Sahnada çykyş eden estrada aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdymlarynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanmyzyň ösüşleri, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik ynsanperwer syýasatynyň waspy uly joşgun bilen beýan edildi. Sungat ussatlarynyň kalplara ylham beriji, göwün joşduryjy bu çykyşlary eziz halkymyzy bagtyýarlygyň bagt gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyş bolup ýaňlanyp, dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu dabara gatnaşanlar halkymyzy bolelin bagtly durmuşda ýaşadyp, döwlet ähmiýetli işleri durmuşymyza ornaşdyrýan Hormatly Prezidentimize  çäksiz alkyşly sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

11
11 16.01.2026
Ýylyň şygary üstünliklere badalga

     2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip yglan edildi. Şu ýylyň  şanly şygaryna bagyşlanyp Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri hem Mary Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurnamagynda geçirilip,  oňa bu okuw jaýynyň   mugallymlary  we talyp ýaşlary gatnaşdylar. “Ýylyň şygary üstünliklere badalga” ady bilen geçirilen   bu maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny raýatlarymyzyň watançylyk buýsanjyny olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrmak bilen ýylyň bütin dowamynda amala aşyrylýan işler, şol şygaryň mazmuny bilen bir bitewi sazlaşygy emele    getirýär- diýip buýsanç bilen bellediler.  Şeýle-de  halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda hem täsirli gürrüňler edip, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Altynaý Seýitberdiýewa.

17
17 13.01.2026
Täze awtoulaglar welaýatymyza gelip gowuşdy

    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny  düýpli ösdürmek we edara-kärhanalaryň tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen daşary döwletlerden kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Gadam basan täze, 2026-njy – “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň başynda Mary welaýat häkimliginiň Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşigine Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alyp beren  ,,Zoomlion” kysymly awtoulaglarynyň we beýleki tehnikalaryň uly topary gelip gowuşmagy Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlaryna dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen täze tehnologiýaly enjamlary, innowasiýalary ornaşdyryp, şol ulgamlaryň edara – kärhanalarynyň tehniki binýady täzelenýär. Täze tehnikalaryň gelip gowuşmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrmakda amala aşyrýan il – ýurt bähbitli işleriniň aýdyň netijesidir. Täze ýokary basyşly lagym sorujy ulgamlary arassalaýjy, zeý suw sorujy, süpüriji, ýuwujy, zir – zibil gapdalyndan ýükleýji, konteýnerli zir – zibil daşaýan awtoulaglar, ýol ýuwujy – süpüriji kiçi awtoulaglar, ýük göteriji, suw daşaýjy we ýol ýuwujy, gidrogaldyryjy, göteriji enjamly ýol ýuwujy, göçme ussahana awtoulaglar, awtobuslar, ýükleýji ekskowatorlar, öň tarapyndan ýükleýji traktorlar, tekerli ekskowatorlar, aýratyn dakylýan enjamlar Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işgärlerine işleri ýokary derejede guramaklyga ýardam eder. Welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşigine gelip gowşan täze awtoulaglary türkmen halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän üzärlik tütetmek, un sepmek we alaja daňmak ýaly ajaýyp däp-dessurlaryna eýerilip, ýagşy dileg – arzuwlar bilen garşyladylar. Welaýatyň il sylagly ýaşulylary bu täze awtoulaglary sowgat beren Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň rowaç işleriniň üstünliklere beslenmegini beýik biribardan dileg etdiler. Dünýä ölçegleriniň derejesinde öndürilen bu kämil, ýöriteleşdirilen awtoulaglar welaýatyň ilatyna Jemagat hyzmatlaryny ýokary derejede guramaklyga, welaýatyň şäherleriniň, şäherçeleriniň abadançylygyny has-da gowulandyrmaklyga niýetlenilendir. Gelip gowşan täze awtoulaglar ozaldan bar bolan tehnikalaryň üstüni ýetirdi. Şu kuwwatly hem-de ýokary öndürijilikli awtoulaglaryň iň tejribeli sürüjilere berkidilmegi bu gymmatly mehanizmleriň aýawly hem netijeli peýdalanylyp, uzak möhletleýin hyzmat etmegini  üpjün  eder. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir gününi zähmet üstünliklerine besleýän Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylary hem-de Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işgärleri täze taryhy eýýamda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda, edara-kärhanalaryň tehniki binýadyny pugtalandyrmakda  alyp barýan döwlet bähbitli  işleri üçin  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýmyrat Gurbanow.

