Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatynda hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp dürli wagyz-nesihat çärelerine giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň gurnamagynda “Mary” myhmanhanasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara forum boýunça tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige dürli kärde zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdy. Söhbetdeşlikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şanly wakasy bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi Hormatly Prezidentimiziň dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde we parahatçylygy pugtalandyrmakda alyp barýan işleriniň dünýäde dabaralanýandygynyň subutnamasy bolup durýanlygy dogrusynda bellenildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar parahat ýurdumyzda goňşy halklar bilen dost-doganlyk gatnaşygyny has-da pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar.
Dursun ILBEGIÝEWA.