Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Wekilbazar etrap komitetleriniň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda Gahryman, lukman Arkadagymyzyň ”Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 17-nji jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabaraly duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatnyň agzalary we Demokratik partiýanyň Mary welaýat, Mary şäher, Wekilbazar etrap komitetleriniň, welaýat kitaphanasynyň işgärleri hem-de Mary welaýat Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Täze kitap bilen tanyşdyryş dabarasyndaky çykyşlarda Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden peýdalanylyşy we ynsan saglygyna gerekli bolan dürli ösümliklerden alynýan melhemler dogrusynda gyzykly maglumatlar ýerleşdirilen. Täze kitap bilen tanyşdyryş dabarasyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren täze kitabyny okap özlerine gerek bolan dürli maglumatlardan peýdalanýarlar we özlerine iň ýakyn gollanma höküminde ulanýarlar diýlip, tanyşdyryş dabarasynda nygtaldy. Ynsan saglygyna uly gollanma bolan ajaýyp kitaplary halkymyza sowgat berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş sözleri beýan edildi
Nurjahan Mämmedowa.