15
15 13.01.2026
Ajaýyp kitaplaryň aýdyň beýany

 Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen  23-nji orta mekdebinde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplaryny ýaşlara ýetirmek maksady bilen çäre geçirildi. Mekdebiň okuwçylary özleriniň dynç alyş günlerini bisarpa geçirmän mekdebiň baý kitaphanasyna gelip Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplaryny, mundan başga-da özlerini gyzyklandyrýan çeper eserlerdir, mekdep derslerine degişli kitaplary okap öz bilimlerini has-da artdyrýarlar. Mekdep kitaphanasynyň baý hazynasy ýaş nesli terbiýelemekde ýol-ýörelge bolýar. Çeper okaýyş boýunça geçirilen göwünaçma çäresi hem ösüp gelýän ýaş nesliň yzygiderli kitap okap, bu ugurdaky başarnyklaryny baýlaşdyrýandyklaryny hem-de öz bilimlerini artdyrýandyklaryny aýdyň görkezdi. Soňra mekdep okuwçylary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan atalyk kitaplaryny wasp edýän çykyşlaryny, bu ajaýyp kitaplardan sahna oýunlaryny, tanslary ýerine ýetirmekde özleriniň başarnyklaryny açyp görkezdiler. Çäräniň ahrynda döwrebap mekdeplerde okap, bilim almaga, geljekde ata Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmekde döredip berýän şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Dursun Ilbegiýewa.

5
5 16.01.2026
Ýylyň şygary — belent maksatlaryň myrady

 Golaýda Baýramaly etrabynyň merkezi kitaphanasynda ýokardaky at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TMÝG-niň welaýat we Baýramaly etrap geňeşleri, Baýramaly etrap merkezi kitaphanasy bilelikde guradylar. Bu çärä atlary agzalan guramalaryň we merkezi kitaphanaçysynyň işgärleri we okyjylar gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşykda Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Mähri Geldiýewa, TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Azat Muhiýew, şu kitaphananyň kitaphanaçysy Ejegyz Sopyýewa çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler ýaňy başlanan At ýylynyň şygarynyň ýerine düşendigini nygtap, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda öňümizde wajyp wezipeleriň durýandygy, şol wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin has tutanýerli zähmet çekmelidigi barada durup geçdiler. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň durmuşa geçirilmeginde türkmen ýaşlarynyň saldamly goşandynyň bolmalydygy dogrusynda durup geçdiler. Maksat BÄŞIMOW.

4
4 16.01.2026
Şanly ýylyň buýsanjy

2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Annagül Orazsähedowa, etrap bilim bölüminiň müdiri Guwanç Akmyradow, etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Aýbölek Beknepesowa çykyş etdiler. Çykyşlarda 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly üstünlikler bilen jemlenendigi, täze — 2026-njy  ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň mazmuny we wezipeleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bedew at täze menzillere, ösüşiň belentliklerine ymtylyşy alamatlandyrýar. Ol halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň iň naýbaşylarynyň biridir. Bu gün ahalteke atlarymyzyň  gözelligi, ýyndamlygy, şan-şöhraty bilen bütin dünýäde ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler.  Ýazmyrat Annagurbanow.

5
5 16.01.2026
Maslahat geçirildi

Ýakynda Wekilbazar etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, etrap zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, ýaşulular we eneler gatnaşdylar.  Dabaraly maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, etrapdaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Kakageldi Ataýew hem-de Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Begmuhammet Hojaberdiýew çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda bagtyýar türkmen halkymyzyň abadan durmuşy, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we durmuşa ornaşdyrmak boýunça täze ýylda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň ahyrynda parahat durmuşda işlemäge, döretmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.   Ogulşat BERKELIÝEWA.   

5
5 16.01.2026
Ýylymyzyň şygary kalbymyzyň kelamy

      Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynyň Mary etrabynda  hem ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly at myradyň mekany” ýyly mynasybetli ”Ýylymyzyň şygary kalbymyzyň kelamy” aýdym – sazly medeni çärelere giň gerim berilýär. Mary welaýatynyň Mary etrabynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary etrap geňeşiniň,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary etrap komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda hem maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Mary etrabynyň medeniýet öýünde geçirilen bu çärä Medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleriniň ak sakally il ýaşulylaryň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatyň dowamynda Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni, il – halk, döwlet bähbitli rowaç işlerini wasp edip sag bolsunlaryny aýtdylar. Suwhan Kulyýew.

15
15 16.01.2026
Öňe badalga berlen işler

  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän aýdym-sazly dabaraly maslahatlar ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem giň gerimde geçirilýär. Şeýle dabaraly maslahat Baýramaly şäher Medeniýet bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Baýramaly etrap Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda Baýramaly şypahanasynyň medeniýet öýünde “Öňe badalga berlen işler” ady bilen  hasabat maslahat ýygnagy geçirildi.  Bu  maslahata mährem enelerimiz, etrap Zenanlar guramalarynyň işewür  zenanlary, bilim, saglyk we medeniýet ulgamynyň wekilleri  gatnaşdylar. Bu wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan gylyk-häsiýetler, edep-ekramlylyk, zenan wepadarlygy, ahlak gözelligi, ene-mamalarymyzdan miras galan millilik ýoluny dowam etdirmekde alnyp barylýan beýik işler dogrusynda  täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle-de zenanlaryň çeper ellerinden dörän milli işlerini, ýürek buýsanjy siňen keşdeçilik sungatyny has-da kämilleşdirip geljekki nesillere miras goýulmagynda zenanlaryň, mährem eneleriň tutýan uly orny dogrusynda aýratyn nygtap geçdiler. Soňra maslahata gatnaşanlar ör turup bilelikde ýurdumyzda zenan mertebesine, zenanlaryň çekýän zähmetine uly hormat goýan Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly maslahatyň  dowamynda etrabyň  medeniýet-sungat ussatlary, şirin labyzly aýdym-sazlary bilen şowhunly çykyş etdiler. Sahnada çykyş eden estrada aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdymlarynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanmyzyň ösüşleri, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik ynsanperwer syýasatynyň waspy uly joşgun bilen beýan edildi. Sungat ussatlarynyň kalplara ylham beriji, göwün joşduryjy bu çykyşlary eziz halkymyzy bagtyýarlygyň bagt gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyş bolup ýaňlanyp, dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bu dabara gatnaşanlar halkymyzy bolelin bagtly durmuşda ýaşadyp, döwlet ähmiýetli işleri durmuşymyza ornaşdyrýan Hormatly Prezidentimize  çäksiz alkyşly sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

11
11 16.01.2026
Ýylyň şygary üstünliklere badalga

     2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip yglan edildi. Şu ýylyň  şanly şygaryna bagyşlanyp Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri hem Mary Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurnamagynda geçirilip,  oňa bu okuw jaýynyň   mugallymlary  we talyp ýaşlary gatnaşdylar. “Ýylyň şygary üstünliklere badalga” ady bilen geçirilen   bu maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny raýatlarymyzyň watançylyk buýsanjyny olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrmak bilen ýylyň bütin dowamynda amala aşyrylýan işler, şol şygaryň mazmuny bilen bir bitewi sazlaşygy emele    getirýär- diýip buýsanç bilen bellediler.  Şeýle-de  halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda hem täsirli gürrüňler edip, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Altynaý Seýitberdiýewa.

38
38 13.01.2026
Ajaýyp ýylymyza bagyşlanyldy

  Ýurdumyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrülişi ýaly, täze başlan 2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabaraly maslahatlaryň biri hem  Wekilbazar etrap medeniýet öýünde Wekilbazar etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň, Wekilbazar etrap zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Ýylyň şanly şygaryna bagyşlanyp geçirilen bu aýdym-sazly dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, etrabyň saglyk, medeniýet we bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ýylyň şanly şygarynyň we nyşanynyň ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onuň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahatyň dowamy aýdym-sazlara utgaşyp, onda ýylyň şanly şygaryna bagyşlanan, asuda, abadan Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň röwşen gelejegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.

44
44 13.01.2026
Dabaraly maslahatda

     Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça asylly däbi dowam etdirmek bilen bu ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, maslahat-duşuşyklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaraly maslahatlaryň biri hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda “Ösüşlere beslenýän bedew batly at-myratly Watanym” ady bilen geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda her gelýän ajaýyp ýyllary döwrebap atlandyrmak däbine eýerip 2026-njy ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmuny dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi. Soňra Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň estrada aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdym-sazlaryny, çykyşlaryny diňlän dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

17
17 13.01.2026
Bedew batly ösüşler – güller açýan Diýarda

      2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirlen wagyz-nesihat çäresi işjeň häsiýete eýe boldy. Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we ýaşlar guramasynyň geçiren bu wagyz-nesihat çäresi “ Bedew batly ösüşler – güller açýan Diýarda” diýlip atlandyryldy. Wagyz-nesihat çäresindäki çykyşlarda 2026-njy ýylyň  “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda uly many-mazmun bar. Bu ýyl bedew batly öňe barýan ýurdumyzda päk arzuwlar bilen uly üstünlikleriň amala aşýan ýyly bolar. Belent şygar astynda öňe barýan döwletimiziň hususy ulgamynda we beýleki ähli pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, belent maksatly işleri rowaçlyklara beslenip, uly ösüşlere eýe bolunar diýlip buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle hem wagyz-nesihat çäresinde halkymyzy nurana geljege, ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere tarap batly gadamlar bilen alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.                                                Çarymuhammet Saparow.

1188
1188 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

968
968 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1233
1233 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1112
1112 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1117
1117 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1218
1218 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

923
923 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1109
1109 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.